Dünýä çagalarynyň ýagdaýy (2019 ý.)

Çagalar, iýmit we iýmitleniş: Özgerýän dünýäde kadaly ösüş

Esasy wakalar

20 ýylyň içinde ilkinji gezek ÝUNISEF-iň esasy hasabatynda çagalar, azyk önümler we iýmitleniş meseleleri gozgalýar. Bu tiz özgerýän meselä başga tarapdan seretmäge ýardam berýär. 2019-njy ýyl boýunça Dünýä çagalarynyň ýagdaýynyň hasabatynyň bu sany çagalar, azyk önümleri we iýmitleniş bilen bagly meseleleri gozgaýar we tiz özgerýän meselelere täzeçe seretmäge ýardam berýär. Geçen 20 ýyllygyň dowamynda gazanylan üstünliklere garamazdan, 5 ýaşdan kiçi çagalaryň üçden bir bölegi ýaramaz iýmitlenýär. Olar pes boýlulykdan, aşa horlukdan ýa-da aşa semizlikden ejir çekýär. Çagalaryň üçden iki bölegine bolsa pes hilli iýmit zerarly ýüze çykýan ýaramaz iýmitleniş we alamatsyz açlyk howpy abanýar. Bu meseläniň düýp özeni çagalaryň kadaly ösmegi üçin zerur azyk önümleri bilen üpjün edip bilmeýän azyk ulgamydyr. Bu hasabatda 21-nji asyrda ýaramaz iýmitlenmek boýunça täze maglumatlar we onuň seljermesi, şeýle-de çagalaryň hukuklaryny azyk ulgamlarynyň üns merkezine öwürmek boýunça maslahatlar beýan edilýär.

State of the World Children 2019 cover image
Awtor
ÝUNISEF
Çap edilen senesi
Diller
Iňlis dili

Hasabaty indiriň

(PDF, 13,75 MB) (PDF, 3,10 MB)