Tomus döwri - çagalaryň döwri: Milli Geňeşiň Mejlisi, Bilim Ministrligi we ÝUNISEF çaganyň hukuklary barada habarlylygy ýokarlandyrmak üçin tagallalaryny birleşdirýärler

18 Sentýabr 2022
Children
UNICEF Turkmenistan

Aşgabat, 2022-nji ýylyň 18-nji awgusty – 2022-nji ýylyň tomusky dynç alyş möwsüminde Milli Geňeşiň Mejlisiniň, Bilim ministrliginiň we ÝUNISEF-iň wekilleri tarapyndan geçirilen interaktiw sapaklaryň toplumy arkaly çagalar çaganyň we maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary barada öwrendiler.

Bu çäreleriň esasy guramaçylary hökmünde mejlisiň agzalary we bilim pudagynyň hünärmenleri çykyş etdiler. Olar şu ýylyň maý aýynda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan geçirilen çaganyň we çäkli mümkinçilikleri bolan çagalaryň hukuklary boýunça tälimçileriň türgenleşik sapaklaryna gatnaşadylar.

Sapaklar çagalary Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýa (ÇHK) we Maýyplaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýa bilen tanyşdyrmaga bagyşlandy. Çagalar kemsitmezlik, çaganyň iň gowy bähbitlerini üpjün etmek, diri galmak we ösüş, gatnaşmak we inklýuziýa ýaly adam hukuklarynyň esasy ýörelgeleri, şeýle hem bu ugurdaky hereket edýän milli kanunçylyk hakynda öwrendiler. Bu sapaklar ýurduň çaganyň hukuklaryny goramaga ygrarlylygyny we hemişe tagalla edýänligini tassyklady.

Bilim ulgamyny arkaly hukuklar hakynda çagalar bilen netijeli özara gatnaşyk ýurtda çaganyň hukuklary boýunça gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýar” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili jenap Mohammad Faýýazi “Arzuw” dynç alyş merkezinde mugallymlaryň öňünde eden çykyşynda nygtady. Şeýle hem, ol ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň şeýle çärelere uly baha berýänligini belledi we Milli Geňeşiň Mejlisine hem-de Bilim ministrligine çagalaryň habarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça çärelere hemişe goldaw berýändikleri üçin minnetdarlygyny bildirdi.

ÝUNISEF Milli Geňeşiň Mejlisi we Bilim ministrligi bilen birlikde soňky alty ýylyň dowamynda ÇHK hakynda habarlylygy ýokarlandyrmagy goldap gelýär. Hut şu ýylyň içinde bütin Türkmenistan boýunça 270-den gowrak çaga öz hukuklary barada geçirilen interaktiw sapaklara gatnaşdy. Çaganyň hukuklaryna aýratyn üns bermek bilen, ÝUNISEF mundan beýläk hem bu tagallalary goldamagyny, şeýle-de beýleki milli hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegini dowam eder.

unicef
UNICEF Turkmenistan
UNICEF Turkmenistan
UNICEF Turkmenistan

Habarlaşmak üçin salgylar

Selbi Hanowa
Jemgyýetçilik we özüňi alyp barmagyň üýtgemegi boýunça hünärmeni
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 48-83-52/55/57/58

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.