ÝUNISEF Türkmenistanda çagalary goramak ulgamyna baha bermegiň deslapky netijeleri bilen tanyşdyrýar

ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümeti bilen çagalary goramak ulgamyny berkitmek we BMG-niň Çaganyň hukuklary boýunça komitetiniň maslahatlaryny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk edýär.

Mähriban Seýtliýewa, Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen, ÝUNISEF Türkmenistan
UNICEF delivers personal protective equipment to support the protection of medical workers
UNICEF Turkmenistan
01 Dekabr 2021

1-nji dekabr, Aşgabat– Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen birlikde, ÝUNISEF Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça DÖM-niň bilelikdäki maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen çagalary goramak ulgamyna baha bermegiň deslpaky netijelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin tegelek stoly gurady. 

Bahalandyrmany Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi we ÝUNISEF geçirdi we ol döwlet edaralarynyň wezipelerini, olaryň güýçli taraplaryny we mundan beýläk hem gowulandyrmagy talap edýän ugurlary kesgitlemek, şeýle-de durmuş goraglylygynyň integrirlenen ulgamynyň çäklerinde çagalary goramaga jogapkärçilik çekýän edaralaryň nähili roly oýnap biljekdigine has gowy göz ýetirmek üçin gönükdirilendir.

Bu çärä bahalandyrma boýunça alnan netijeleri we maslahatlary ara alyp maslahatlaşmak üçin ýurduň hökümetiniň resmi wekilleri we halkara bilermenler gatnaşdyrlar. ÝUNISEF-ň halkara bilermenleri tarapyndan guralan tegelek stol çagalary goramak ulgamyny kämilleşdirmek bilen meşgullanýan ministrlikleri we pudak edaralaryny hemmetaraplaýyn we ylmy taýdan esaslandyrylan maglumatlar bilen tanyşdyrmaga gönükdirildi we ejiz maşgalalaryň we olaryň çagalarynyň zerurlyklaryna jogap beriş mehanizmlerini gowulandyrmak üçin deliller berildi. Ondan başga-da, çärä gatnaşyjylar çagalary goramak ulgamyny özgertmek boýunça sebitiň ýurtlarynyň öňdebaryjy tejribesi hakynda maglumat almaga mümkinçilik aldylar.

Esasy edaralar (çykalgasyz ýagdaýda edaralarda ýerleşdirmek) hökmünde, olaryň oýnaýan roluny girizmek (1) we çagalaryň we maşgalalaryň ýagdaýlaryna baha bermek boýunça durmuş işi hünärmenleri bilen utgaşyklygy üpjün etmek (2) üçin bahalandyrmanyň esasynda Hossarlyk we howandarlyk baradaky topar, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky topar we lukmançylyk-pedagogik topar hakyndaky Düzgünnamalara düzedişleri girizmek zerurdyr. Saglygy goraýyş, bilim we ýaşlar boýunça syýasaty kämilleşdirmek bilen bir hatarda, durmuş goraglylygy pudagyny kämilleşdirmek Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryna girýär.

«Dünýädäki her bir döwlet ejiz maşgalalary we çagalary ýüze çykaryp biljek, olaryň anyk zerurlyklaryny kanagatlandyrýan durmuş hyzmatlary bilen üpjün edip biljek we bu hyzmatlaryň üpjünçiliginiň ugtaşmasyny we monitoringini üpjün edip biljek çagalaryň goramagyň güýçli ulgamyna maýa goýmalydyr», - diýip ÝUNISEF-ň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandr Nartea aýtdy.  «Çagalary goramagyň netijeli ulgamlary hereket edýän ulgamdaky boşluklara baha bermek we olary ara alyp maslahatlaşmak, zorluklar, rehimsiz daraşma we äsgermezlik ýaly ýagdaýlaryň öňüni almak we olara garşy jogap bermek arkaly döredilýär».

ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýurtdaky ejiz çagalaryň ýagdaýlaryny gowulandyrmak boýunça çagalary goramak ulgamyny kämilleşdirmek we BMG-niň Çaganyň hukuklary boýunça komitetiniň maslahatlaryny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk edýär.