ÝUNISEF: – 2040-njy ýyla çenli 600 milliona golaý çaga suw serişdeleri örän çäkli sebitlerde ýaşar
ÝUNISEF-iň Dünýä suw gününde çykaran hasabatyna laýyklykda, 2040-njy ýyla çenli 600 milliona golaý çaga ýa-da dünýädäki her 4 çaganyň 1-i suw serişdeleri örän çäkli sebitlerde ýaşar.
“Geljege bolan teşnelik: üýtgeýän howa şertlerinde suw we çagalar” atly hasabatda zyýansyz suw serişdeleriniň çeşmeleriniň azalmagy sebäpli çagalaryň abadançylygyna we durmuşyna abanýan howp we ýakyn ýyllarda howanyň üýtgemeginiň bu howplary artdyrmagynyň ýollary seljerilýär.
“Suwuň bolmagy örän wajyp, suwsuz hiç zat ösmeýär. Muňa garamazdan, dünýä boýunça millionlarça çaga zyýansyz suw elýeterli däl. Bu olaryň janyna howp salýar, saglygyna zelel ýetirýär we geljegini howp astyna salýar. Bilelikde muňa garşy durmasak, bu howp has-da artar” diýip, ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji direktory Entoni Leýk aýtdy.
Hasabata laýyklykda, häzirki wagtda dünýäniň 36 ýurdunda suwuň adatdan daşary ýetmezçiligi bilen ýüzleşilýär. Bu ýagdaý suwa bolan islegiň gaýtadan dikeldilýän serişdeleriň üpjünçiliginden örän ýokary bolan halatynda ýüze çykýar. Howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy, deňiz suwunyň derejesiniň ýokarlanmagy, suw joşgunlarynyň, gurakçylyklaryň we buzlaryň eremeginiň ýygylaşmagy suwuň hiline we elýeterliligine, şeýle-de arassaçylyk ulgamlaryna täsirini ýetirýär.
Dünýä ilatynyň köpelmegi, suwuň sarp edilişiniň artmagy we senagatlaşma we şäherleşme sebäpli suwa bolan talabyň ýokarlanmagy dünýäniň ähli ýerinde suw gorlarynyň azalmagyna getirýär. Dünýäniň köp böleginde bolup geçýän çaknyşyklar zyýansyz suwuň çagalar üçin elýeterli bolmagyna böwet bolýar. Bu faktorlaryň hemmesi çagalary zyýanly suwy içmäge mejbur edýär we mergi we içgeçme ýaly ölüm howply keseller bilen kesellemegine getirýär.
Soňky maglumatlara görä, gurak we yssy howa şertlerine garamazdan, Türkmenistanda öý hojalyklarynyň 82%-ine golaýy agyz suwunyň ygtybarly çeşmelerinden peýdalanýarlar (Köp görkezijiler boýunça klasterleýin barlag-2015 ý.). Suw we sabyn bilen el ýuwmak öýken sowuklamasy we içgeçme bilen kesellemegiň öňüni almagyň ykdysady taýdan has netijeli lukmançylyk usulydyr. Muňa garşy çäre görülmedik halatynda, 5 ýaşdan kiçi çagalaryň ýeterliksiz iýmitlenmegine getirýär. Şonuň üçin hem çäre görülmese, ölüm howpy abanýan çagalaryň janyny halas etmek üçin bu örän wajyp.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili hanym Şahin Nilofer: “ÝUNISEF Türkmenistanda heläkçilikleriň mekdep derejesinde howpuny azaltmak we dolandyrmak boýunça Hökümet bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Şonuň üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we mekdeplerde we ýerli derejede ýaşyllaşma başlangyçlaryny ýola goýmak üçin howa şertleriniň çagalara ýetirýän täsirine durnukly ösüş arkaly seretmegimiz zerur. Çagalar durmuş özgertmeleriniň güýçli wekilleridir. Howanyň üýtgemegi barada bilim we başarnyklary ele alan çagalar öz ýaşaýşynyň has howpsuz, ýaşaýan ýerleriniň bolsa tebigy heläkçiliklere durnukly bolmagyny üpjün edip, durnukly ösüşe ýardam berip biler” diýdi.
ÝUNISEF-iň bellemegine görä, howanyň üýtgemeginiň suw gorlaryna ýetirjek täsiriniň öňüni almak mümkin däl. Hasabatyň jemleýji bölüminde howanyň üýtgemeginiň çagalara bolan täsirini gözegçilik astyna almaga ýardam berjek maslahatlaryň birnäçesi beýan edilýär. Ol maslahatlar indikileri öz içine alýar:
- Hökümetler ýakyn geljek ýyllarda suwuň elýeterliliginiň we suwa bolan islegiň üýtgemegini nazara almaly. Durmuş we lukmançylyk ugurlarynda gazanylýan netijeleri ýokarlandyrmak üçin, esasan hem has ejiz çagalaryň suwa bolan zerurlygyny üns merkezine almak möhümdir.
- Howa şertleri bilen bagly howplar suw üpjünçiligine we arassaçylyga degişli ähli syýasatlaryň we hyzmatlaryň özenine öwrülmeli, maýa goýumlar bolsa ýokary howp astyndaky toparlara gönükdirilmeli.
- Zyýansyz suw gorlarynyň hapalanmagynyň we azalmagynyň öňüni almak üçin kärhanalar jemgyýet bilen bilelikde işleşmeli.
- Jemgyýetler suw gorlaryny üýtgetmek we suwy howpsuz şertlerde saklamagyň usullaryny öwrenmeli.
ntoni Leýk: “Howanyň şertleriniň üýtgeýän döwründe has ejiz adamlary üns merkezinden düşürmezlik üçin, bu ugurda amala aşyrýan işlerimiziň usullaryny üýtgetmeli. Muny ýerine ýetirmegiň iň netijeli ýollarynyň biri hem olary howpsuz suw bilen üpjün etmekdir” diýip belledi.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.
ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.