ÝUNISEF, hereket edýän kanunçylygynyň gözden geçirilmesiniň ilkinji netijeleri bilen tanyşdyrýar.

ÝUNISEF, Türkmenistanyň hökümeti bilen hukuk goraýjy edaralaryň we çagalary durmuş taýdan goramaga gönükdirilen edaralaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny has hem kämilleşdirmek we hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda uly işleri alyp barýar.

Mähriban Seýtliýewa, Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen, ÝUNISEF Türkmenistan
UNICEF presents the initial findings of the Review and Analysis of the current legislation
UNICEF Turkmenistan
02 Dekabr 2021

Aşgabat, 2-nji dekabr - ÝUNISEF, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi bilen bilelikde, kanun bilen gatnaşygy bolan çagalara, hususan-da pidalara we jenaýat şeýle-hem kazyýet işlerinde şaýatlara, düzgün bozmalary bar bolan we raýat kazyýet işlerine gatnaşýan çagala degişli Türkmenistanyň kanun çykaryjy we kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň  gözden geçirilşiň we seljermäniň deslapky netijelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin tegelek stol geçirdi.

Bu geçirilen çärede, ýurduň hökümetiniň resmi wekilleri we halkara bilermenler, kanunlar bilen gatnaşygy bolan çagalar baradaky Türkmenistanyň häzirki kanunçylygynyň we onuň çagalaryň halkara adalat ülňülerine laýyklygynyň we berjaý edilişiniň seljermesiniň ilkinji netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen bir hatarda, tegelek stola gatnaşyjylar, Türkmenistanda çagalara bolan dostlukly we hoşniýetli garaýyşlary berkitmäge gönükdirilen synyň we seljermäniň netijesinde teklipleriň taslamasy barada özara pikir alyşdylar. Milli kanunçylygyň gözden geçirilmesi we seljerilmesi Ýokary Kazyýetiň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň, Içeri işler ministrliginiň, Baş prokuraturanyň, Döwlet, Hukuk we Demokratiýa institutynyň, Döwlet iş dolandyryş müdirliginiň, Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy we BMG babatdaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça pudagara toparynyň iş meýilnamasynyň çäginde Adam hukuklary boýunça ygtyýarlandyrylan wekiliniň we beýleki guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Seljermäniň esasynda Türkmenistanyň hukuk ulgamy halkara kadalaryna laýyk gelýän çaga adalat ulgamynyň möhüm elementleri, şol sanda jenaýat jogapkärçiliginiň iň kiçi ýaşynyň ýokary derejesini, adalatly kazyýet derňewine we çözgüdine bolan hukuklarynyň giňden berilmegini, öňünden deslapky tussag etmekligi ulanmagy çäklendiriji kriteriýalary we azatlykdan mahrum etmek ýaly çäreler üçin alternatiwalaryň bolmagyny üpjün edýär. 

Çagalar üçin dolulygyna ähli taraplaýyn hemme zady öz içine alýan şeýle hem dostlukly we hoşniýetli giňişleýin ulgamyna ýetmek maksady bilen çärä gatnaşyjylar, Türkmenistanda Çaganyň hukuklary baradaky Milli hereket meýilnamasynyň çäginde çagalaryň adalat ulgamyny kämilleşdirmek üçin ýol kartasyny bilelikde işläp düzmegi teklip etdiler.

“Türkmenistan Durnukly Ösüş Maksatlary durmuşa geçirmegiň bir bölegi hökmünde hukuk we kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek tapgyryny üstünlikli geçýär we ÝUNISEF hökümetiň adalat ulgamyny berkitmekde we ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kanunlar bilen gatnaşygy bolan çagalar üçin adalatlylygy üpjün etmekde hökümetiň möhüm ornuna ýokary baha berýär”, - diýip YUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Alekdandru Nartýa belläp geçdi.  

ÝUNISEF Türkmenistanyň hökümeti bilen hukuk goraýjy we durmuş taýdan goramak boýunça guramalarynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny we hünär derejesini ýokarlandyrmak, kanun bilen gatnaşykda bolan has giň çagalar toparyny öz içine almak we olary goramak üçin proseduralary we hyzmatlary kämilleşdirmegiň ugrunda köp işleri geçirýär.