Merkezi Aziýanyň saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri we halkara bilermenler COVID-19 dowam edýän döwründe çagalaryň hem-de ýetginjekleriň saglygy bilen baglanşykly meseleleri ara alyp maslahatýarlar.

05 Oktýabr 2020
Turkmenistan UNICEF WHO conference
UNICEF Turkmenistan

Aşgabat, 2020-nji ýylyň 20-nji awgusty -Türkmenistanyň hökümeti Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) sebit hem-de ýurt boýunça edaralarynyň goldaw bermeginde COVID-19 döwründe çagalaryň we ýetginjekleriň saglyk ýagdaýyna bagyşlanan web-maslahaty geçirdi. Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şeýle hem Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Beýik Britaniýanyň saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatyň maksady Merkezi Aziýada COVID-19 ýokanjy döwründe tejribe alyşmakdan we çagalara dogry lukmançylyk hyzmatlaryny bermegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Merkezi Aziýanyň saglyk ulgamlary bu ýokanç sebäpli barha artýan zerurlyk bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Häzirki ýagdaý bu ýokanjyň çagalara köp geçmeýänligini görkezse-de, olar COVID-19 gyýtaklaýyn täsirine, şol sanda, saglygy goraýyş edaralaryna has seýrek barma, maşgalada maliýe serişdeleriniň ýetmezçiligi sebäpli ýeterlik derejede iýmitlenmezlik we COVID-19 ýokanjy bilen kesellän eneleriň çagalary göwüs süýdi bilen iýmitlendirmeginiň howpy sebäpli eneleriň we bäbekleriň zerurlyksyz aýry saklanmagy ýaly ýagdaýlara sezewar bolmagy mümkin. Mekdepleriň  ýapylmagy, gaýragoýulmasyz hyzmatlary almagy gijikdirýän eneleriň, täze doglan bäbekleriň we çagalaryň käbir saglygyny goraýyş hyzmatlaryň togtadylmagy, çagalar edaralarynyň ýapylmagy we jemgyýetçilik gatnaşyklaryň çäklendirilmegi Merkezi Aziýanyň köp ýurtlarynda keseliň ýaýramgynyň öňüni almak boýunça görülen ilkinji çäreler boldy. Käbir ýurtlar doly izolirlenmäni güýje girizdi.

ÝUNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory Afşan Han “COVID-19 ýaramaz täsirleri Merkezi Aziýanyň ýurtlaryny hem aýap durmady”. “Sebitiň dürli ýerlerinde bolşy ýaly, bu ýokanç bize adamlary goramakda we halas etmekde garşylyk görkezýär” diýip, ol maslahatyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda aýtdy. “ÝUNISEF Şahsy Gorag Enjamlary, kislorod konsentratorlary we kesel bilen gös-göni iş salyşýan saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine okuw geçmek ýaly iň zerur zatlary üpjün etmek üçin sebitiň hökümetleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegini dowam edýär. Biz şeýle-de iň esasy saglyk we iýmit hyzmatlarynyň gaýtadan işe girizilmegini we bu keselden adamlaryň özlerini we maşgalalaryny goramaklary üçin maglumatlaryň we bilimiň elýetler bolmagyny üpjün etjek ýollaryny döretmegi goldaýarys”.

Hanym Han maslahaty Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Ç.Agamyradow, BSGG-niň Çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça maksatnamasynyň sebitleýin menejeri Martin Weber bilen birlikde açdy.

Maslahatyň dowamynda çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak ulgamynyň hünärmenleri COVID-19 döwründe çagalara dogry lukmançylyk kömegini bermegiň global, sebit hem-de ýurt boýunça toplanan tejribeleri dogrusynda pikir alyşdylar. Olar hususan-da, täze koronawirus ýokançly çagalaryň, şol sanda dowamly keselleri bolan çagalaryň epidemiologiýasyna we kliniki taýdan ugrukdyrylyşyna, esasy hyzmatlary bermegiň üznüksizligine, çagalar we ýetginjekler üçin izolýasiýanyň netijelerine, pandemiýadan soňra kadaly lukmançylyga geçilişine we mekdeplerde hem-de lukmançylyk edaralarynda iýmitlenmek bilen bagly bolan meseleleriň çözülmegine aýratyn üns berdiler.        

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.