COVID-19 we agyz-burun örtükleri: maşgalalar üçin maslahatlar
Agyz-burun örtükleri hakynda nämeleri bilmeli we maşgalamyzy olar bilen nähili tanyşdyrmaly
Agyz-burun örtükleri COVID-19 wirusynyň ýaýramagyny duruzmaga kömek edýär, emma köp ene-atalaryň düşünişine görä, bu çagalary olar bilen tanyşdyrmagy aňsatlaşdyrmaýar.
Käbir ýurtlarda mikroblaryň ýaýramagynyň öňüni almak üçin agyz-burun örtügini dakynmak tejribesi uzak wagtdan bäri dowam edýär. Emma köp maşgalalar üçin 2020-nji ýyl agyz-burun örtügini ilkinji gezek dakynýandyklary üçin ýatda galsa gerek.
Öň agyz-burun örtügini dakynmadyk bolsaňyz, onda sizde-de köp soraglaryň ýüze çykmagy ähtimaldyr. Maşgalaňyz üçin iň gowy çözgütlere gelmekde size kömek etmek üçin, biz agyz-burun örtükler we COVID-19, agyz-burun örtüklerini dogry dakynmak we olara nädip dogry ideg etmek, maşgalaňyzy olar bilen nädip üstünlikli tanyşdyrmalylygy hakynda iň soňky bilermenlik maglumatlary ýygnadyk.
COVID-19, onuň alamatlary, onuň nähili ýaýraýyşy, özüňizi we çagalaryňyzy nädip goramalydygy hakyndaky umumy maglumatlar üçin, okaň: COVID-19: Ene-atalara nämeleri bilmek zerur.
Näme üçin agyz-burun ýa-da ýüz örtüklerini dakynmaly?
COVID-19-ň ýaýramagynyň esasy ýollarynyň biri adamlaryň gürleýän, aýdym aýdýan, üsgürýän ýa-da asgyrýan halatynda howa zyňylýan damjajyklar bilen baglanşyklydyr. Ylmy-barlag işleri entek dowam edýär, emma keseliň alamatlaryny ýüze çykarmaýan, şeýle-de bolsa ýokançly we hatda özüniň ýokançlydygyndan bihabar käbir adamlar arkaly bu wirusyň beýleki adamlara geçip bilýänligini eýýäm bilýäris.
COVID-19-ň giňden ýaýran ýerlerinde adamlaryň bir-biri bilen howpsuz araçägi saklamaklarynyň şeýle wajyplygynyň sebäpleriniň biri hem hut şudur. Emma köp adamly jemgyýetçilik ýerlerinde beýlekiler bilen howpsuz araçägi saklamak hemişe mümkin däldir, sonuň üçin, bir-biriňizi goramak üçin şeýle ýerlerde mata agyz-burun örtügini dakynmak maslahat berilýär.
Emma diňe agyz-burun örtüginiň COVID-19-ň ýaýramagynyň öňüni almajakdygyny ýatda saklaň. Biziň bir-birimiz bilen howpsuz araçägi saklamagymyzy we ellerimizi ýygy-ýygydan ýuwmagymyzy dowam etdirmek zerurdyr. Bu çäreleri bilelikde görmek arkaly, biz COVID-19-y ýeňip bileris.
Maşgalam üçin agyz-burun örtüginiň haýsy görnüşini satyn almaly?
Lukmanlar üçin niýetlenilmedik agyz-burun örtükleri (şeýle-de mata agyz-burun örtükleri ýa-da ýüz örtükleri diýip atlandyrylýar): siz we maşgalaňyz COVID-19-ň ýaýran ýerinde ýaşaýan bolsaňyz we sizde COVID-19-ň hiç hili alamatlary ýok bolsa, onda mata agyz-burun örtükleri ulanmak maslahat berilýär.
Lukmançylyk agyz-burun örtükleri: bu pandemiýa sebäpli lukmançylyk agyz-burun örtükleri örän ýetmezçilik edýär. COVID-19 sebäpli siziň ýa-da maşgala agzaňyzyň (60 ýaşdan ýokary ýa-da öňden näsaglygy bolan adamlar) ýiti hassalyga duçar bolma töwekgelçiligi ýokary bolsa, ýa-da COVID-19 bilen kesellän kimdir-birine ideg edýän bolsaňyz, örtükleri dakynmak maslahat berilýär. Sizde COVID-19-ň alamatlary bar bolsa, beýlekileri goramak üçin lukmançylyk agyz-burun örtügini dakynmak hökmandyr.
Mata agyz-burun örtüginiň haýsysy iň gowy görnüşidir?
Mata agyz-burun örtükleri ýa-da ýüz örtükleri materiallaryň dürli görnüşlerinden taýýarlanylýar we olary öýde taýýarlap, ýa-da dükandan satyn alyp hem bilersiňiz. Mata agyz-burun örtüklerini öwrenmek boýunça ylmy-barlaglar dowam edýär, olaryň netijeliligi olary taýýarlamakda ulanylan matanyň görnüşine we gatlarynyň sanyna baglydyr. Bütindünýä saglygy goraýyş gurmasy örtüklerdäki üç gatlagy şeýle görnüşde taýýarlamagy maslahat berýär:
- içki gatlagy pamyk ýaly çyg çekiji materialdan
- ortaky gatlagy polipropilen ýaly dokma däl materialdan
- daşky gatlagy poliester ýa-da poliester garyşan materialdan
Nähli agyz-burun örtügini saýlap alanlygyňyza garamazdan, onuň buruny, agzy we eňegi örtmegi we çeýe halka ýa-da bagjyklar arkaly berkedilmegi hökmandyr.
Agyz-burun örtügini maşgalam haçan dakynmaly?
Ýaşaýan ýeriňizde ýerli häkimiýetleriň kesgitli ýerlerde agyz-burun örtüklerini dakynmak boýunça edýän talaplary we ýaş aýratynlygyna görä ýörite maslahatlary bilen tanyşyň.
Çagalaryňyzyň agyz-burun örtüklerini dakynmagy hökmanmy ýa-da hökman dälligi birnäçe ýagdaýlara, şol sanda, olaryň ýaşyna we agyz-burun örtügini howpsuz we dogry ulanma mümkinçiligine baglydyr. Seret: giňişleýin maglumatlar üçin ÝUNISEF-ň we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň gollanmasy.
COVID-19 siziň ýaşaýan ýeriňizde giňden ýaýran bolsa, onda mata agyz-burun örtügi beýlekiler bilen howpsuz araçägi saklamak kyn bolan ähli jemgyýetçilik ýerlerinde we hemişe üsti ýapyk umumy jemgyýetçilik ýerlerinde dakynylmalydyr. Köp adamly, daş-töweregi we üsti ýapyk, ýaramaz ýelejiredilýän ýerlere barmakdan mümkin boldugyça gaça duruň.
Agyz-burun örtükleri we COVID-19 hakynda köp nätakyk maglumatlar ýaýradylýar, şonuň üçin, maşgalaňyzyň saglygy bilen baglanşykly çözgütleri kabul etmekde ÝUNISEF, BSGG, milli we ýerli saglygy goraýyş edaralary ýaly ynamdar çeşmeleriň berýän maglumatlaryny peýdalanyň.
Haçan agyz-burun örtügini dakynmaly däl?
Kömek bolmazdan, agyz-burun örtügini çykaryp bilmeýän islendik adama, şol sanda, bäbeklere we kiçi ýaşly çagalara ýa-da dem almakda kynçylyk çekýän islendik adama agyz-burun örtüklerini dakynmak hökman däldir.
ÝUNISEF we BSGG 5 ýaşly we ondan kiçi çagalara agyz-burun örtüklerini dakynmagy talap etmezligi maslahat berýär. Bu çaganyň howpsuzlygy bilen baglanşyklydyr we çagalaryň ösüş tapgyrlaryna dürli ýaşlarda ýetmekleriniň mümkinligini ykrar edýär.
Käbir ýurtlarda çagalaryň agyz-burun örtüklerini ulanmagy bilen baglanşykly tapawutly maslahatlar berilýär, şonuň üçin, bu meselede islendik ýaş aýratynlyklary babatda bildirilýän ýörite talaplar üçin ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryny alyň. Eger olar 5 ýaşly we ondan kiçi çagalaryň agyz-burun örtüklerini dakynmagyny talap edýän bolsalar, onda agyz-burun örtüginiň howpsuz ulanylyşyna gözegçilik etmek üçin siz ýa-da başga bir hossary olaryň göz alnynda bolmalydyr.
Eger siz ýa-da maşgala agzaňyz näsag bolsa ýa-da agyz-burun örtügini dakynmakda kynçylyk döretjek derejede maýyplygyňyz bar bolsa, onda näme edeniňizde siziň üçin gowy boljakdygy hakynda lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň.
Maşk edeniňizde agyz-burun örtügini dakynmagyň zerurlygy ýok ýeri, öýi ýa-da beýlekiler bilen howpsuz araçägi saklap boljak ýeri (mysal üçin, açyk howany) saýlaň. Dem alyşyny kynlaşdyrmazlyk üçin sport ýa-da beden işjeňligi bilen meşgullanýan çagalar we ulular agyz-burun örtügini dakynmaly däldirler. Der hem agyz-burun örtügini öl edip, dem almany kynlaşdyryp we mikroblaryň köpelmegini aňsatlaşdyryp biler.
Çagalar üçin agyz-burun örtüklerini satyn almakda nämeleri göz öňünde tutmaly?
Köp agyz-burun örtükleri ulular üçin niýetlenendir we çagalaryňyza geregiçe laýyk bolmaz. Agyz-burun örtüklerini satyn almakçy bolsaňyz, çagaňyz üçin laýyk ölçegdäki agyz-burun örtügini saýlaň. Çagalaryňyz üçin agyz-burun örtüklerini satyn alýanlygyňyza ýa-da özüňiz ýasaýanlygyňyza garamazdan, olaryň agzy, burny we eňegi örtýänligine, gapdallarynda hiç hili boşlugyň galmaýanlygyna ýa-da gözüňiziň öňüni tutmaýanlygyna göz ýetiriň. Tiz ýöreýän we gürleýän wagtyňyz agyz-burun örtügi arkaly rahat dem alyp bolýanlygyna göz ýetiriň.
Mata agyz-burun örtügini nädip arassalamaly?
Mata agyz-burun örtüklerini sabyn ýa-da kir ýuwujy serişde bilen, gowusy gyzgyn suwda (azyndan 60⁰derejede) we azyndan günde bir gezek ýuwuň. Eger kir ýuwujy enjam ulanýan bolsaňyz, onda örtügi matanyň görnüşine laýyk sazlanan iň ýokary mylaýym derejede ýuwuň. Elde ýuwsaňyz, gyzgyn, sabynly suw ulanyň. Ýuwup bolanyňyzdan soň, agyz-burun örtügi gowy guradyň. Agyn-burun örtüklerini arassa gapda saklaň.
Agyz-burun örtügini nädip dogry dakynmaly?
Agyz-burun örtügini dogry dakynmak, çykarmak we oňa ideg etmek siziň we töweregiňizdäkeleriň saglygyny goramak üçin wajypdyr. Muny gündelik endige öwürmek üçin maşgalaňyz bilen olary bu sanawa laýyklykda ýerine ýetiriň.
Agyz-burun örtügini dakynjak wagtyňyz
- Agyz-burun örtügini dakynmagy hemişe elleriňizi sabynlap ýuwmakdan başlaň.
- Agyz-burun örtügiňiziň arassalygyna, ýyrtyk ýa-da deşik ýerleriniň ýoklugyna göz ýetiriň. Eger ol hapa ýa-da zaýalanan bolsa, dakynmaň.
- Gapdallarynda hiç hili boşluk galdyrman, agzyňyzy, burnuňyzy we eňegiňizi ykjam örtmek üçin agyz-burun örtügini düzediň.
- Onuň rahat dem almaga mümkinçilik berýänligine göz ýetiriň.
Agyz-burun örtügini dakynýarkaň
- Eger ol hapa ýa-da öl bolsa, agyz-burun örtügini çalyşyň.
- Agyz-burun örtügini burnuňyzyň ýa-da eňegiňiziň aşgyna çekmäň, ýa-da kelläňize üstine geýmäň-netijeli bolmagy üçin onuň agzyňyzy we burnuňyzy doly örtüp durmagy hökmandyr.
- Dakynyp ýören wagtyňyzda agyz-burun örtügini ellemäň.
Maslahat: Siz we maşgalaňyz agyz-burun örtüklerini güniň dowamynda çykarmagy we gaýtadan peýdalanmagy meýilleşdirýän bolsaňyz, olary saklamak üçin arassa agzy jebis ýapylýan gaplary ýanyňyzda göteriň. Maşgalaňyzda her agyz-burun örtügi üçin aýratyn gap ulanyň. Agyz-burun örtügini gabyň içine salýan ýa-da ondan çykarýan wagtyňyz, hapalamazlyk üçin agyz-burun örtüginiň rezin halkasyndan ýa-da bagjyklaryndan tutuň (agyz-burun örtüginiň ýüzüni ellemezden).
Agyz-burun örtügini çykarjak wagtyňyz
- Agyz-burun örtügini çykarmazdan ozal elleriňizi ýuwuň.
- Agyz-burun örtügini rezin halkalaryndan ýa-da bagjyklaryndan tutup çykaryň. Agyz-burun örtüginiň öň tarapyny ellemäň.
- Agyz-burun örtügini çykaranyňyzdan soň elleriňizi ýuwuň.
- Mata agyz-burun örtüklerini her gezek ulananyňyzdan soň ýuwmalydyr we arassa gapda saklamalydyr.
- Lukmançylyk agyz-burun örtükleri bir gezek ulanmaga niýetlenendir we soň zibil gaba atylmalydyr.
Gaça durmak üçin köp göýberilýän 6 ýalňyşlyk
Çepden saga:
- Burnuňyzdan aşak düşürmäň
- Eňegiňiz görünip durmasyn
- Eňegiňizden aşak düşürmäň
- Dakynyp ýören wagtyňyz agyz-burun örtügini ellemäň
- Giň agyz-burun örtügini dakynmaň
- Hapa, zaýalanan ýa-da öl agyz-burun örtügini dakynmaň.
Agyz-burun örtükleri hakynda çagalaryňyz bilen gürleşmek
COVID-19 pandemiýasy dünýädäki maşgalalaryň durmuşyny dartgynlylyk, birahatlylyk we tukatlyk bilen bozdy. Köp çagalar, hususan-da, agyz-burun örtüklerini dakynma endik bolmadyk ýerlerinde ýaşaýan çagalar üçin munuň şeýle ýakymsyz duýgularyň üstüni ýetirýänligi belli zatdyr. Hususan-da, kiçi ýaşly çagalar üçin agyz-burun örtüklerini dakynma düşnüksiz we ýüregedüşgüç bolup biler.
Maşgalaňyz öň agyz-burun örtügini dakynyp görmedik bolsa, çagalaryňyz bilen muňa çyn ýürekden we ruhlandyryjy ýagdaýda çemeleşmegiňiz wajypdyr. Agyz-burun örtügini dakynma endige öwrülýär, şonuň üçin, dowamly ýatlatmalar we erjellik onuň esasy açarydyr. Olaryň özlerini we beýlekileri goramak üçin agyz-burun örtügini beýleki wajyp seresaplylyk (howpsuz araçägi saklama, yzygiderli elleriňi ýuwma ýaly) çäreleri bilen birlikde berjaý etmeginiň hökmanlygyny çagalaryňyza ýatlatmak hem wajypdyr.
Maşgalaňyzy agyz-burun örtükleri bilen tanyşdyrmaga kömek etjek käbir pikirler yhna şulardan ybaratdyr:
Adalatly boluň
Çagalaryňyz bilen olaryň ýaşyna laýyklyk dilde gürleşiň we biynjalyklyk derejesine dykgatly boluň. Agyz-burun örtükleri biziň hiç birimiz üçin hem aňrybaş hezillik dälligini ykrar ediň. Emma agyz-burun örtüklerini dakynma arkaly biziň nädip töweregimizdäki adamlaryň, şol sanda, jemgyýetiň ýaşuly we has goragsyz agzalarynyň howpsuz bolmagyna kömek edýänligimizi düşündiriň.
Agyz-burun örtügini dakynma biziň bir-birimiz hakynda alada edýänligimizi görkezýär.
COVID-19-y duruzmak üçin köp bilermenleriň uly tagalla edýändikleri, emma olaryň hem biziň kömegimize mätäçligini we munuň bolsa, öz tarapymyzdan ähli seresaplylyk çärelerini görmegiň zerurlygy aňladýanlygyny olara ýatladyň.
Diňläň we duýgudaşlyk ediň
Çagalaryňyzdan näme hakynda pikir edýändiklerini soraň we olaryň edýän heketleriniň we sesleriniň heňiniň üýtgemesi ýaly olary ynjalyksyzlandyrýan alamatlara dykgatly boluň. Başardygyňyzdan olaryň soraglaryna jogap beriň. Ähli soraglara jogap tapmazlyk adaty zat-bu biziň hemmämiz üçin hem täze bir ýagdaýdyr. Olaryň hemişe islendik soraglary ýa-da aladalary babatda size islendik wagt ýüz tutup biljekdiklerini olara ýatladyň. Olaryň özlerini nähili duýýandyklaryna yzygiderli üns beriň. Ýaşyna baglylykda, söhbetdeşlik açmak we olardaky maglumatlarynyň ynamdarlygyna göz ýetirmek üçin, olardan dostlaryndan nähili habarlary alýandyklary hakynda sorap bilersiňiz.
Taýýarlygy öýden başlaň
Agyz-burun örtüklerini dakynmaga häzirlikçe öýde bilelikde synanyşyň we ýuwaş-ýuwaşdan çagalaryňyza hem agyz-burun örtüklerini dakynmaga öwrenişmeklerine kömek etmek üçin wagt goýuň. Ýokardaky sanawy ulanyp, bilelikde agyz-burun örtüklerini dakynmagy, ulanmagy we çykarmagy iş ýüzünde barlap görüň.
Kiçi ýaşly çagalaryň ýylgyrma ýaly görüş arkaly aňladylýan alamatlara has köp bil baglaýanlygyny ýatdan çykarmaň, şeýlelikde, agyz-burun örtügiňizi dakynyp, ýylgyrmagy olar bilen bilelikde iş ýüzünde synap görüň we siziň sesiňiziň heňiniň nähili kömek edip biljekdigini göz öňünde tutuň. Agyz-burun örtükleriniň olara has tanyş bolmaklary üçin siz olar bilen birlikde agyz-burun örtügini olaryň gowy görýän ýumşajyk oýunjaklaryna hem dakyp bilersiňiz.
Çagalaryňyzy gatnaşdyryň
Agyz-burun örtükleri dürli reňklerde we görnüşde bolýar we çagalar olara pikirlerini beýan etmek üçin mümkinçilik hökmünde düşünerler. Agyz-burun örtügini ýa-da matany saýlamagy gyzykly bir herekede öwürmäge çalyşyň we oňa çagalaryň mümkin boldugyça köp gatnaşmagyny gazanyň. Agyz-burun örtükleriniň keşbi çagalara näçe köp ýarasa, hatda golaýynda bolmasaňyz hem, olary dakynmagy şonça köp höwes etjekdiklerini ýatda saklaň.
Ylalaşykly boluň
bir endigiň döreýänligini aňladýar, şonuň üçin, dogry endigi emele getirme we gaýtalama onuň özenidir. Agyz-burun örtügini dogry dakynmagyň wajyplygyny tekrarlamagyň ýollaryny gözläň we nähilidir bir nädogry zat görseňiz, bir-birinize ýatlatmak üçin maşgalaňyzy höweslendiriň. Ylalaşyksyzlygy çagalary derrew görýärler, şonuň üçin, görkezýän göreldäňize dykgatly boluň we maşgalaňyzyň ýakynlaryny we dostlaryny hem agyz-burun örtüklerini dakynmak baradaky maslahatlary berjaý etmäge höweslendiriň.
Seret: agyz-burun örtükleri hakynda giňişleýin maglumatlar üçin ÝUNISEF-ň we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň gollanmasy.