Türkmenistanda kanuny bozan çagalary goramak üçin başgaça ulanylmaly çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy

14 Sentýabr 2022
UNICEF Turkmenistan
UNICEF Turkmenistan

Aşgabat, 2022-nji ýylyň 14-nji sentýabry. 13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Baş Prokuraturasy we ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy hukuk goraýjy edaralaryň hem-de jemgyýetçilik pudagynyň wekilleri, şol sanda, Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky toparlar üçin ilkinji tegelek stol geçirdiler. Onuň dowamynda kanuny bozan kämillik ýaşyna ýetmedikleri Türkmenistanda resmi adalatlylyk we dikeldiş adalatlylyk ulgamyndan tapgyrlaýyn çykarmagyň mehanizmlerini girizmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Seminara gatnaşyjylar öňüni alyş çäreleri we dikeldiş adalatlylygy ýaly işlere kazyýetiň garamagyna çenli we ondan soň tussaglykda saklamagyň alternatiw ýoly boýunça halkara ülňeler we öňdebaryjy terjibe bilen tanyşdylar.

Maslahatyň dowamynda jenaýat jogapkärçiliginiň düzediş täsirli alternatiw görnüşlerini ulanmak, terbiýe we ündew bilen dogry ýola salmak hem-de ony düzetmek ýaly alternatiw çäreleriň dikeldiş adalatlylygynyň konsepsiýasy bilen gowy sazlaşýanlygy, sebäbi olaryň formal adalat ulgamyna çekilmekligiň tagmalaýjy täsirini almazdan çaganyň öz ýetiren zyýanyna düşünmäge, eden etmişi üçin jogapkärçiligi duýmaga we terbiýeçilik-gaýtadan dikeldiş çäreleriniň maksatnamasyna meýletin gatnaşmaga kömek edýär diýip bellenildi.

Gatnaşyjylar çagalary goramagyň alternatiw çärelerini has giňişleýin öwrenmäge gyzyklanma bildirdiler we kämillik ýaşyna ýetmedikler babatda hukuk goraýjy edaralaryň işinde ulanyp boljak dikeldiş adalatlylygy prosesinde çagalar üçin oňaýly gurşawy döretmegiň wajyplygyny nygtadylar.

Bu okuw maslahaty BMG-niň Çaganyň hukuklary boýunça komitetiniň maslahatlaryna we Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyna laýyklykda, ýetginjekleriň adalatynyň halkara tejribelerini ornaşdyrmaga  gönükdirilen tussag etmegiň deregine jenaýat jogapkärçiliginiň düzediş täsirli alternatiw görnüşlerini ulanmak, terbiýe we ündew bilen dogry ýola salmak hem-de ony düzetmek ýaly alternatiw çäreleri synag taslamasy hökmünde ýakyn wagtda ýurduň sebitleriniň birinde durmuşa geçirmäge esas bolup hyzmat etdi.

Bu taslamanyň çäklerinde kämillik ýaşyna ýetmedikleriň iki esasy hukugy ulanylar: çagalary azatlykdan mahrum etmek diňe mümkin bolmadyk ýagdaýda ýerine ýetirilýär; we ýerlikli ýa-da mümkin bolsa, 18 ýaşyna ýetmedik çagalaryň işleri resmi jenaýat kanunçylygy ulgamyndan daşarda seredilmeldir.

“Ýetginjekleriň adalat ulgamy Türkmenistanyň kanunçylygynda  halkara ülňelerine laýyk gelýär we jenaýat eden kämillik ýaşyna ýetmedik kanuny bozujylary azatlykdan mahrum etmek iň soňky çäre hökmünde seredilýär. Baş prokuratura mundan beýläk hem ÝUNISEF bilen tussaglykda saklanmak we formal kazyýet işine garamaklyk ýaly çagalaryň ösüşine ýaramaz täsiriň öňüni alýan şeýle innowasion tejribeleri işläp düzmekde we işe girizmekde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr” diýip, Baş prokuraturanyň wekili belledi.

Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň jenaýat jogapkärçiligine çekilmeginiň deregine jenaýat jogapkärçiliginiň düzediş täsirli alternatiw görnüşlerini ulanmak, terbiýe we ündew bilen dogry ýola salmak we ony düzetmek ýaly alternatiw çäreleri kanunçylyga garşy özüňi alyp barmagyň sebäplerini ýüze çykarmaga we netijeli öňüni alyş çärelerini geçirmäge gönükdirilendir. Bu alternatiw çäreler çagalaryň kemsidilmeginiň we olaryň jenaýatçy diýlip tagmalanmagynyň öňüni almaga ýardam berýär. Olar kazyýet prosesine garanyňda has bähbitlidir.

“ÝUNISEF Baş prokuraturanyň Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň jenaýat jogapkärçiligine çekilmeginiň deregine jenaýat jogapkärçiliginiň düzediş täsirli alternatiw görnüşlerini ulanmak, terbiýe we ündew bilen dogry ýola salmak hem-de ony düzetmek ýaly alternatiw çäreleri we adalatly çemeleşmeleri girizmegi meýilleşdirmekde berýän godawyna uly baha berýär we bu kämillik ýaşyna ýetmedikleriň arasynda jenaýatçylygyň öňüni almagyň innowasion nusgasyny synap görmäge gowy mümkinçilik berer. Bu çemeleşme dünýäniň köp ýurtlarynda özüniň netijeliligini görkezdi” diýip, ÝUNISEF-ň Türkmenistandaky wekilhanasynyň çagalary goramak boýunça hünärmeni Furkat Lutfulloýew aýtdy.

Habarlaşmak üçin hünärmen: Selbi Hanowa, ÝUNISEF, Türkmenistan, tel.: +993 12 48-83-52/55/57/58 (içerki. 306)

Habarlaşmak üçin salgylar

Selbi Hanowa
Jemgyýetçilik we özüňi alyp barmagyň üýtgemegi boýunça hünärmeni
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 48-83-52/55/57/58

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.