Koronawirus (COVID-19) pandemiýasy döwründe çagalary terbiýelemek boýunça peýdaly maslahatlar
Bilermenlerden COVID-19 bilen bagly çagalary terbiýelemek boýunça meseleleri çözmäge kömek etjek peýdaly maslahatlar

Koronawirus (COVID-19) pandemiýa keseli bütin dünýä boýunça maşgala durmuşyny özgertdi. Mekdepleriň ýapylmagy, uzagara iş, fiziki aradaşlyk – bu bir adam üçin, esasan hem ene-atalar üçin olaryň ählisiniň hötdesinden gelerden köpdür. Biz bu täze (wagtlaýyn) ýagdaýyň hötdesinden gelmäge kömek etmek üçin ene-atalara we ideg edijilere peýdaly maslahatlar toplumyny bermek maksady bilen Ömürboýy Saglyk üçin Çagalary Terbiýelemek başlangyjy bilen birleşdik.
Peýdaly maslahatlary ähli elýeterli dillerde görüp bilersiňiz.
1. COVID-19 hakynda gepleşmek.
Gepleşmäge isleg bildiriň. Olar eýýäm nämedir bir zady eşidendirler. Dymmaklyk we syrlar çagalarymyzy goramaýar, dogruçyllyk we açyklyk bolsa goraýar. Olaryň näçeräk maglumata düşünjekdikleri hakynda pikirleniň. Siz olary has gowy tanaýarsyňyz.
Şu peýdaly maslahatlary ýükläp alyň [PDF formatda].
Açyk boluň we diňläň
Çagaňyza erkin gürlemäge ýol beriň. Olardan sorag bermekligi haýyş ediň we olaryň eýýäm näçeräk zat bilýändigini anyklaň.
Dogruçyl boluň
Elmydama olaryň soraglaryna dogruçyl jogap beriň. Çagaňyzyň näçe ýaşdadygy we olaryň näçeräk maglumata düşünip biljekdigi hakynda pikirleniň.
Goldaw beriň
Çagaňyz gorkan ýa-da aljyraňly bolup biler. Olara öz duýgulary bilen paýlaşmaga mümkinçilik beriň we özüňiziň olara kömek bermäge taýýardygyňyzy bildiriň.
Jogaplary bilmezlik ADATY ýagdaýdyr.
“Biz bilmeýäris, emma onuň üstünde işleýäris” ýa-da “Biz bilmeýäris, ýöne pikirleneris” diýmeklik gowudyr. Ony çagaňyz bilen nämedir bolsa bir täze zady öwrenmeklik üçin mümkinçilik hökmünde ulanyň!
Urşaganlar däl-de gahrymanlar
COVID-19-ň adamlaryň daşky keşbine, olaryň niredendigine ýa-da haýsy dilde gepleýändigine garamaýandygyny düşündiriň. Çagaňyza biziň syrkaw ýa-da olara ideg edýän adamlara rehimdarlyk bilen garap biljekdigimizi aýdyň. Pandemiýanyň ýaýramagynyň öňüni almak ugrunda işleýän we syrkawlara ideg edýän adamlar hakyndaky wakalary agtaryň.
Örän köp wakalar bar.
Olaryň kä biriniň hakykat bolmazlygy-da mümkin. ÝUNISEF we Bütindünýä Saglyk Guramasy ýaly guramalaryň ygtybarly saýtlaryny ulanyň.
Ýakymly duýgular bilen jemlemek
Çagaňyzyň ýagdaýynyň gowudygyny barlaň. Olara özüňiziň olar hakynda alada edýändigiňizi we olaryň siz bilen islendik wagt gürleşip biljekdiklerini ýatladyň. Soňra bolsa bilelikde wagtyňyzy hoş geçiriň!
2. COVID-19 wagty ikiçäk bolmak.
Işe gidip bileňokmy? Mekdepler ýapyldymy? Pul serişdelerini alada edýäňizmi? Dartgynlylygy we çenden aşa ýüki duýmak adaty ýagdaýdyr.
Mekdepleriň ýapylmagy çagalarymyz we ýetginjekler bilen has gowy aragatnaşykda bolmak üçin mümkinçilikdir. Ikiçäk wagt erkinlikdir we hezildir. Ol çagalaryň söýgüni we howpsuzlygy duýmaklaryna sebäp bolýar hem-de olara özleriniň wajypdygyny görkezýär.
Şu peýdaly maslahatlary ýükläp alyň [PDF formatda].
Her çaga bilen bilelikde geçirmek üçin wagtyňyzy bölüň.
Ol ýöne bir 20 minut ýa-da ondan uzagrak bolup biler – bu biziň üçin ýeterlikdir. Ol günde şol bir wagtda bolup biler, ýagny çagalar ýa-da ýetginjekler oňa garaşyp biler ýaly.
Çagaňyzdan onuň näme etmek isleýändigini soraň.
Saýlaw olaryň özlerine ynamlylygyny berkidýär. Eger-de olar fiziki aradaşlyga laýyk gelmeýän zady etmek isleseler, bu olar bilen bu barada gürleşmäge gowy mümkinçilikdir.
Bäbegiňiz bilen wagty geçirmek üçin pikirler:
- Olaryň ýüz hereketlerini we seslerini gaýtalaň.
- Aýdym aýdyň, pitiler we çemçeler bilen saz çalyň.
- Çaşkalary ýa-da hatarlary düzüň.
- Wakalary gürrüň beriň, kitap okaň ýa-da suratlar bilen paýlaşyň.
Ýaş çagaňyz bilen wagty geçirmek üçin pikirler:
- Kitap okaň ýa-da suratlara serediň.
- Reňkli galamlar bilen surat çekiň.
- Saza tans ediň ýa-da aýdym aýdyň!
- Bilelikde öýüň işlerini ediň – arassaçylyk işlerini we nahar bişirmegi oýun görnüşinde ýerine ýetiriň.
- Mekdebiň işine kömek ediň.
Ýetginjek çagaňyz bilen wagty geçirmek üçin pikirler:
- Olaryň halaýan zatlary hakynda gürrüň ediň: sport, saz, ýyldyzlar – meşhur adamlar, dostlar.
- Bilelikde halaýan naharyňyzy bişiriň.
- Olaryň söýgüli sazyny bilelikde ýerine ýetiriň.
Olary diňläň, olara serediň. Olara doly ünsüňizi beriň. Wagtyňyzy hoş geçiriň!
3. Koronawirus epidemiýasy döwründe pozitiwligi saklamak.
Çagalarymyz ýa-da ýetginjekler bizi däliredýän wagty pozitiwligi duýmak kyn. Biz köplenç sözümizi “Bes et!” diýip tamamlaýarys. Emma çagalar eger-de biz olara pozitiw gözükdirmeleri bersek we dogry edýän işleri üçin olary öwsek, haýyş edilen işi has gowy ýerine ýetirerler.
Şu peýdaly maslahatlary ýükläp alyň [PDF formatda].
Görmek isleýän hereketleriňiz hakynda aýdyň.
Çagaňyza näme etmelidigini aýdanyňyzda gowy sözleri ulanyň, mysal üçin “Haýyş edýän, eşikleriňi tertipläp goý” (“Bulaşdyrma” diýen sözüň ýerine).
Ähli zat maglumaty dogry ýetirip bilmekdedir.
Çaga gygyrmak diňe sizi we olary has gaharlandyrar hem-de dartgynly ýagdaýa getirer. Çagalaryňyzyň adyny tutmak bilen olaryň ünsüni çekiň. Pessaý ses bilen gepläň.
Çagaňyz özüni gowy alyp baranynda ony öwüň.
Kiçi çagaňyz ýa-da ýetginjek çagaňyz bir zady gowy edende, olary öwmäge çalşyň. Olar muny görkezmänem biler, emma siz olaryň bu gowy işi gaýtadan etjekdigini görersiňiz. Şeýle hem bu olary siziň bu işe üns berendigiňiz we alada edýändigiňiz babatda ynandyrar.
Hakykatçyl boluň
Çagaňyz hakykatdanam siziň haýyş eden işiňizi ýerine ýetirip bilermi? Çaga üçin öýüň içinde uzak günläp ümsüm oturmak örän kyn, emma siz jaň edýän wagtyňyz ol 15 minut ümsüm bolup biler.
Ýetginjek çagaňyza aragatnaşygy saklamaga ýardam ediň.
Hususan-da ýetginjeklere özleriniň dostlary bilen aragatnaşykda bolmak gerek. Ýetginjek çagaňyza sosial medianyň we başga howpsuz menzilara ýollaryň üsti bilen aragatnaşykda bolmaga kömek ediň. Bu hem siziň bilelikde ýerine ýetirip biljek işiňizdir.
4. Düzgün-tertipli bolmak
COVID-19 biziň gündelik iş, öý we mekdep gün tertibimizi bozdy. Bu bolsa çagalar, ýetginjekler we siz üçin kyn. Bu meselede täze gün tertiplerini düzmek kömek edip biler.
Şu peýdaly maslahatlary ýükläp alyň [PDF formatda].
Ýagdaýa görä üýtgedip bolýan, emma yzygiderli gün tertibini düzüň:
- Özüňiz we çagalaryňyz üçin işden, şol bir wagtda boş wagtdan ybarat gün tertibini düzüň. Bu çagalara özlerini has howpsuz duýmaga we özlerini has gowy alyp barmaga kömek eder.
- Çagalar ýa-da ýetginjekler edil mekdepdäki sapaklaryň rejenamasy ýaly bir günlük gün tertibini düzmäge kömek edip bilerler. Eger-de çagalar ony düzmäge kömek etseler, ony has gowy berjaý ederler.
- Her gün üçin maşklary hem ýatdan çykarmaň – ol öýdäki dartgynlylyk we has dogumly çagalar üçin örän täsirlidir.
Çagaňyza howpsuz araçägi saklamalydygyny öwrediň.
- Eger-de ýurduňyzda ýol berilýän bolsa, çagaňyzy daşaryk goýberiň.
- Şeýle hem, siz adamlar bilen paýlaşmak üçin hat ýazyp we surat çekip bilersiňiz. Olary başgalar hem görer ýaly öýüňiziň daşynda goýuň!
- Siz howpsuzlygy nähili saklaýandygyňyz hakynda gürrüň berip, çagaňyzy ynandyryp bilersiňiz.
- Olaryň tekliplerini diňläň we olara çynlakaý garaň.
Elleri ýuwmaklygy we gigiýenany şadyýanlyga öwrüň.
- Elleri ýuwmak üçin 20 sekundy aýdym aýtmaklyga sarp ediň. Hereketleri goşuň!
- Çagalara utuk beriň we ellerini yzygiderli ýuwýandyklary üçin öwüň.
- Biziň ýüzümize näçe gezek az galtaşyp bilýändigimizi görmek üçin oýun dörediň. Iň az sanly galtaşma üçin baýrak goýuň (siz bir-biriňiziňkini sanap bilersiňiz).
Siz çagaňyz üçin nusgasyňyz.
- Eger-de siziň özüňiz howpsuz araçägi saklasaňyz we gigiýenany berjaý etseňiz hem-de beýleki adamlara, esasan hem syrkawlara we durmuş taýdan goragsyz adamlara rehimdar bolsaňyz, kiçi we ýetginjek çagalaryňyz sizden görelde alarlar.
- Her günüň ahyrynda geçen gün hakynda pikirlenmek üçin bir minut wagty sarp ediň. Çagalaryňyza olaryň eden gowy ýa-da gülkünç zady hakynda gürrüň beriň. Şu gün özüňiziň gowy eden işiňiz üçin özüňizi öwüň. Siz ýyldyz!
5. Oýnuň üsti bilen öwrenmek.
Millions of children face school closure and isolation in their own home. This tip is about learning through play – something that can be fun for all ages!
Download these tips [PDF format].
Oýnuň görnüşleri:
- Hem hezil, HEMEM bilim beriji bolup biljek oýnuň şeýle köp görnüşleri bar.
- Diller, sanlar, predmetler, drama we saz bilen bagly oýunlar çagalara howpsuz we şadyýan usulda öwrenmäge hem-de özlerini görkezmäge mümkinçilik berýär.
Hereketli oýunlar
- Çagalaryňyzyň gowy görýän aýdymlaryna tans horeografiýasyny dörediň. Bir adam tans hereketlerini edip, beýlekiler bolsa ony gaýtalap bilerler. Her kim gezekli-gezegine baştutan bolýar.
- “Çellinj” – kim aýaklarynyň barmaklary bilen has köp galtaşyp biler: jamping jek (elleriňi we aýaklaryňy birwagtyna gapdala uzadyp bökmek), aşyr atmak arkaly bir minutda aýaklaryň barmaklary bilen galtaşmak.
- Bir-biriň yzyndan gaýtalamak oýny – ýüz hereketleri, hereketler, sesler. Bir adam lider hökmünde oýnuň başyny başlap, soňra bolsa oýny başga birine geçirip biler. Oýny lidersiz oýnamaga synanşyň!
- Tans etme we doňma oýny: saz goýberiň ýa-da biri aýdym aýtsyn we hemme kişi tans etsin. Haçanda saz duranda hemme kişi doňmalydyr. Soňky tans edýän kişi indiki raundyň emini bolýar.
- Haýwanlaryň tansy: ýokardaky oýna meňzeş, ýöne haçanda saz duranda haýwanyň adyny aýdyň, hemme kişi şol haýwan bolmaly.
Wakalary gürrüň bermek
- Öz çagalygyňyza degişli wakany çagalaryňyza gürrüň beriň.
- Çagalaryňyzdan özüňize waka gürrüň bermegi haýyş ediň.
- Bilelikde “Gadym zamanda ... ” diýen sözler bilen başlaýan täze wakany düzüň. Her adam waka täze sözlemi goşýar.
- Gowy görýän wakaňyzy ýa-da filmiňizi sahnalaşdyryň. Jogapkärçilik öwrenilýän wagty uly ýaşly çagalar kiçileri ugrukdyryp bilerler.
Predmeti çalyşmak
- Sübse, şwabra ýa-da şarflar ýaly gündelik durmuşda ulanylýan hojalyk esbaplary oýunlar üçin gülkünç rekwizit bolup biler .
- Predmeti otagyň merkezinde goýuň we kimde-kimiň pikiri bar bolsa ol böküp, şol predmetiň näme bolup biljekdigini görkezýär.
- Mysal üçin, sübse at ýa-da mikrofon, hat-da gitarada bolup biler!
Ýat bilen bagly oýun
- Birinji adam aýdýar: “Haçanda COVID-19 bilen bagly izolýasiýa gutaranda, men … etmekçi (mysal üçin, parka gitmekçi)”.
- Ikinji adam goşýar: “Haçanda COVID-19 bilen bagly izolýasiýa gutaranda, men parka gitmekçi we … etmekçi (mysal üçin, iň gowy dostumyň ýanyna gitmekçi)”.
- Her adam haçanda COVID-19 bilen bagly izolýasiýa tamamlananda edip boljak ähli hezil zatlar hakynda pikirlenmäge çalşyp, öňki aýdylanlaryň üstüne goşýar.
Aýdym aýtmak
- Bäbegiňize aýdym aýdyp bermek dili ösdürmäge kömek edýär.
- Aýdym aýdyň, onuň nähili aýdymdygyny bilen kişi oýny dowam etdirýär.
- Elleri ýuwmak ýa-da fiziki aradaşlyk hakynda aýdym düzüň. Tans hereketlerini goşuň!
6. COVID-19 döwründe çagalaryň onlaýn howpsuzlygyny üpjün etmek.
Häzir çagalar we ýetginjekler örän köp wagtyny internetde geçirýärler. Aragatnaşykda bolmak olara COVID-19-ň täsirini azaltmaga we durmuşlaryny dowam etmäge kömek edýär. Emma ol töwekgelçilikler we howplar bilen baglydyr.
Şu peýdaly maslahatlary ýükläp alyň [PDF formatda].
Onlaýn töwekgelçilikleri
- Çagalary sosial mediada, oýun we habarnama platformalarynda jynsy maksatlar üçin nyşana hökmünde saýlaýan uly ýaşly adamlar.
- Zyýanly kontent – zorluk, aýaly ýigrenmeklik, ksenofobiýa, özüňe kast etmäge we özüňe zelel ýetirmeklige öjükdirmek, ýalňyş maglumatlar we ş.m.
- Ýetginjekler özleriniň şahsy maglumatlary we jynsy suratlary ýa-da wideolary bilen paýlaşýarlar.
- Ýaşytdaşlary we nätanyş adamlar tarapyndan kibergorkuzma.
Çagalaryňyzy onlaýn goramak üçin tehnologiki serişdeler
- Ene-atalar gözegçiligini gurnaň.
- Öz brauzeriňizde SafeSearch işlediň.
- Onlaýn priloženiýelerinde we oýunlarynda örän gizlin sazlamalary gurnaň.
- Ulanylmaýan wagty web kameralary ýapyň.
Sagdyn we howpsuz onlaýn endiklerini dörediň
- Kiçi ýa-da ýetginjek çagaňyzy enjamlary sagdyn ulanmak hakyndaky maşgala tehnologiki ylalaşyklaryny baglaşmaga höweslendiriň.
- Öýüňizde enjamlaryň ýok ýerini we wagty dörediň (iýmek, ýatmak, oýnamak, mekdep işi).
- Çagalaryňyza şahsy maglumaty nädip gizlin saklamalydygyny öwrenmäge ýardam ediň, esasan hem nätanyş adamlardan – kä bir adamlar özleriniň diýýän adamlary däldirler!
- Çagaňyza onlaýn zatlaryň onlaýn galýandygyny ýatladyň (habarnamalar, suratlar we wideolar).
Kiçi ýa-da ýetginjek çagaňyz bilen wagtyňyzy onlýan geçiriň
- Bilelikde websaýtlary, sosial mediany, oýunlary we priloženiýeleri öwreniň.
- Ýetginjek çagaňyza ýerliksiz kontent hakynda nädip habar bermelidigini aýdyň (aşak serediň).
- Dürli ýaşdaky adamlar üçin priloženiýaler, oýunlar we dynç alyş babatda örän köp maslahatlary şu ýerde tapyp bilersiňiz: Common Sense Media.
Açyk aragatnaşyk arkaly çagalaryňyzyň howpsuzlygyny saklaň
- Çagalaryňyza eger-de olary onlaýn keýpsizligi, oňaýsyzlygy ýa-da gorkyny duýmaklyga getirýän bir zat bar bolsa, bu hakda siz bilen gürleşip biljekdiklerini hem-de siziň gaharlanmajakdygyňyzy ýa-da olara temmi bermejekdigiňizi aýdyň.
- Kynçylykly ýagdaýyň alamatlary babatda hüşgär boluň. Çagaňyz dymma, tukat, ýaşyryn ýa-da onlaýn wagtyny geçirmä ýolugan bolsa dykkat ediň.
- Şähdaçyk goldaw we ruhlandyrma arkaly ynamly gatnaşyklary hem-de açyk aragatnaşygy ýola goýuň.
- Her bir çaganyň özboluşlydygyna we aragatnaşyk üçin dürli ýollary ulanyp biljekdigine üns beriň. Habaryňyzy çagaňyzyň zerurlyklaryna görä laýyk getirmek üçin wagt sarp ediň.
7. Öýdäki maşgala sazlaşygy
Haçanda biz parahat we mähirli gatnaşyklary guranymyzda, çagalarymyz özlerini has howpsuz we gowy görülýän duýýarlar. Pozitiw dil, aktiw diňleýiş we duýgudaşlyk şu dartgynly döwürde rahat we bagtly maşgala gurşawyny saklamaga ýardam eder.
Şu peýdaly maslahatlary ýükläp alyň [PDF formatda].
Biz çagalarymyz üçin nusgadyrys
- Biziň beýleki adamlar bilen gürleýşimiz we özümizi alyp barşymyz çagalaryň özlerini alyp baryşlaryna örän uly täsirini ýetirýär!
- Maşgaladaky her bir adam, uly ýaşlylar we çagalar bilen mylakatly gürleşmäge çalşyň.
- Öýdäki uly ýaşly adamlaryň arasyndaky erbet gatnaşyk çagalarymyza oňaýsyz täsir edýär.
- Çagalarymyz üçin parahat, söýülýän gatnaşyklary gurdugymyzça, olar şonça-da özlerini howpsuz we söýülýän duýarlar.
Pozitiw dili ulanyň. Onuň täsiri bar!
- Beýleki adamlara özüňiziň olaryň näme etmeklerini islemeýändigiňiz hakynda däl-de olaryň näme etmeklerini isleýändigiňiz hakynda aýdyň. “Gygyrma” diýen sözüň ýerine “Biraz ýuwaşrak gürläň” diýmäge çalşyň.
- Öwgi adamlary özlerini gowy duýmaklaryna we özleriniň gymmatyny bilmeklerine sebäp bolýar. “Agşamlyk naharyň yzyny ýygnanyň üçin sag bol” ýa-da “Çaga seredeniň üçin sag bol” ýaly ýönekeýje sözler uly täsir ýetirip biler.
Maşgala bolup bilelikde ýerine ýetirmek üçin ýakymly zatlar
- Her bir maşgala agzasyna her gün üçin tutuş maşgala işjeňligini gezekli-gezegine saýlamaga ýol beriň.
- Ýanýoldaşyňyz we öýüňizdäki beýleki uly ýaşly adamlar bilen boş wagtyňyzy geçirmegiň ýollaryny tapyň!
Duýgudaş aktiw diňleýji boluň
- Başga adamlar siz bilen gürleşeniňizde olary diňläň.
- Açyk boluň we olaryň aýdýan zatlaryny diňleýändigiňizi görkeziň.
- Jogap bermezden ozal eşiden zatlaryňyzy jemlemekligem kömek edip biler, ýagny: “Seniň aýdyşyňça ... ”.
Işleri paýlaşmak
- Çagalara we beýleki maşgala agzalaryna seretmek kyn, emma jogapkärçilikler paýlanylan wagty ol has aňsatlaşýar.
- Öý işlerini we beýleki wezipeleri maşgala agzalarynyň arasynda paýlamaga synanyşyň.
- Öýüňizdäki beýleki uly ýaşly adamlar bilen “iş wagtynyň” we “dynç wagtynyň” tertibini düzüň.
- Ýadaw ýa-da dartgynly haldakaňyz, dynç alyp bileriňiz ýaly kömek soramak adatydyr.
Dartgynlylygy ýa-da gahary duýýarsyňyzmy?
- Özüňize 10 sekunt wagt beriň. Bäş gezek haýaljakdan dem alyň we demiňizi goýberiň. Soňra bolsa rahatlyk bilen jogap bermäge çalşyň. Millionlarça ene-atalar onuň ÖRÄN ULY täsiriniň bardygyny aýdýarlar!
- Jedeliň döreýändigini göreniňizde, ylalaşmaklyga çagyryň, eger-de ony edip bilmeseňiz, başga jaýa geçiň ýa-da daşaryk çykyň.
8. Rahat bolmak we COVID-19 bilen bagly dartgynlylygyň hötdesinden gelmek.
Bu dartgynly wagtdyr. Çagalaryňyza kömek etmek üçin, ilki bilen öz aladaňyzy ediň.
Şu peýdaly maslahatlary ýükläp alyň [PDF formatda].
Siz ýeke dälsiňiz.
Millionlarça adamyň edil biziňki ýaly gorkulary bar. Özüňizi duýşuňyz hakynda gürleşip biljek adamyňyzy tapyň. Olary diňläň. Sizi dowla salýan sosial mediadan gaça duruň.
Arakesme alyň
Biziň ählimize wagtal-wagtal arakesme gerek. Çagalaryňyz ýatan wagty keýpiňiz çaglaýan ýa-da rahatlandyrýan bir zat bilen meşgullanyň. SIZIŇ etmegi halaýan sagdyn işleriňiziň sanawyny düzüň. Siz oňa mynasypsyňyz!
Çagalaryňyzy diňläň
Açyk boluň we çagalaryňyzy diňläň. Çagalaryňyz sizden goldawa we tesellä garaşýar. Çagalaryňyz özleriniň duýgulary bilen paýlaşanda, olary diňläň. Olaryň duýgusyny kabul ediň we olara rahatlyk beriň.
Arakesme alyň
Islendik wagt dartgynlylygy ýa-da howsalany duýanyňyzda, rahatlanmak üçin bir minutlyk arakesme alyň.
1-nji ädim: Ýagdaýyňyzy öňki kaddyna getirmek
- Rahat oturylýan ýeri tapyň, aýaklaryňyz tekiz ýeriň üstünde, elleriňiz dyzyňyzyň üstünde.
- Rahatlygy duýsaňyz gözleriňizi ýumuň.
2-nji ädim: Pikirlenmek, duýmak, beden
- Özüňizden soraň: “Men häzir näme hakynda pikir edýärin?”
- Pikirleriňize üns beriň. Olaryň negatiwdigine ýa-da pozitiwdigine üns beriň.
- Emosional duýgularyňyza üns beriň. Duýgularyňyzyň şatlyklydygyna ýa-da däldigine üns beriň.
- Bedeniňiziň özüni duýşuna üns beriň. Agyrýan ýeriňize ýa-da dartgynlylyga üns beriň.
3-nji ädim: Ünsüňizi demiňizde jemläň
- Dem alşyňyzy diňläň.
- Elleriňizi garnyňyza goýup, her gezek dem alanyňyzda onuň galyp-düşüşini duýuň.
- Öz-özüňize şu sözleri aýdyp bilersiňiz: “Ähli zat gowy. Näme bolanda-da meniň ýagdaýym gowy.”
- Biraz wagt demiňizi diňläň.
4-nji ädim: Yza dolanmak
- Bedeniňiziň özüni duýşuna üns beriň.
- Otagdaky seslere diň salyň.
5-nji ädim: Jogap hereketi
- Pikirleniň: ‘Özümi hemişekilerden tapawutly duýýanmy?’.
- Taýýar bolanyňyzda gözleriňizi açyň. Açyk boluň we çagalaryňyzy diňläň. Çagalaryňyz sizden goldawa we tesellä garaşýar. Çagalaryňyz özleriniň duýgulary bilen paýlaşanda, olara dykgat ediň. Olaryň duýgusyny kabul ediň we olary rahatlandyryň.
Çagaňyz sizi gaharlandyranda ýa-da bir zady alada edeniňizde arakesme almak peýdaly bolup biler. Ol size has rahat bolmaga mümkinçilik berer. Hat-da birnäçe ulydan dem alma ýa-da aýagyň astyndaky ýeri duýmak täsir ýetirip biler. Siz çagalaryňyz bilen hem arakesme alyp bilersiňiz!
9. Özüňi erbet alyp barmak
Hemme çagalar garagollyk edýär. Çagalaryň ýadaw, aç, gorkan bolmagy ýa-da özbaşdaklygy öwrenmegi adaty zatdyr. Olar öýde bolan wagtlary bolsa bizi däliredýärler.
Şu peýdaly maslahatlary ýükläp alyň [PDF formatda].
Gaýtadan ugrukdyrmak
- Özüňi ýaramaz alyp barmagyň öňüni alyň we çagaňyzyň ünsüni erbetden gowy tertibe gönükdiriň.
- Ol başlamanka öňüni alyň! Haçanda çagalar ynjalyksyz bolup başlanlarynda, siz nämedir bir gyzykly ýa-da hezil zat bilen olaryň ünsüni bölüp bilersiňiz: “Gel, bile oýun oýnaly!”
Arakesme alyň
Gygyrasyňyz gelýärmi? Özüňize 10 sekunt wagt beriň. Bäş gezek haýaljakdan dem alyň we demiňizi goýberiň. Soňra bolsa rahatlyk bilen jogap bermäge çalşyň. Millionlarça ene-atalar onuň ÄGIRT ULY kömek edýändigini aýdýarlar!
Kararlary ulanyň
Kararlar çagalarymyza olaryň edýän zatlary babatdaky jogapkärçiligi öwretmäge kömek edýär. Şeýle hem olar gözegçilik astyna alynýan düzgün-tertibe ýol berýär. Bu urmakdan ýa-da gygyrmakdan has netijelidir.
- Çagaňyza kararyňyzy aýtmazdan ozal siziň gözükdirmäňize eýermekligi ýol beriň.
- Kararyňyz hakynda aýdanyňyzada rahat bolmaga çalşyň.
- Işi soňuna çenli ýerine ýetirip biljekdigiňize göz ýetiriň. Mysal üçin, ýetginjegiň elinden telefonyny bir hepdelik almak kyn. Telefony bir sagatlyk almak has hakykata ýakyndyr.
- Kararyňyz güýjini ýitireninden soňra çagaňyza nämedir bolsa bir gowy zady etmäge ýol beriň we onuň üçin çagaňyzy öwüň.
Ikiçäk wagt. Gowulygy üçin öwgi we yzygiderli gün tertibi erbet özüni alyp barmany azaldar. Kiçi çagalaryňyza we ýetginjek çagalaryňyza jogapkärçiligi bolan ýönekeýje ýumuşlary tabşyryň. Olaryň bu işi ýerine ýetirip biljekdiklerine göz ýetiriň. Bu işi ýerine ýetirenlerinde olary öwüň!
10. Biz gaharlananymyzda
Biz kiçi we ýetginjek çagalarymyzy gowy görýäris, emma COVID-19, maliýe serişdeleri we izolýasiýa bilen bagly dartgynlylyk bizi gaharlandyryp biler. Beýlekilere zeper ýetirmezimiz ýaly gaharymyzy nädip gözegçilik astyna almalydygy we oňa nädip erk etmelidigi hakyndaky maglumat şu ýerde bar.
Eger-de siz gaharyňyza erk edip bilseňiz ýa-da nämedir bir pozitiw bir zady etseňiz, çagaňyzyň beýnisiniň ösüşini ýokarlandyrýandygyňyzy beýni bilen bagly ylym görkezýär. Bu bolsa hakyky üstünlikdir!
Şu peýdaly maslahatlary ýükläp alyň [PDF formatda].
Agajy başdan, ...
- Adatça islendik wagt bizi dartgynlyga salýan we gaharymyzy getirýän zatlar.
- Näme siziň gaharyňyzy getirýär? Ol haçan bolýar? Siziň adatça jogap hereketiňiz nähili?
- Onuň başyndan öňüni alyň. Eger-de ol siz ýadaw wagtyňyz başlasa, biraz gyşaryň ýa-da dynç alyň. Aç wagtyňyz bolsa, iýip biljekdigiňize göz ýetiriň. Ýekeligi duýsaňyz, kimdir birinden kömek soraň.
- Özüňize serediň. Pikirler babatda "arakesme almak" we "dartgynlylygy dolandyrmak" boýunça maslahatlary görüň.
Arakesme almak
- Gaharlanyp başlanyňyzda, köşeşmek üçin 20 sekundy sarp ediň. Gepläp ýa-da hereket edip başlamazdan ozal 5 gezek haýaljakdan dem alyň we demiňizi goýberiň.
- Hyjuwypyzy dolandyrmak üçin 20 minutlyk bir ýere çykyň. Eger-de daşarda howpsuz ýeriňiz bar bolsa, daşyna çykyň.
- Eger-de çagaňyz aglamasyny bes etmeýän bäbek bolsa, ony arkanlygyna ýatyryp, biraz wagtlyk daşyna gitmek ADATYDYR. Sizi köşeşdirer ýaly birine jaň ediň. Çagaňyzy her 5-10 minutdan barlap duruň.
Öz aladaňy etmek
- Biziň ählimize aragatnaşykda bolmak gerek. Günde dostlaryňyz, maşgalaňyz we beýleki goldaw beriji torlar bilen gürleşiň.
- Içgini azaldyň ýa-da içmäň, esasan hem çagalar oýa wagty.
- Sizde başgalara zelel ýetirmek üçin ulanylyp bilinjek ýaraglaryňyz barmy? Olary gulplap goýuň, gizläň ýa-da öýden äkidiň.
- Çagalar üçin öýde bolmaklyk howply bolsa, olaryň kömegi çagyrmak üçin öýden çykmaklary ýa-da biraz wagt başga ýerde bolmaklary ADATYDYR.
COVID-19 çökgünligi hemişelik däl – bize diňe häzirlikçe onuň hötdesinden gelmegimiz gerek.
11. Maliýe dartgynlylygy wagtynda maşgala býujeti.
Millionlarça adamlar COVID-19 sebäpli pul babatda galagoplydyr. Ol biziň güýçsüzligi, gahary we aljyraňlygy duýmagymyza sebäp bolup biler. Çagalar ýa-da ýetginjekler dawa sebäp bolup biljek zatlar hakynda sorap bilerler. Emma biz maliýe dartgynlylygyň hötdesinden gelmäge ýardam etjek zatlary edip bileris.
Şu peýdaly maslahatlary ýükläp alyň [PDF formatda].
Çagalary we ýetginjekleri maşgala býujetini düzmek işine höweslendiriň
- Býujet – bu hat-da dartgynly ýagdaýda-da pulumyzy nähili sowmalydygy babatdaky biziň çözgüdimizdir.
- Býujeti bilelikde düzmek çagalara çylşyrymly döwürde biziň kyn çözgütleri kabul etmelidigimize düşünmäge kömek edýär.
- Ol şeýle hem maşgalalarda aýyň ahyrynda ýeterlik pul serişdeleriniň bolmaklygyna we az karz almaga ýardam edýär.
Biz häzir puly nämä harç edýäris?
- Bir bölek kagyz (ýa-da köne gazet ýa karton guty) we ruçka alyň.
- Her aý özüňiziň we maşgalaňyzyň pul harç edýän zatlaryny çekiň.
- Soňra her suratyň ýanynda zatlaryň bahasyny ýazyň.
- Aýda näçe sowýandygyňyzy bilmek üçin olaryň bahalaryny goşuň.
Gerek zatlar we islenilýän zatlar hakynda gürleşiň
- Gerek zatlar: Maşgalaňyza ýagdaýyň hötdesinden gelmek üçin nähili zatlar wajyp ýa-da hökman bolmaly? (syrkaw ýa-da maýyplygy bolan agzalary bar maşgala üçin azyk önümleri, elleri ýuwmak üçin sabyn gereklidir)
- Islenilýän zatlar: Haýsy zatlar wajyp däldigine garamazdan, elýeterli bolsa has gowy?
- Çagalaryňyz bilen nämä birkem azrak pul sarp etmäge synanyşjakdygyňyz hakynda maslahatlaşyň.
Öz býujetiňizi düzüň
- Içi daşly torbany ýa-da örän köp predmetleri bolan bir zady tapyň. Bu siziň bir aýlyk puluňyz.
- Maşgala bolup nämä näçe harçlajakdygyňyzy çözüň we daşlary suratyňyza goýuň.
- Eger-de geljek üçin ýa-da başga bir gaýragoýulmasyz ýagdaý üçin sähelçede bolsa pul tygşytlap bilseňiz, bu örän gowy!
Alyp boljak kömegi agtaryň
- Siziň hökümetiňiz COVID-19 döwründe maşgalalara pul ýa-da azyk önümlerini berip biler.
- Jemgyýetiňizde hemaýat berilýän ýerler hakynda gyzyklanyň.
12. COVID-19 döwründe adam köp öýlerde we jemgyýetlerde çagalary terbiýelemek.
Köp adamly şertlerde ýaşaýan maşgalalar üçin COVID-19-dan maşgalany goramak we sagdyn saklamak has çylşyrymlydyr. Emma maşgalaňyz üçin ony has ýeňilleşdirmek ugrunda siziň edip biljek birnäçe zatlaryňyz bar.
Şu peýdaly maslahatlary ýükläp alyň [PDF formatda].
Bolýan ýeriňizde galyň
- Gönüden-göni ýaşaýan ýeriňizden gitmekligi we dolanmaklygy mümkin boldugyça çäklendiriň hem-de mümkin boldugyça seýrekleşdiriň.
- Ýaşaýan ýeriňizden diňe iýmit ýa-da lukmançylyk kömegini almak ýaly esasy sebäpler bilen çykyň.
Çagaňyza fiziki aradaşlyk babatda kömek ediň
- Çagaňyza olaryň beýleki adamlardan wagtlaýyn fiziki aradaşlygy saklamak arkaly özlerini we jemgyýeti sagdyn saklamaklyk boýunça wajyp wezipesiniň bardygyny düşündiriň.
- Olara beýleki adamlardan howpsuz fiziki aradaşlygy saklamaga çalyşanda, olara höweslendiriji äheňde üns beriň.
Elleri ýuwmaklygy we arassaçylygy hezillige öwrüň!
- Sabyny we suwy tapmaklygyň kyn bolmagy mümkin, emma başga wagta garanyňda edil häzir gigiýenany berjaý etmek has wajypdyr.
- Ähli maşgala agzalarynyň ellerini mümkin boldugyça ýygy-ýygydan ýuwmaklygyna çalşyň.
- Çagalara bir-birine ellerini nähili ýuwýandyklaryny öwretmäge ýol beriň.
- Çagalary ýüzlerini ellemeklikden gaça durmaga ruhlandyryň.
Işleri paýlaşmak
- Daryşgan ýerlerde çagalara we beýleki maşgala agzalaryna ideg etmek kyndyr, emma jogapkärçilikler bölünende ol has aňsatlaşýar.
- Öý işlerini, çaga seretmekligi we beýleki wezipeleri maşgala agzalarynyň arasynda deň paýlamaga synanyşyň.
- Öýüňizdäki beýleki uly ýaşly adamlar bilen “iş wagtynyň” we “dynç wagtynyň” tertibini düzüň.
- Ýadaw ýa-da dartgynly haldakaňyz, dynç alyp bileriňiz ýaly kömek soramak adatydyr.
Gündelik maşklar
- Çagalary gönüden-göni siziň gurşawyňyzda ýaşamaýan adamlar bilen gatnaşykdan gaça durulýan wagty olaryň edip biljek hereketleri hakynda pikirlenmäge ruhlandyryň.
- Bökmek, tans etmek ýa-da aýlawda ylgamak hezil bolup biler!
Arakesme almak
- Duýýan dartgynlygyňyzyň we emosiýalaryňyzyň hötdesinden gelmek üçin ýeriňiziň bolmazlygy mümkin.
- Dartgynlylygy ýa-da gussany duýan wagtyňyz arakesme ediň ... hatda üç sany ulydan dem alyş hem täsir ýetirip biler. Millionlarça maşgalalar onuň kömek edýändigine göz ýetirdiler.
Keýpi çag bolmak, gün tertibiniň bolmagy we mümkin bolan wagty her çaga bilen ikiçäk bolmaga çalyşmak size çaganyň özüni alyp barşyny we öz duýgularyňyzy dolandyrmaga ýardam eder.
13. Maýyplygy bolan çagalary terbiýelemek
All children, including those with disabilities, need love, respect, nurturing, and time, especially during difficult and uncertain times.
Download these tips [PDF format].
Ähli çagalar, şol sanda maýyplygy bolan çagalar has hem çylşyrymly we näbelli döwürde söýgä, hormata, terbiýä hem-de wagta mätäç bolýarlar.
Şu peýdaly maslahatlary ýükläp alyň [PDF formatda].
Çagaňyzy howpsuzlykda saklaň
- Çagaňyza öýüň içinde, hem öýden daşarda mümkin boldugyndan işjeň bolmaklyga kömek edýän wagtyňyz COVID-19 babatda ýerli gözükdirmelere eýermeklik maslahat berilýär.
- Ýerli hemaýat ediji topardan ýa-da öňüni alyş merkezlerinden COVID-19 boýunça ýörite çäreleri geçirmekligi soraň.
- Gaýragoýulmasyz ýagdaýlar üçin habarlaşmak üçin telefon belgilerini özüňiz üçin görnükler ýerde asyň, mysal üçin, sowadyjynyň ýüzünde.
Başarsaňyz kömek soraň
- Işleri beýleki maşgala agzalary bilen paýlaşyň.
- Siz ýeke dälsiňiz! Ýagdaýyňyza düşünýän adamlar bilen aragatnaşygy saklaň. Kynçylyklaryňyzy WE üstünlikleriňiz bilen paýlaşyň.
- Häzirki döwürde dartgynlylygy, keýpsizligi we gorkyny duýmaklyk adatydyr.
- Özüňize mylakatly boluň we gerek wagty arakesme alyň! Has köp maslahatlary şu ýerde görüp bilersiňiz: “Haçanda biz gaharlananymyzda” we “Rahat bolmak we dartgynlylygyň hötdesinden gelmek”.
Goldaw beriň, duýgudaşlyk ediň we söýüň
- Çagaňyzda onda adatça bolýan şol bir goldawyň bolmazlygy mümkin. Bu bolsa ýokary dartgynlylyk, howsalalyk we lapykeçlik ýaly artykmaç meselelere getirip biler.
- Çagaňyz özüni adaty we söýülýän duýar ýaly olary gujaklaň we olar biler gepleşmek arkaly goldaw beriň.
- Pozitiw beden dili, hereketler we sözler uly täsirini ýetirýär!
Çagaňyz bilen aragatnaşykda bolmak
- Çagaňyz bilen aragatnaşykda bolanyňyzda özüňizi çaga ýaly alyp baryň.
- Göz gatnaşygyny we keýpiçaglygy saklaň.
- Çaga aragatnaşykda bolmaga mümkinçilik bermek üçin wagtyňyzy sarp ediň.
- Synlaň, diňläň we çagaňyzy diňländigiňizi tassyklaň.
Pozitiwligi pugtalandyryň!
- Çagalaryňyzyň artykmaçlyklaryny öwgi bilen pugtalandyryň we olaryň edip bilmeýän işlerini nygtamaga derek, olary başarnyklary babatda ruhlandyryň.
- Çagalara diňe olara gerek wagty kömek ediň. Gereginden artyk kömek olaryň garaşsyz bolmak mümkinçiligini ret eder we özlerini çenden-aşa goraglanylýan hökmünde duýmaklaryna getirer.
Gün tertibini pugtalandyrmak
- Gün tertibi çagalara howpsuzlygy duýmaga kömek edýär. Goşmaça maglumaty şu ýerde görüp bilersiňiz: “Gurluşlary almak”.
- Çagaňyz üçin tanyş bolan işler bilen gündelik gün tertiplerini dörediň, gün tertibine olaryň söýgüli güýmenjelerini giriziň.
- Çagaňyza telefon çatlary, hatlary ýazmak ýa-da surat çekmek arkaly dostlary we maşgala agzalary bilen aragatnaşykda bolmaga ýardam ediň.
- Çagaňyzda gözegçilik duýgusy bolar ýaly oňa saýlamaga ýol beriň. Şeýle hem ol öz-özüňe bolan sarpany ýokarlandyrýar.
- Gerek bolanda çagalar üçin ýönekeý dili we anyk gözükdirmeleri hem-de werbal bolmadyk aragatnaşygy ulanyň (mysal üçin: hereketler, suratlar we görkezme esbaplar).
14. Ýetginjekleri terbiýelemek
Ýetginjekler mekdebi, dostlaryny we özleriniň adaty durmuşyny küýsäp bilerler. Olara goldaw bermek, şol sanda özlerini garaşsyz duýar ýaly gurşaw bermek wajypdyr.
Şu peýdaly maslahatlary ýükläp alyň [PDF formatda].
Ýetginjek çagaňyz bilen wagtyňyzy bilelikde geçiriň
- Dostlar we maşgala bilen aragatnaşykda bolmagyň döredijilikli ýollaryny meýilleşdiriň (mysal üçin, habarnamalary ýazmak ýa-da surat çekmek).
- Bilelikde halaýan naharyňyzy taýýarlaň.
- Olaryň söýgüli sazyny bilelikde ýerine ýetiriň.
- Olaryň halaýan zatlary hakynda gürrüň ediň: sport, saz, ýyldyzlar – meşhur adamlar, dostlar.
COVID-19 hakynda gürleşiň
- Olary faktlary kesgitlemek işine çekiň we olaryň soraglaryny diňläň.
- Olara radio gepleşikden, gazetdäki makaladan ýa-da internetden makalalary tapmagy hem-de maşgala ol hakynda gürrüň bermegi tabşyryň.
Jogapkärçiligi paýlaşmak
- Ýetginjekler goşmaça jogapkärçiligiň bolmagyny halaýarlar. Size kömek edip biljek işini olaryň özüne saýlamaga ýol beriň.
- Günüň dowamynda her-kimiň lezzet alýan zady bilen meşgullanmaly wagtyny kesgitläň.
- Zenanlaryň/erkekleriň we gyzlaryň/oglanlaryň arasynda jogapkärçilikleri deň paýlaň.
Gün tertibini düzmek
- Ýetginjek çagaňyzy gün tertibini düzmeklige höweslendiriň.
- Bilelikde maksatlary we baýraklary belläň.
- Ýetginjek çagaňyzyň öý işleri we mekdep işi üçin meýilleşdirilen wagty bilen birlikde dynç almak üçin wagtynyň bardygyna göz ýetiriň.
Ýaramaz tertip bilen iş salyşmak
- Özüni gödek alyp barmanyň täsirleri hakynda gürleşiň.
- Ýetginjek çagaňyz bilen başga çykalgalary agtaryň we olara teklipleri bermäge ýol beriň.
- Takyk we adalatly düzgünler hem-de çäklendirmeler babatda bilelikde netijä geliň.
- Ýetginjek çagaňyz özüni gowy alyp baranda we tabşyryklary berjaý edende, ony öwüň.
Mähribanlygy we rehimligi ündäň
- Syrkawlan adamlara we syrkawlara ideg edýän adamlara mähriban hem-de rehimli gatnaşygy dörediň.
- Ýetginjek çagaňyzyň kemsidilmä duçar bolan kişini goramak ýa-da goňşa azyk önümlerini getirmäge kömek etmek ýaly işler arkaly häzirki ýagdaýy nädip gowlandyryp bolýandygy barada gürrüň beriň.
Ýetginjek çagaňyza dartgynlygyň hötdesinden gelmäge kömek ediň
- Ýetginjekler hem dartgynlygy duýup bilerler – kä wagtlar siziňkä garanyňda düýbünden tapawutly zatlar babatda.
- Olara özlerini duýuşlaryny beýan etmäge ýol beriň we olaryň duýgularyny kabul ediň.
- Ýetginjek çagaňyzy diňlemäge we zatlara olaryň gözi bilen garamaga çalşyň.
- Bilelikde rahatlandyryjy we hezil işler bilen meşgullanyň.
Ýetginjek çagaňyzy onlaýn howpsuzlykda saklaň
- Ýetginjek çagaňyzy enjamlary sagdyn ulanmak hakyndaky maşgala tehnologiki ylalaşyklaryny baglaşmaga höweslendiriň.
- Ýetginjek çagaňyza şahsy maglumaty nädip gizlin saklamalydygyny öwrenmäge kömek ediň, esasan hem nätanyş adamlardan.
- Ýetginjek çagaňyza Internetde ýakymsyzlygy duýan wagty onuň siz bilen gürleşip biljekdigini ýatladyň.
15. Täze doglan çaga ideg etmek
Biz ýaş çaga bilen köp wagtymyzy öýde geçirýäris we COVID-19 ony has hem dartgynly edýär. Özüňiz we çagaňyz babatda izolirlemäni, çenden aşa ýüki, aladany we gorkyny duýmak adaty ýagdaýdyr.
Şu peýdaly maslahatlary ýükläp alyň [PDF formatda].
Paýlaşmaklyk alada etmeklikdir
- Başga adamlar bilen habarlaşmak we aragatnaşyk saklamak üçin sosial mediany, telefon jaňlaryny we bolýan ýeriňizdäki islendik zatlary ulanyň.
- Çagaňyza başga adamlar bilen gezekli-gezegine ideg ediň. Wagty ÖZÜŇIZ üçin hem sarp ediň.
- Güýjüňiz bolar ýaly çagaňyz uklan wagty sizem ýatyň.
Bäbegiňiz bilen aragatnaşyk saklamak
- Bäbegiňiziň hereketlerini gaýtalamak bilen onuň yzyna eýeriň.
- Olaryň wüjürdisini ýa-da sözlerini gaýtalaň we baş galdyryň.
- Bäbegiňiz bilen gürleşeniňizde onuň adyny tutuň.
- Bäbegiňiziň näme edýändigini suratlandyrmak üçin sözleri ulanyň.
Bäbegiňiz bilen bilelikde öwreniň
- Olaryň gurşawyny gyzykly ediň!
- Bäbekler höweslendirmä jogap berýärler.
- Goý bäbegiňiz 5 duýgy arkaly dünýäni öwrensin!
Bäbekler oýunlar arkaly öwrenýärler!
- Özüňizi bäbegiň ornunda goýuň, onuň sizi görýändigine we eşidýändigine göz ýetiriň.
- Bukuldym oýnaň, aýdymlary ýa-da hüwdüleri aýdyň, kubikleri ýa-da depejikleri düzüň.
- Bilelikde saz çalyň: pitileri kakmak, treşşotkany oýnamak, içi noýbaly bankany silkelemek.
- Hat-da çaga örän kiçi ýaşda bolsa-da, bilelikde kitap okaň. Suratlarda bolup geçýän wakalary suratlandyryň. Bäbegiňize kitaby ähli duýgulary bilen öwrenmäge ýol beriň.
Bäbekler aglanda
- Dessine bäbegiňize jogap beriň.
- Nämäniň bäbegiňizi bimaza edindigini anyklamak üçin barlaň.
- Gundamak ýa-da emaýlyk bilen yramak bäbegiňizi köşeşdirip biler.
- Hüwdüniň aýdylmagy ýa-da mylaýym sazyň aýtdyrylmagy köşeşdiriji bolup biler.
- Rahatlanyň we arakesme alyň. Siz bäbegiňizi arkanlygyna howpsuz ýerde goýup, daşyna çykyp bilersiňiz. Bäbegiňizi her 5-10 minutdan barlap durýandygyňyza göz ýetiriň.
- Eger-de siz bäbegiňize zelel ýetendir ýa-da keselländir diýip pikir etseňiz, lukmançylyk kömegini sorap ýüz tutuň ýa-da saglyk öýüne gidiň.
Öwrenýärkä çagalaryňyza, şol bir wagtda ene-ata hökmünde özüňize mähirli boluň!
- Şu gün nämedir bolsa bir zadyň gowy bolmandygy ýa-da özüňize erk edip bilmändigiňiz sizi ene-ata hökmünde kesgitlemeýär. Özüňize şu gün hat-da kiçi bolup görünýändigine garamazdan gowy eden zatlaryňyzy ýatladyň.
Bu çagalary terbiýelemek boýunça peýdaly maslahatlar Ömürboýy Saglyk üçin Çagalary Terbiýelemek başlangyjynyň elýeterli bölegi hökmünde düzüldi.