Muhammet we Abdylla – Çaganyň irki ösüşi boýunça merkezlerinde gazanylan üstünlikleriň taryhy
Türkmenistandaky Çaganyň irki ösüşi boýunça merkezler maýyplygy bolan çagalara geljek üçin umyt berýär

Bu 7 ýaşly Aýmuhammet, ol Türkmenistandan. Doglan wagty onda beýni ysmazy ýüze çykaryldy. Biz onuň bilen Aşgabat şäherindäki Çaganyň irki ösüşi boýunça merkezde duşduk. Beýleki 2000 çaga bilen birlikde, Aýmuhammet 2015-nji ýylda açylanyndan bäri merkeziň hyzmatlaryndan peýdalanýar. ÝUNISEF-iň goldaw bermegi bilen açylan merkezde ösüş nogsanlyklary bolan çagalar üçin toplumlaýyn hyzmatlar ýerine ýetirilýär.
Aýmuhammat oturyp hem-de emedekläp bilmeýärdi. Biz zerur tehniki serişdeleri aldyk we Aýmuhammet üçin ýörite meýilnama taýýarladyk. Şeýle-de massaž boýunça hünärmenler onuň bilen işledi. Biziň zähmetimiz bilen, ol diwara söýenip dik durmagy öwrendi. Bu gün biziň gazanan üstünligimiz Aýmuhammediň adaty mekdebe gatnaýanlygydyr. Biziň arzuwymyz onuň ýöräp başlamagydy, ýöne meniň üçin iň esasy zat onuň jemgyýete goşulmagyny görmekdi.
Merkeziň hyzmatlarynyň kömegi bilen Aýmuhammet indi adaty mekdebe gatnaýar. Ol bilim almagy gowy görýär. Mugallymlar onuň mekdep çärelerine gatnaşygyndan kanagatlanýar.
Aýmuhammet öz deň-duşlary we maşgalasy bilen täze günüň gyzykly başdan geçirmelerine sabyrsyzlyk bilen garaşyp, höwes bilen örän ir turýar. Ol okuwdan soň, Çaganyň irki ösüşi boýunça merkezine gelýär. Bu ýerde taýýarlyk geçen hünärmenler ýörite meýilnama boýunça onuň bilen işleýär.
“Ene-atasynyň Aýmuhammede berýän goldawy we söýgüsi onuň üstünliginiň ýarysy. Biziň hyzmatlarymyz ösüş nogsanlyklary bolan çagalaryň ählisi üçin elýeterli. Merkeziň açylany bäri, biz hyzmatlarymyzyň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda elýeterli bolmagy ugrunda tagallalar edýäris. Biz merkezimize gelen her bir çaganyň ýagdaýyna baha berip, onuň üçin aýratyn meýilnama işläp taýýarlaýarys. Çaganyň ösüşi kadalaşanda ýa-da ösüş nogsanlyklary azalanda, çagalary mekdebe taýýarlaýan bilim ulgamyndaky kärdeşlerimiz bilen işleşip başlaýarys”. Sülgün Berdiýewa, Çaganyň irki ösüşi we irki goşulyşma merkeziniň müdiri
Biz Abdyllany görmek üçin Türkmenabat şäherine gidýäris. Ol hem merkeze gatnady. Merkez 2012-nji ýylyň başynda adaty çagalar bagynyň çäginde açyldy. Hünärmenler ösüş nogsanlyklary bolan çaganyň we onuň maşgalasynyň güýçli taraplaryna we zerurlyklaryna esaslanyp, ýörite meýilnama düzýärler. Bu meýilnama çagany umumy bilim berýän mekdebe taýýarlaýar.
Beýni ysmazy diagnozy goýlan Abdylla birnäçe ýyllap merkeze gatnady. Ol hepdede 3 gezek logoped, fizioterapewt, psiholog lukmanlaryň we pedagoglaryň berýän seanslaryna gatnady. Şeýle-de onuň maşgalasy hünärmenler bilen bilelikde işleşip, öýde onuň üstünde işlediler. Sanaýmaly seansdan soň, Abdylla daş-töweregine jogap berip, gepleşip, predmetleri eline alyp we berilýän soraglara jogap berip başlady. Indi Abdylla özbaşdak, aýdym-saz diňlemegi we maşgalasynyň üns merkezinde bolmagy gowy görýän bagtly we gujurly çaga. Ol çagalar bagyna gatnaýar, ol ýerde ähli çagalar üçin niýetlenen meýilnama boýunça sapaga gatnaşýar, deň-duşlary bilen oýnaýar we öz isleg-arzuwlaryny beýan edip bilýär.
“Biz merkeze gelemizde, Abdylla 2 ýaş 2 aýlykdy. Ol hiç zada ukypsyzdy, diňe arkan ýatyp bilýärdi. Biz merkeze gatnap başladyk. Merkeze gatnaýan beýleki çagalaryň peýda tapýandygyna göz ýetirdik. Oglum beýleki çagalaryň hereketlerine öýkünip başlady, ýuwaş-ýuwaş olar bilen gepleşip başlady. Netijede, ol ses etmäge we gowy iýmitlenmäge başlady. Ol indi gowy ýöreýär. Pedagoglaryň, logopedleriň we psihologlaryň ýardamy bilen oglumyň gazanan üstünliklerine begenjim çäksiz”. Leýla, Abdyllanyň ejesi
Bu merkezler çagalaryň geljegine uly täsir edýändigi sebäpli, eýýäm ene-atalaryň, çaganyň irki ösüşi boýunça hünärmenleriň we Hökümet işgärleriniň arasynda meşhurlyga eýe boldy. Ösüş pediatriýasy we irki goşulyşma ulgamyny ornaşdyrmagyň Konsepsiýasy, şeýle-de Çaganyň irki ösüşi boýunça maksatnama ýurtda bu hyzmatlaryň üstünlikli ornaşdyrylmagyna goldaw berýär.
“Aýmuhammet bilen Abdyllanyň üstünligi irki ösüş boýunça hyzmatlar zerur bolan ähli çagalar üçin we olaryň maşgalalarynda umyt döredýär. Biz häzirki wagtda, toplan tejribämize we öwrenenlerimize esaslanyp, her bir çaganyň bagtyýar ýaşamagy, mekdebe gatnap, jemgyýetiň gymmatly agzasy bolup ýetişmegi üçin, bu hyzmatlaryň Türkmenistanyň ähli ýerinde elýeterli bolmagy ugrunda ýurduň Hökümeti bilen gepleşikleri geçirýäris”. Siraj Mahmudlu, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary