Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasy we ÝUNISEF welaýatlarda çaganyň hukuklaryny goramak we öňe sürmek babatynda habardarlygy ýokarlandyrmak işini geçirýärler

28 Iýul 2023
Office of the Ombudsman of Turkmenistan and UNICEF raise the awareness on the protection and the promotion of child rights in velayats
UNICEF Turkmenistan

2023-nji ýylyň maý-iýun aýlary aralygynda ÝUNISEF we Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasy bilelikde Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda çagalar bilen işleýän döwlet işgärleri üçin çaganyň hukuklaryny goramak we öňe sürmek babatynda habardarlygy ýokarlandyrmak boýunça birnäçe okuw maslahatlaryny geçirdi. Okuw maslahatlary 2023-nji ýyl üçin ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasy bilen Adalatçynyň edarasynyň arasynda Bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäginde geçirildi.

Adalatçy we ÝUNISEF-iň wekili ilatyň iň ejiz gatlaklarynyň, şol sanda çagalaryň we maýyplygy bolan adamlaryň hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmek üçin Edaranyň mandatynda göz öňünde tutulan garaşsyz gözegçiligiň möhümdigini aýtdylar. Okuw maslahatlar Ahal welaýatynyň Änew şäherinde, Balkan welaýatynyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we Mary welaýatynyň Mary şäherinde geçirildi, bu ýerde Mejlisiň deputatlary, häkimligiň, prokuraturanyň, kazyýetiň, polisiýa bölüminiň Raýat Ýagdaýynyň Namalarynyň Ýazgysyny bellige alyş (RÝNÝ) edarasynyň, Aklawjylar bileleşiginiň, Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň, mekdepleriň, saglyk öýleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň (KHBS) wekilleri gatnaşdylar we olar BMG-nyň Çaganyň hukuklary hakyndaky (CRC) we Maýyplaryň hukuklary hakyndaky  konwensiýalary (CPRD) bilen tanyşdylar.

“Adalatçynyň  edarasyna çagalar bilen işleýän hünärmenler bilen welaýatlarda okuw maslahatlaryny geçirmek boýunça başlangyçlary öňe sürendigi üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris we biziň ählimiz biri-birimizden her bir çaganyň durmuşyny gowulandyrmak üçin tejribelerimizi öwreneris, şeýle hem milli derejede ileri tutulýan ugurlaryň durmuşa geçirilmegine we ýurduň halkara borçnamalaryny berjaý etmekligine öz goşandymyzy goşarys diýip umyt edýäris” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili jenap Mohammad  Faýýazi maslahatyň açylyşynda gatnaşyjylara ýüzlenip eden çykyşynda belläp geçdi.

Okuw maslahatlarynyň dowamynda Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň döwlet işgärleri çaganyň hukuklary, çaganyň bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen onuň hukuklaryny goramagyň we üpjün etmegiň ýollary hakynda halkara we milli kanunçylyk baradaky bilimlerini, şeýle-de bu ugurda alnyp barylýan işlerde ÝUNISEF-iň we Adalatçynyň edarasynyň tutýan orny baradaky bilimlerini çuňlaşdyrdylar.
ÝUNISEF Adalatçynyň edarasy bilen bilelikde çaga hukuklaryny öňe sürmek, şeýle hem bu möhüm ugurda garaşsyz gözegçilik etmegiň milli mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin işini dowam etdirer.

2-Office of the Ombudsman of Turkmenistan and UNICEF raise the awareness on the protection and the promotion of child rights in velayats
UNICEF Turkmenistan

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.