Türkmenistandaky çagalar Bütindünýä el ýuwmak gününi bellemek üçin interaktiw sapaklara gatnaşýarlar

ÝUNISEF bir müňe golaý başlangyç synp okuwçylar üçin arassaçylyk sapaklaryny gurnady

Gülälek Soltanowa, ÝUNISEF-iň jemgyýetçilik işleri boýunça hünärmeni
Children in Turkmenistan take part in interactive sessions to mark the Global Handwashing Day
UNICEF Turkmenistan
16 Oktýabr 2020

“Men günde bäş gezek elimi ýuwýaryn”, “Men bolsa ýedi gezek ýuwýaryn,” diýip Aşgabat şäheriniň 37-nji mekdebiniň okuwçylary buýsanç bilen aýtdylar. Olar şu gün Bütindünýä el ýuwmak güni mynasybetli Bilim ministrligi we ÝUNISEF tarapyndan gurnalan açyk sapaga gatnaşdylar. 2020-nji ýylyň 15-16-njy oktýabrynda ÝUNISEF Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynda ýerleşýän sekiz sany orta mekdeplere baryp, çagalara el ýuwmagyň ähmiýeti barada düşünje berdilerl we öz saglygymyzy goramak üçin ellerimizi näme üçin, haçan we nädip ýuwmalydygyny ýatladylar.

Iki gün dowam eden bu kampaniýanyň netijesinde ÝUNISEF müňe golaý başlangyç synp okuwçylaryň ünsini çekdi. Şeýle hem, kampaniýanyň çäginde ÝUNISEF 1,3 million çaga üçin niýetlenen tutuş ýurt boýunça 1,868 mekdebe el ýuwmak endikleri barada plakatlary paýlar.

Biz öý haýwanlary bilen oýnanymyzdan soň ellerimizi ýuwmalydyrys. Şeýle hem, nahar iýmezden ozal we top oýnanymyzdan soň ellerimizi hökmany suratda ýuwmalydyrys 

diýip, Aşgabat şäheriniň 89-njy orta mekdebiň okuwçysy Çynar Tangylyjowa oýnuň dowamynda aýtdy
 Chynar Tangylyjova,
UNICEF Turkmenistan
Muhammet Serdarow
UNICEF Turkmenistan

Biziň elimizde göze görünmeýän mikroblar bar. Şonuň üçin ellerimiz arassa görünse-de, biz ellerimizi ýygy-ýygydan ýuwmalydyrys 

diýip “Görünmeýän mikroblar” oýunyna gatnaşan Muhammet Serdarow belläp geçdi

Men mekdepden gaýdyp gelenimde her gün ellerimi ýuwýaryn

diýip, şol mekdepde okaýan Rahym Sapaýew buýsanç bilen gygyrdy
Rahym Sapayew
UNICEF Turkmenistan

ÝUNISEF okuw sapaklaryny taýýarlady we Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Ýaş Ilçilerine tälim berdi. Ilçiler bolsa öz gezeginde çagalara mikroblaryň geçiş ýollaryny we el ýuwma usullaryny öwredýän birnäçe oýunlaryň kömegi bilen gyzykly interaktiw sapaklaryny geçirdiler. Açyk sapaklaryň dowamynda ulanylan wideo çeşmeleriň biri, ÝUNISEF-iň  Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen arassaçylyk endikleri barada animasiýa hem görkezildi. Mundan başgada arassaçylyk endikleri barada beýleki wideo şekiller we animasiýalar ýurduň ähli mekdeplerine paýlanyldy.

Arassa suw we arassaçylyk boýunça 6-njy DÖM-iň Ýaş Ilçisi Maýa Amanmyradowa açyk sapaklary geçirmäge ýardam beren we çagalar bilen el ýuwmak baradaky bilimlerini paýlaşýan ýaşlaryň biri.

Meniň maksadym, çagalara we jemgyýetime arassaçylyk amallary barada ýeterlik bilim bermek. Men beýleki Ýaş Ilçiler bilen bilelikde çagalara el ýuwmak barada möhüm maglumatlary bermek üçin ÝUNISEF bilen işleşenime örän begenýärin

diýip, Maýa belläp geçdi

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand: "Bütindünýä el ýuwmak güni çagalara ýüzlenmek, olara we hemmämize keseliň ýaýramagynyň öňüni almakda el ýuwmagyň ähmiýetini ýatlatmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir," - diýdi.

Biz Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, şeýle hem beýleki edaralar bilen şu wajyp döwürde arassaçylyk endikleri babatynda bilimi artdyrmak üçin hyzamtdaşlygymyzy dowam etdirmek isleýäris

diýip Hanym Weýgand nygtady