Türkmenistanyň Tennis Federasiýasy we ÝUNISEF Çagalaryň tennis festiwalyny geçirdi
Türkmenistanyň Tennis Federasiýasy we ÝUNISEF bilelikde Türkmenistanda Bütindünýä Saglyk gününe bagyşlanan Çagalaryň tennis festiwalyny geçirdi
16-njy aprel, Aşgabat – Şu gün, Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň tennis kortlarynda 14-nji aprelden 16-njy aprel aralygynda geçen Çagalaryň tennis festiwaly şowhunly el çarpyşmalar, ýeňişler we çagalaryň ýylgyryşlary bilen tamamlandy. Türkmenistanyň Tennis Federasiýasy we BMG-niň Türkmenistandaky Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) bilen bilelikde geçirilen bu festiwal türkmenistanlylaryň ösüp gelýän ýaş nesliniň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürmek we wagyz etmek üçin ýene-de bir platforma bolup çykyş etdi.
Bütindünýä saglyk gününe we Federasiýanyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bu festiwalyň çäklerinde ýaş türgenler dürli ýaş toparlarynyň arasynda geçirilen tennis ýaryşlara gatnaşdylar. Bu ýaryşa jemi 150 çaga we ýetginjek gatnaşdy, ýeňijiler bolsa Tennis Federasiýasynyň we ÝUNISEF-ň wekillerinden adyndan baýraklary kabul etdiler.


«Men 4 ýaşymdan bäri tennis bilen meşgullanýaryn we eýýäm birnäçe ýaryşlarda ýeňiş gazandym. Geljekde halkara ýaryşlarynda hem ýeňiş gazanmagy arzuw edýärin. Bu gün biziň paýtagtymyzda Çagalaryň tennis festiwaly geçirilýär we men oňa gatnaşýanlygyma örän şat. Bu ýerde şatlyk-şowhun höküm sürýär. Bu baýramçylyk üçin ÝUNISEF-e we Tennis Federasiýasyna köp sag bolsun aýdýaryn»,
Açyk sapak görnüşinde geçen çäräniň ikinji tapgyrynda, taýýarlygyna garmazdan ähli isleg bildiren çagalar tennisçi hökmünde öz güýçlerini synap görmäge we ussatlyk sapaklaryna hem ýaryşlara gatnaşmaga we guramaçylardan ýadygärlik baýraklary we sowgatlary almaga mümkinçilik asldylar. Sport baýramçylygy we çäräniň beýik ruhy paýtagtyň 300 gowrak, köpisi eýýäm yzygiderli tennis türgenleşiklerine gatnaşýan körpe ýaşaýjylaryny özüne çekdi.


Şeýle-de, ÝUNISEF-ň ýörite enjamlaşdyrylan burçunda üç günüň dowamynda çagalar bu guramanyň Türkmenistanda we bütin dünýäde alyp barýan işi hakynda has köp zatlary bilmäge, akyl ösdüriji oýunlary oýnamaga we sagdyn endikler hakynda köp zatlary öwrenmäge mümkinçilik aldylar.





«Sport çagalaryň ösüşiniň wajyp bölegi bolup durýar. Ol diňe bir çagalaryň saglygynyň berkemegine däl-de, eýsem olaryň okuwa ýetişigine we ýolbaşçy häsiýetlerine hem täsir edýär. ÝUNISEF-ň tarapyndan, çagalaryň arasynda sporty wagyz etmäge we olary mundan beýläk hem sport bilen meşgullanmaga höweslendirjek şeýle festiwala gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin örän hoşal. Biz Türkmenistanyň Tennis Federasiýasyna Türkmenistandaky her bir çaganyň saglygyna we abadançylygyna goşant goşjak hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris»

Her bir çaganyň sagdyn iýmitlenmäniň we beden maşklarynyň wajyplygy hakynda esasy maglumatlary almagy üçin çagalaryň, ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, ÝUNISEF Türkmenistanyň sport guramalary we Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, şeýle-de Saglygy goraýyş we derman senagaty we Bilim ministrlikleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegini dowam edýär.