ÇAGANYŇ SAGLYGY HAKYNDA KITAP
Ene-atalar üçin gollanma
Gysgaça maglumat
Çagalar dünýä inen pursatyndan başlap öwrenip başlaýarlar. Aslynda, çaga doglandan tä bäş ýaşyna çenli öwrenmek ukyplarynyň aglabasyny ösdürýär. Olar daş-töweregindäki dünýä bilen gyzyklanyp, täze zatlary öwrenmek isleýärler. Mekdepde üstünlik gazanmak üçin ýaş çagalar durmuş, emosional, fiziki we intellektual taýdan ösmelidirler. Çaganyň dünýä inmegi maşgala durmuşynda uly waka bolmak bilen bir hatarda, onuň iýmitlenmegi, ösüşi, howpsuzlygy we saglygy bilen bagly köp aladalar hem goşulýar.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de ÝUNISEF-iň goldawy bilen, bu kitapça, köplenç ene-atalary we maşgalanyň beýleki agzalaryny aladalandyrýan meseleler boýunça soraglara jogap bermek üçin taýýarlandy.
Bu kitapçada ene-atalary köp gyzyklandyrýan soraglara jogap berip, çaga doglandan tä 5 ýaşyna çenli onuň ösüşi bilen bagly peýdaly maslahatlary bermegi maksat edindik. Çaganyň ösüşiniň iň jogapkärli döwründe her bir ene öz çagasyny ene süýdi bilen iýmitlendirer, her bir kaka bolsa, täze adamyň häsiýetiniň we şahsyýetiniň kemala gelmegine öz goşandyny goşup, terbiýelär, maşgalanyň beýleki agzalary hem çaganyň terbiýelenişine gatnaşar diýip umyt edýäris.