Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty we ÝEUNISEF Türkmenistanyň çagalar baradaky ähli kanunlaryny bir kitapda (we onlaýn) neşir etdiler

09 Dekabr 2022
ISLD and UNICEF publish all Turkmenistan laws about children in one book (and online)
ÝUNISEF Türkmenistan

Aşgabat, 2022-nji ýylyň 9-njy dekabry: “Türkmenistanda çagalaryň hukuk goraglylygy" neşiri Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan ÝUNISEF-iň goldaw bermeginde çap edildi. Bu kitabyň elektron görnüşi ÝUNISEF-iň web sahypasynda erkin elýeterlidir. Bu ýygyndy Türkmenistanyň gatnaşýan halkara hukuk resminamalaryny we milli kanunlaryny öz içine alyp, jemgyýetiň çagalaryň hukuklary babatynda habardarlygyny ýokarlandyrmagy we hukuk bilimleriniň has giňden ýaýramagyny maksat edinýär.

Habarlaşmak üçin salgylar

Selbi Hanowa
Jemgyýetçilik we özüňi alyp barmagyň üýtgemegi boýunça hünärmeni
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 48-83-52/55/57/58

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.