ÝUNISEF, Türkmenistanyň hökümeti we çagalar Çagalary goramagyň halkara gününi bellediler

ÝUNISEF we Türkmenistanyň hökümeti hem-de dürli çäreleriň üsti bilen Çagalary goramagyň halkara günini bilelikde belläp geçdiler.

Şasenem Sopyýewa, Sanly aragatnaşyk boýunça konsultant
UNICEF, Government and children of Turkmenistan celebrate Children’s Day
UNICEF Turkmenistan
01 Iýun 2023
Ashgabat, June 1, 2023 – Today, UNICEF together with the Government and children of Turkmenistan marked the International Day for Protection of Children through various events aimed at celebrating children and promoting their rights.  On 1 of June, UNICEF in partnership with the “Turkmenaragatnashyk” agency launched the postal stamps dedicated to the 30th anniversary of Turkmenistan's ratification of the Convention on the Rights of the Child. These commemorative stamps represented a milestone in expressing
UNICEF Turkmenistan

2023-nji ýylyň 1-nji iýuny, Aşgabat – Şu gün, ÝUNISEF we Türkmenistanyň hökümeti hem-de çagalar çagalary dabaraly gutlamaga we olaryň hukuklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen dürli çäreler arkaly Çagalary goramagyň halkara günini bilelikde belläp geçdiler.

1-nji iýunda ÝUNISEF “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen hyzmatdaşlykda “Çaganyň hukuklary hakynda” konwensiýanyň Türkmenistan tarapyndan tassyklanmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý poçta markalaryny çykardylar. Bu ýadygärlik markalar ýurduň her bir çaganyň hukuklaryny goramaga we goldamaga ygrarlylygyny beýan etmekde wajyp waka boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy (ÝUNISEF) Bilim ministrligi bilen birlikde BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda çagalar üçin ýörite çäre geçirdiler. Bu çäräniň dowamynda mekdep okuwçylary interaktiw oýunlaryň we gyzykly ýumuşlaryň üsti bilen öz hukuklary we ýagty geljegiň gurulmagynda özleriniň nähili wajyp orun tutýandyklary barada maglumat aldylar. Çäräniň çäklerinde oňa gatnaşyjylar geljegiň çagalaryna ýürek buýsançlaryny beýan edýän hatlary ýazmaga mümkinçilik aldylar we şol hatlarda çagalar özleriniň garaýyşlaryny we arzuwlaryny beýan etdiler. Ol hatlar ýelimlenip, çarçuwalaryň içinde ýerleşdirildi we 2033-nji ýylda geljegiň çagalarynyň açmagy üçin olar ÝUNISEF-iň edara binasynyň görnükli ýerinde goýuldy. Bu özboluşly hereket geljekki nesillere her bir çaganyň hukuklarynyň hormatlanýan, goralýan we üpjün edilýän dünýäsini guramaga bolan üýtgewsiz ygrarlylyk hakynda ýatlatmaga gönüdirildi. Çärä Bilim ministrliginiň wekilleri, 60-dan gowrak mekdep okuwçylary, DÖM-iň ýaş ilçileri we ýerli mediýa wekilleri gatnaşdylar.

UNICEF, Government and children of Turkmenistan celebrate Children’s Day
UNICEF Turkmenistan

“Çagalary goramagyň halkara gününi baýram edip bellemek Türkmenistana çagalaryň abadançylygyna we olaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine ygrarlylygyny tassyklamaga mümkinçilik beren wajyp pursada öwrüldi. Ähli hyzmatdaşlarymyzy, şol sanda, hökümetiň wekillerini, bilim edaralaryny we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini çekmek bilen, ÝUNISEF çagalary goramaga köpçülikleýin ygrarlylygy pugtalandyrmaga we oňyn üýtgeşmelere gönükdirilen hereketlere ruhlandyrmaga ymtyldy” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynyň wekili Mohammad Faýýazi aýtdy.

Çagalary goramagyň halkara gününi bellemegiň çäklerinde ÝUNISEF Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen her ýyl bu ajaýyp baýramçylyga bagyşlanyp geçirilýän maslahata hem gatnaşdy. Çäre Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde geçdi we oňa saglygy goraýyş hünärmenleri, şol sanda, Aşgabatdan we ýurduň welaýatlaryndan baş çaga lukmanlary we akuşer-ginikologlar gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň, çaganyň irki ösüşiniň, immunlaşdyrmagyň we beýleki ugurlaryň iň wajyp meseleleri babatda hyzmatdaşlygyň indiki ädimlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

As part of the celebrations, UNICEF also joined the Ministry of Health and Medical Industry during an annual conference dedicated to this remarkable holiday. The event was held at the Scientific-Clinical Research Center of Mother and Child Health and gathered health specialists, including Chief Pediatricians and Obstetricians/Gynecologists from Ashgabat and velayats. The participants discussed the critical aspects and future steps of collaboration in breastfeeding, early childhood development, immunization,
UNICEF Turkmenistan