Kampaniýa gatnaşmagyň wagty geldi

Dynç alyşdan we ýyly howadan lezzet alyp, #BuTomusdaSeresapBoluň (#SummerSense)

UNICEF ECARO
SummerSense
UNICEF Turkmenistan
21 Iýun 2021

Agyr ýyldan soňra Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň köp ýurtlary COVID-19 bilen bagly çäklendirmeleri gowşadýarlar hem-de tomusa taýýarlanýarlar. Hemmeler syýahata, dostlar we maşgala agzalary bilen duşuşyklara garaşýarlar; emma keseliň möwjemeginden gaça durmak we pandemiýanyň soňuna çykmak üçin tomus döwri seresaplylygyň berjaý edilmegi aýgytlaýjy ähmiýete eýedir.

“Biziň ählimiz, esasan hem çagalar geçen ýyl dartgynly we agyr wagty başdan geçirdik. Çagalar dostlary bilen oýnamak we wagtlaryny maşgalalary bilen geçirmek isleýärler. Eger-de tomus wagty eserdeň bolsak, pandemiýa bilen göreşde ýetilen ösüşi yza serpikdirmek töwekgelçiligini etmän, biz ýakynlarymyz bilen geçiren wagtymyzdan lezzet alyp bileris.” –

diýip, Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ÝUNISEF-iň sebitleýin direktory Afşan Han aýtdy.

COVID-19 garşy sanjym biziň käbirlerimiz üçin goragyň belli bir derejesini üpjün etdi, emma adamlaryň köpüsine heniz sanjym edilmedi. COVID-19 garşy sanjymlar keseliň agyr görnüşiniň ýitileşmeginiň we ölüm bilen gutarmaklygynyň öňüni almakda netijelidir. Ýöne henize çenli sanjym edilmäniň nähili derejede sanjym edilen adamlara keseliň ýokmaklygynyň we ýokanjyň beýleki adamlara geçmeginiň öňüni alýandygy düşnüksiz. Mundan başga-da, käbir ýurtlarda sanjym ediliş geriminiň pes derejede galýandygy sebäpli, sanjym etmek işini tizleşdirmek hem-de özüňi, ýakynlaryňyzy we ýerli jemgyýeti goramak üçin maslahat berilýän ähli çäreleri görmek wajypdyr.

Ulular bilen deňeşdireniňde, çagalar COVID-19-yň agyr alamatlarynyň ýitileşmegi babatda has pes töwekgelçilige duçardyrlar. Şol bir wagtda, olara kesel ýokuşyp bilýär, olar syrkawlap we ýokanjy başgalara geçirip bilýärler. Hossarlar, şol sanda eýýäm sanjym edilenler we çagalaryň özleri tomus döwründe we ilatyň aglaba bölegine sanjym edilýänçä, edil öňküsi ýaly keseliň ýokuşmaklygyndan goranmak boýunça çäreleri görmelidirler.

“COVID-19 gönüden-göni kesel ýokaşanlardan başga-da, çagalara we maşgalalara täsirini ýetirdi. Köp çagalar maşgala agzalaryny ýitirdiler hem-de bilimden we derwaýys lukmançylyk hyzmatlaryndan, şol sanda meýilleşdirilen sanjym edilmeden mahrum boldular. Pandemiýa çagalary olaryň sosial gurşawyndan aýra saldy. Jemgyýetden üzňelik psihiki saglygy ýaramazlaşdyrdy, uky bilen bagly meselelere sebäp boldy we fiziki işjeňligiň peselmegine getirdi. Käbir çagalaryň öýde zorluga duçar edilen bolmagy mümkin. Çagalaryň mekdebe howpsuz ýagdaýda gaýdyp gelmegi üçin olaryň tomus döwründe goragynyň üpjün edilmegi möhümdir, olaryň ösüşi üçin ol esasy ähmiýete eýedir.” –

diýip Afşan Han dowam etdi
SummerSense
UNICEF Turkmenistan

Çagalarymyzy, esasan hem has goragsyzlary goramak üçin tomus dynç alyş döwründe Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ÝUNISEF-iň sebitleýin bölümi #SummerSense kampaniýasynyň çäklerinde BSGG-niň ÝSB-na goşuldy.

#BuTomusdaSeresapBoluň (#SummerSense) diýmek nämäni aňladýar?

Bu biziň edýän hereketlerimizde pähim-paýhasly we seresaply bolmagy aňladýar:

  • COVID-19 ýokanjy bilen kesellemek we ony ýaýratmak töwekgelçiigini kemeltmek maksady bilen syýahatlaryň zerurlygy hakynda ýene bir ýola pikirlenmek.
  • Öýden çykylan pursatdan öýe gaýdylyp gelinýänçä her tapgyrda töwekgelçilige baha bermek.
  • Elleri ýygy-ýygydan ýuwmak, howpsuz araçägi saklamak we beýlekilerden howpsuz araçägi saklamak mümkin bolmadyk halatynda agyz-burun örtügini dakmak ýaly seresaplylyk çärelerini görmek.
  • Ýapyk, çäkli ýa-da adamly ýerlerden gaça durmak. Onuň deregine biz adamlar bilen mümkin boldugyndan açyk howada ýa-da açyk, ýelejiredilýän ýerlerde duşuşmalydyrys.