ÝUNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin müdiri Türkmenistana ilkinji sapary bilen geldi
ÝUNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin müdiri we Ýewropada Bosgunlaryň we migrantlaryň meseleleri boýunça ýörite utgaşdyryjysy hanym Afşan Han Türkmenistana bolan ilkinji resmi saparyny amala aşyrdy. Ol hepdäniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri Raşid Meredow, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň bilim we saglygy goraýyş ulgamyna jogap berýän orunbasary Pürli Agamyradow we Ministrler Kabinetiniň başlygynyň ykdysadyýet we durmuş üpjünçiligi pudagyna jogap berýän orunbasary Goçmyrat Myradow bilen duşuşyp, ÝUNISEF-iň Türkmenistanyň wekiliýeti bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistandaky çagalar üçin ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşdy.
Hanym Han Parlamentiň spikeri Gülşat Mämmedowa we Adalatçynyň diwanynyň başlygy Ýazdursun Gurbannazarowa bilen duşuşdy. Hanym Afşan netijeli hyzmatdaşlyk we çaganyň hukuklary bilen bagly meselelere döwlet syýasatynyň we maksatnamalarynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garalýandygy üçin olara minnetdarlyk bildirdi. 4 gün dowam eden iş saparynyň dowamynda ol Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow we Bilim ministri Mämmetmyrat Geldinyýazow bilen duşuşdy. Duşuşykda hanym Han Çaganyň irki ösüşine (ÇIÖ) toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny aýratyn belledi we ÇIÖ boýunça pudagara hyzmatdaşlygy alyp barýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hanym Han Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde ÝUNISEF-iň goldaw berýän Çaganyň irki ösüş merkezine baryp gördi we merkeziň hyzmatlaryndan peýdalanýan maşgalalar we ösüş nogsanlyklary bolan çagalara kömek berýän hünärmenler bilen gürrüňdeş boldy.
ÝUNISEF bilen ýurduň Hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk Türkmenistanda çagalar we eneler üçin immunizasiýa, ene süýdi iýmitlendirmek we DÖM-ny milli derejede girizmek ýaly ugurlarda möhüm netijeleri berdi. Öz iş saparyny jemlemek bilen hanym Afşan Han: “Çagalaryň abadan ýaşamagy üçin maýa goýum goýýandygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine öz minnetdarlygymy bildirýärin we oňyn başlangyçlary we üstünlikli maksatnamalary milli derejede ýaýbaňlandyrmaga çagyrýaryn. Ähli çagalar üçin bähbitli netijeleri gazanmak biziň Türkmenistanyň Hökümeti bilen alyp barýan hyzmatdaşlygymyzyň özenini düzýär” diýdi.
ÝUNISEF-iň sebitleýin müdiri BMG-nyň ýurtdaky edarasynyň işgärleri we beýleki halkara guramalaryň wekilleri we diplomatik korpusyň ýokary wezipeli ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.
ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.