2015-2016-njy ýyllaryň Köp görkezijiler boýunça klasterleýin barlagy
Türkmenistandaky çagalar we zenanlar baradaky giň möçberli görkezijiler boýunça halkara derejede deňeşdirme maglumatlary

Esasy wakalar
2015-2016-njy ýyllaryň Köp görkezijiler boýunça klasterleýin barlagyny (MIKS) Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bütindünýä MIKS maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirdi. Tehniki goldaw ÝUNISEF tarapyndan üpjün edildi. MIKS bütindünýä maksatnamasy çagalar we zenanlar baradaky giň möçberli görkezijiler boýunça halkara derejede deňeşdirme maglumatlary toplamakda ýurtlara ýardam bermek üçin esaslandyryldy. Ol öý hojalyklary boýunça halkara barlag maksatnamasy hökmünde ÝUNISEF tarapyndan 1990-njy ýylda işlenip taýýarlanyldy. MIKS barlaglary ýurtlara syýasatlary we maksatnamalary işläp taýýarlamak we Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetilmegine gözegçilik etmek üçin gerekli maglumatlary ulanmaga mümkinçilik berýän esasy görkezijileri ölçeýär.
