Ene-atalary we ähli çagalary irki ýaşdan öwrenmäge gatnaşmagyny üpjün etmek
Bu resminamada synag edilýän ÇIÖ merkezleri we degişli toparlara berilýän ýerli hyzmatlar barada gysgaça beýan edilýär.
Esasy wakalar
Ýerli derejede hyzmatlary ýola goýmak çylşyrymly iş bolup, bu hemmetaraplaýyn çemeleşmegi talap edýär. Bu esasan hem çagalaryň bähbidi üçin netije gazanmakda we dürli pudaklary bu işe çekmekde kyn bolýar. ÝUNISEF çaganyň irki ösüşi boýunça merkezleriň maşgalalary ýerli derejede goldamak hyzmatlaryny ýerine ýetiriş mümkinçiliklerine gözegçilik etmäge we resmileşdirmäge ýardam berdi. Elýeterli hyzmatlary häsiýetlendirmegiň we olara baha bermegiň çäklerinde merkezleriň işiniň netijeliligini barlamak hödürlenilýän hyzmatlar bilen bildirilýän talaplar arasyndaky boşlugy, şeýle-de hünärmenleriň, durmuş işi boýunça hünär taýýarlykly işgärleriň we merkezler hakynda maglumat ýetmezçiligi, ählitaraplaýyn çemeleşmeleri ileri sürmekdäki meseleler sebäpli ýüze çykýan pes hilliligi kesgitlemäge ýardam berdi.