Meýletinçilik we hünär tejribeligi

Biziň meýletinçilik we hünär tejribelik maksatnamalarymyz arkaly tejribe gazanyň.

A girl with a camera
UNICEF

Nädip meýletinçi bolmaly ýa-da tejribelik geçmeli?

Beýany

ÝUNISEF dürli gurşawlarda öz jogapkärçilikleri boýunça işjeňligi alyp barýar. Olar esasy üç düzümi öz içine alýar: maksatnama, daşky gatnaşyklar we amallar.

Edaralaryň zerurlyklaryna meýletinçiligi ýa-da iş tejribeligini dolandyryp bilmek ukybyna baglylykda, meýletinçilik ýa-da iş tejribelik mümkinçilikleri hödürlenilýär. Bu mümkinçilikler barada şu sahypada has giňişleýin öwrenip bilersiňiz.

Bildirilýän talaplar

Tejribelik ýa-da meýletinçilik işine kabul edilmek üçin bildirilýän talaplar indikilerden ybarat:

  • Bakalawr, magistrlik ýa-da doktorantura hünär derejesiniň maksatnamasynda bilim alýan bolmaly (tejribelik üçin). Bakalawryň okuw maksatnamasynda bilim alýan dalaşgärler gündizki okuw görnüşinde bilim almak maksatnamasynyň azyndan 2 ýylyny  tamamlan bolmaly.
  • ÝUNISEF-iň dilleriniň azyndan birini suwara bilmeli, olar: iňlis we rus dilleri. Türkmen dilini suwara bilmegiňiz hem makullanylýar.
  • Soňky bilim alan okuw jaýyňyzyň resminamalary bilen tassyklanan ýokary görkezijili okuw ýetişiginiň bolmagy.
  • Öňki hünär tejribesine artykmaçlyk berilýär.

Nädip resminama tabşyrmaly

Tejribelik we meýletinçilik geçmek mümkinçiligi barada maglumat berlen sahypamyza giriň. Tejribelik ýa-da meýletinçilik geçmek mümkinçiligi yglan edilen bolsa, onlaýn ulgam arkaly şu ýerde resminamalaryňyzy tabşyryp bilersiňiz. Tejribelik geçmäge resminama tabşyrmak üçin, tejribelik yglan edilen sahypany açyň we sahypanyň aşagynda ýerleşen “Tabşyrmak” düwmesine basyň.

Resminama tabşyrylýan ulgamda hasaby bar dälaşgärler ulgama şu ýerden girip biler.