Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň çagalar üçin taýýarlanan görnüşi
Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň çagalar üçin taýýarlanan görnüşi ÇHK-nyň 30 ýyllyk sanly senesi mynasybetli çap edildi.
Esasy wakalar
Birleşen milletler guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasy çagalaryň hukuklaryny goramaga wada beren ýurtlar bilen baglaşylan ähmiýetli ylalaşykdyr. Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýada çagalaryň kimdigi, olaryň hukuklary we ýurtlaryň hökümetiniň jogapkärçilikleri beýan edýär. Konwensiýadaky hukuklar biri-biri bilen baglanyşykly bolup, deň derejede ähmiýetli we çagalar olardan mahrum edilip bilinmez.