Türkmenistan boýunça Milli meýletin syn

Türkmenistan halkara jemgyýetiniň işjeň agzasy hökmünde ýurduň milli maksatnamalaryna we durmuş-ykdysady ösüş boýunça strategiýalaryna Durnukly ösüş maksatlaryny 17-sini hem girizmek bilen, resmi taýdan kabul eden ilkinji ýurtlaryň hataryna girýär.

Esasy wakalar

2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda Gün tertibi häzirki döwrüň meselelerine çözgüt tapmakda halkara derejesinde edilýän tagallalaryň netijesidir. Halkara jemgyýetiniň işjeň agzasy hökmünde Türkmenistan durnukly ösüş maksatlaryny işläp taýýarlamaga mynasyp goşandyny goşdy we 17 Durnukly ösüş maksadyny milli maksatnamalara we durmuş-ykdysady ösüş strategiýalaryna girizmek bilen ony ilkinji kabul eden ýurtlaryň hataryna girýär. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda Gün tertibi häzirki wagtda alnyp barylýan milli syýasatyň durmuşa gönükdirilişini çuňlaşdyrmaga ýardam berýän we ýurduň üç ugurda, ýagny durmuş, ykdysady we ekologiki taýdan deňagramly ösüşini üpjün edýän esasy strategiýa bolup durýar. Durnukly ösüş maksatlarynyň bitewiligini nazara alyp, Türkmenistan ony durmuşa geçirmäge toplumlaýyn çemeleşýär. Bu Meýletin milli synda öz beýanyny tapýar.

Voluntary National Review of Turkmenistan cover image
Awtor
Türkmenistanyň Hökümeti
Çap edilen senesi
Diller
Iňlis dili, Rus dili

Files available for download