“Her bir çaga – ähli hukuklar” Adalatçynyň edarasy, Bilim ministrligi, ÝUNISEF we Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarlygynyň edarasy tomusky dynç alyş merkezlerinde çagalaryň hukuklary barada habardarlygy ýokarlandyrmagy

AŞGABAT, 2023-nji ýylyň 18-nji iýuly – Bu, Türkmenistanyň Adalatçysynyň (Ombudsmeniniň) edarasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, ÝUNISEF-iň we Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýadaky Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Sebitleýin Edarasynyň (OHCHR ROCA) adam hukuklary, çaganyň hukuklary we maýyplaryň hukuklary barada tutuş ýurduň çagalarynyň habardarlygyny ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki başlangyjynyň üçünji ýylydyr. Eýýäm däbe öwrülen bu çäreler Türkmenistanyň dürli künjeginden gelen çagalaryň interaktiw çärelerden we oýunlaryň birnäçesinden lezzet alan tomus dynç alyş merkezlerinde geçirildi. Şu ýyl OHCHR ROCA-nyň Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň (UDHR) 75 ýyllygyna gabat gelýän “Adam hukuklary – 75” kampaniýasynyň çäginde çagalar dynç alyş merkezlerini goldaýandygy bellärliklidir. Kampaniýanyň maksady adam hukuklarynyň ählumumylygy we bölünmezligi baradaky bilimleri artdyrmak hem-de adamlara, esasan hem ýaşlara öz hukuklaryny bilmek we talap etmek üçin mümkinçilik döretmekdir.

Öňki ýyllarda bolşy ýaly, çagalar täze bilimleri we endikleri ele almakdan başga-da, pikirlerini açyk beýan etdiler we öz geljegi babatdaky isleglerini paýlaşdylar.
Maglumat mejlisleri, esasan, Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň, Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasynyň we Maýyplaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýasynyň düzgünleri, şeýle hem olaryň esasy ýörelgeleri bilen tanyşmaga gönükdirildi. Olar hukuklary kemsitmezlik, çaganyň iň oňat bähbitleri, saglyk, ösüş, gatnaşmak we goşulmak ýaly meseleleri, şeýle hem çaganyň we maýyplaryň hukuklary baradaky milli kanunlary öz içine aldy.

“Şu günki geçirilýän çäräni örän haladym. Adam hukuklary, çaganyň hukuklary hakda köp zat öwrendim, mysal üçin, her bir çaganyň okamaga, dynç almaga, howpsuz gurşawda ýaşamaga we başga-da köp zatlara hukugy bar. Iň gowy gören zadym, ol hem maýyp çagalaryň hukuklary we ähli çagalaryň deňdigi barada öwrenmek boldy" diýip, “Nesil” tomusky dynç alyş merkezinde geçirilen okuw maslahatyna gatnaşan 10 ýaşly Medine atly gyzjagaz aýtdy.

Umuman alanyňda, hyzmatdaşlaryň ählisi Gökderedäki çagalar dynç alyş merkezleriniň bäşisine bardylar we Türkmenistanyň dürli künjeklerinden gelen 250-den gowrak çagalar okuw maslahatlaryna gatnaşdylar hem-de öz pikirlerini we täze bilimlerini beýleki çagalar bilen paýlaşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.
ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.