Ruhy sagdynlygy aýawly saklamak we ýaralaýjy sözler

Ruhy abadançylygy goldamak üçin hormat goýujy we inklýuziw dili ösdürmek boýunça gollanma

Cover of the book
UNICEF Turkmenistan

Gysgaça maglumat

Bu gollanmada ilatyň arasynda ulanylýan ýaralaýjy, kemsidiji sözleriň we aýtgylaryň adamyň ruhy saglygyna ýetirýän zyýany hakynda maglumatlar berilýär. Häzirki zaman türkmen jemgyýeti her bir adamyň mertebesine hormat goýmagy hem-de deňhukuklylygy üpjün etmegi maksat edinýär. Şol nukdaýnazardan, maýyplygy bolan adamlar we çagalar bilen aragatnaşykda ulanylýan sözlere we adalgalara aýratyn möhüm ähmiýet berilýär. Dil diňe bir maglumat bermek bilen çäklenmän, jemgyýetdäki pikirleri we garaýyşlary şekillendirýän güýçli gural hasaplanylýar. Şonuň üçin negatiw we ýaralaýjy sözleriň ornuna oňyn we goldaýjy hoşniýetli sözleri ulanmak zerurlygy döreýär. Halkymyzyň “tyg ýarasy biter, söz ýarasy bitmez” diýen pähimi hem her bir sözüň jogapkärçilik bilen aýdylmalydygyny ýatladyp, jemgyýetçilik gatnaşyklarda akyl, edep we pähim-parasat bilen çykyş etmegiň zerurdygyny görkezýär.

Cover of the book
Çap edilen senesi
Diller
Türkmen dili

Files available for download