Her ýyl täze doglan çagalaryň 19 milliona golaýy ýod ýetmezçiligi sebäpli kelle beýnisine zeper ýetmek howpuna sezewar bolýar
ÝUNISEF-iň we Sagdyn iýmitleniş boýunça bütindünýä bileleşiginiň (GAIN) şu gün çap eden bilelikdäki hasabatyna laýyklykda, dünýä boýunça doglan çagalaryň 19 milliona golaýy ýa-da 14 göterimi ömrüniň ilkinji ýyllarynda ýod ýetmezçiligi sebäpli kelle beýnisine zeper ýetmek we akyl ýetiriş ukyplarynyň peselmek ähtimallygyna sezewar bolup biler. Bu howp yzygiderli abanýan hem bolsa, onuň öňüni almak mümkin. Bu çagalaryň dörtden birinden hem köprägi ýa-da 4.3 milliona golaýy Günorta Aziýada ýaşaýar.
Ýagty geljek: Duzy ýodlaşdyrmak arkaly beýniniň irki ösüşini goramak hasabatynda bütin dünýäde öňüni alyp bolýan kelle beýnisine ýetýän zeperiň esasy sebäpkäriniň ýod ýetmezçiligidigi bellenilýär. Göwrelilik we bäbeklik döwründäki ýod ýetmezçiligi newrologiki we psihologiki ýetmezçilige eltýär we çaganyň akyl ýetiriş derejesini (IQ) 8-10 bal pese düşürýär. Bu tutuş milletleriň akyl ýetiriş kapitalynda iri ýitgilere sebäp bolýar we olaryň durmuş-ykdysady ösüşine zelel ýetirýär.
ÝUNISEF-iň Iýmitleniş boýunça baş maslahatçysy Roland Kupka: “Çaganyň irki ýyllarynda ýokumly maddalar bilen iýmitlendirilmegi onuň tutuş ömrüniň dowamynda beýnisiniň ösüşine täsir edýär we onuň geljekde ösmegi üçin mümkinçilik döredip ýa-da bu mümkinçiligi ýok edip bilýär” diýdi.
“Çaganyň irki ösüşini goramak we goldamak bilen, biz çagalaryň tutuş ömri üçin uly netijeleri gazanyp bileris”.
Duzuň ýodlaşdyrylmagy ykdysady taýdan amatly we netijeli. Muňa ýylda bary-ýogy çaga başyna 0.02-0.05 ABŞ dollary sarp edilýär. Hasaplamalara görä, duzy ýodlaşdyrmaga sarp edilen her bir ABŞ dollary geljekde ösen akyl ýetiriş başarnyklary bolan nesliň hasabyna 30 dollar bolup gaýdyp gelýär.
Dünýä boýunça howp abanýan çagalaryň köp bölegi Günorta Aziýada ýaşaýandygyna garamazdan, sebitde ilatyň ýodlaşdyrylan duz bilen gurşalyp alnyşy ikinji orunda bolup, onuň derejesi 87%-e deňdir. Gündogar Aziýa we Ýuwaş umman sebitinde bu görkeziji 91%-e deňdir. Bu görkezijiniň iň pes derejesi Gündogar we Günorta Afrikada hasaba alnyp, bu ýerde ilatyň 25%-ine ýodlaşdyrylan duz elýeterli däl. Munuň netijesinde, ýylda 3.9 milliondan gowrak çaga ýod ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykýan kesellerden goragsyz galýar.
GAIN-iň Azyk syýasaty boýunça müdiri Greg S. Garrett: “Ýod çagalaryň ösüşi üçin örän wajyp” diýip belledi.
“Hökümetleriň, senagatyň, raýat jemgyýetiniň, ÝUNISEF-iň, GAIN-iň we beýlekileriň bilelikdäki tagallalarynyň saýasynda, biz ähli çagalar üçin ýoduň durnukly elýeterliligini üpjün etmegiň bäri ýanynda. Ýöne ýod ýetmezçiligini doly aradan aýyrmak üçin amala aşyrylmaly işler köp. Barmasy kyn ýerlerde duzuň ýodlaşdyrylmagyny mundan beýläk artdyrmak boýunça tagallalarymyza beýleki taraplar hem goşular diýip umyt edýäris”.
Çaganyň enesiniň göwresindäki ilkinji gününden 2 ýaşa çenli döwrüni öz içine alýan irki ýyllary çaganyň ösüşi üçin örän möhümdir. Oýun we irki bilim ýaly ösüşe iterýän beýleki faktorlar bilen bir hatarda, iýmitleniş çaga ömrüniň ilkinji 1000 gününde durmuş ähmiýetli beýni ösüşini üpjün edýär.
Hasabatda ösüp gelýän çaga beýnisiniň ruhy bozulmalaryny azaltmak boýunça gaýragoýulmasyz çäreler beýan edilýär:
- Çagalaryň irki ýyllarda sagdyn iýmitlenişi we beýnisiniň ösüşi boýunça milli meýilnamalara duzuň ýodlaşdyrylmagyny girizmek;
- Ýodlaşdyrmak boýunça we duzy azaltmak maksatnamalaryny utgaşdyrmak;
- Ýodlaşdyrylan duz bilen gurşalyp alynmadyk ilaty ýüze çykarmak üçin barlag ulgamlaryny esaslandyrmak;
- Duzy ýodlaşdyrmak boýunça hereket edýän kanunçylygyň berjaý edilmegini gazanmak üçin düzgünleşdiriş ulgamlaryny berkitmek;
- Ýokumlar bilen baýlaşdyrylan azyk önümleriň artýan ähmiýetini duzy ýodlaşdyrylmak mümkinçilikleriniň çeşmesi hökmünde kabul etmek.
Soňky 10 ýylyň dowamynda ÝUNISEF we GAIN ýod ýetmezçiliginden ýüze çykýan keselleriň meseleleriniň üstünde işleýär. Ýewropa we Merkezi Aziýada duz senagaty ýodlaşdyrmagy önümçiligiň esasy ugurlarynyň birine öwürdi.
1996-njy ýyldan bäri ýod ýetmezçiligini aradan aýyrmakda edýän tagallalaryny goldamak üçin, ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklap gelýär. 2004-nji ýylda ýurt sebitde ilkinji bolup duzuň umumy ýodlaşdyrylmagyny halkara ölçegleriniň derejesine çykardy. Soňky geçirilen Köp görkezijiler boýunça klasterleýin barlagda bellenilişi ýaly, Türkmenistan ilatyň ýodlaşdyrylan duz bilen gurşalyp alynmagynyň 97 göterime deň bolan ýokary görkezijisini saklap gelýär.
Duzy ýodlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň milli gözegçilik we netijeliligine baha beriş ulgamyny berkitmek üçin, ÝUNISEF Bütindünýä ýod tory bilen bilelikde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty bilen hyzmatdaşlyk saklaýar.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.
ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.