Meýilnamalaşdyrylan immunizasiýa üçin waksinalaryň ikinji tapgyry Hökümetiň we ÝUNISEF-iň goldamagynda Türkmenistanda getirildi

2021-nji ýylyň 7-nji oktýabry, Aşgabat. – Harytlary eltip bermekde COVID-19 pandemiýasy sebäpli dörän global kynçylyklara garamazdan, Türkmenistanyň Hökümeti we ÝUNISEF Türkmenistanda immunizasiýa maksatnamasynyň yzygiderliligini üpjün etmek üçin bilelikde hyzmatdaşlyk edýärler. 2021-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Türkmenistana ýörite uçar gatnawy arkaly çagalar üçin esasy waksinalar gelip gowuşdy. Bu ýylyň içinde gelip gowuşan ikinji tapgyrda poliomiýelide, gyzamyga, ýokanç hapgyrtma, gyzylja, täjihoraza, bürmä, gökbogma, gemofil taýajyklaryna, gepatit A, pnewmokoka we inçekesele garşy waksinalar getirildi. Bu üpjün etme Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-ň arasynda çagalar üçin waksinalary getirme boýunça dowam edýän hyzmatdaşlygyň bir bölegi bolup durýar.
Bütin dünýäde saglygy goraýyş pudagy dowam edýän COVID-19 pandemiýasy zerarly ejir çekdi. Pandemiýanyň töwekgelçiligini azaltmak ileri tutulýan ugur bolýanlygyna garamazdan, adamlary beýleki bar bolan kesellerden goramagy dowam etmek we çagalaryň arasynda ýokançlaryň ýüze çykmasynyň öňüni almak üçin meýilnamalaşdyrylan immunizasiýanyň dowam edilmegini üpjün etmek örän wajypdyr.
Waksinalary we waksinalar bilen baglanşykly materiallary satyn alma Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan doly maliýeleşdirilýär we meýilnamalaşdyrylan sanjym ýurtdaky ähli çagalar üçin tölegsizdir. ÝUNISEF Hökümete satyn almalar boýunça hyzmatlary hödürleýär we BSGG-niň hil barlagyndan geçen ýokary hilli we arzan waksinalaryň, şeýle-de howpsuz sanjym we sowuklyk zynjyry üçin enjamlaryň satyn alynmagyny we ýurda getirilmegini üpjün edýär. Türkmenistanyň Hökümeti pandemiýa başlanyndan bäri meýilnamalaşdyrylan waksina sanjymlaryny geçirmegi işjeň dowam etdirdi, 2021-2025-nji ýyllar üçin olary satyn almak boýunça ÝUNISEF bilen ylalaşylan bäş ýyllyk meýilnamanyň çäklerinde immunizasiýanyň maliýeleşdirilmesi ep-esli ýokarlandy.
«Waksina sanjymy jemgyýetçilik saglygy üçin möhüm ähmiýete eýedir we biz Hökümetiň çagalaryň immunizasiýa maksatnamasynyň yzygiderliligini, hususan-da, häzirki ýeňil bolmadyk döwürde ony üpjün etmek boýunça tagallalaryna uly baha berýäris, diýip ÝUNISEF-ň Türkmenistandaky wekiliniň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetirýän Aleksandr Nartea aýtdy.
ÝUNISEF Türkmenistanyň ýurtda waksinalar arkaly öňüni alyp boljak kesellerden çagalary goramak işine ygrarlylygyny goldamagy dowam eder we Merkezi Aziýada we bütin dünýäde immunizasiýanyň ýokary görkezijilerini gazanmagyny goldar.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.
ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.