Bütindünýä çagalar gününde körpeler Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde myhmançylykda
Isgender we Patma “Siziň üçin, körpeler!” gepleşiginde myhmançylykda.
Bütindünýä çagalar gününde Türkmenistanyň çagalary “Siziň üçin, körpeler!” atly meşhur telegepleşikde myhmançylykda. Ýaşajyk habarçylar Isgender we Patma ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand bilen Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýa we onuň çagalar üçin ähmiýeti barada söhbetdeşlik geçirdiler. Studioda ýaşajyk habarçylar we körpeler öz arzuw-hyýallaryny we geljekde kim bolmagy isleýändikleri hakyndaky pikirlerini paýlaşdylar.