Dilewar ýaşlar Konstitusiýanyň 25 ýyllygy mynasybetli çykyşlary bilen diňleýjileri ruhlandyrdylar

18 Maý 2017

Ýurduň ähli künjeginden gelen 45 sany çaga, şol sanda maýyplygy bolan çagalar Konstitusiýanyň 25 ýyllygyna bagyşlap Mejlisiň ÝUNISEF bilen bilelikde guran çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabatda ýygnandylar.

11-18 ýaşly çagalaryň toparyna Mejlise baryp görmek, Mejlisiň spikeri we ähli ugurlar boýunça agzalary bilen gürrüňdeş bolmak, olara Türkmenistanyň Konstitusiýasy barada soraglary bermek we degişli komitetleriň işjeňliginiň ilatyň durmuşyny özgerdişi barada özlerini gyzyklandyrýan soraglary bermek mümkinçiligi berildi.

Bu çagalaryň käbirleri 2016-njy ýylda çaganyň hukuklary boýunça maslahat okuwyny geçdiler we çärä gatnaşyjylar bilen gatnaşmak, bilim we durmuş inklýuziýasy barada öz garaýyşlary bilen paýlaşdylar. Bu hereket edýän bilim platformalarynda, şol sanda mekdeplerde we habar beriş serişdeleri üçin maksatnamalarda çagalaryň öz hukuklary hakynda bilimini artdyrmagy ornaşdyrmak boýunça işler üçin esas bolup hyzmat eder.

Konstitusiýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde çagalar we mugallymlar BMG-nyň edara jaýynda ÝUNISEF-iň işgärleriniň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasy we bu hukuklaryň gündelik durmuşda berjaý edilişi we çagalaryň gatnaşmagynyň ähmiýeti barada maglumat berýän çykyşlaryny diňlediler. Şeýle-de olar ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili bilen gürrüňdeş bolup, özleriniň geljekde amala aşyrmak isleýän arzuwlary we umytlary bilen paýlaşdylar. BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa çagalary Birleşen milletler guramasynyň we welaýat derejesindäki hökümetiň bilelikdäki platformalary arkaly işjeň hereket etmäge çagyrdy.

2017-nji ýylyň 16-njy maýynda milli Parlament tarapyndan guralan “Türkmenistanyň Konstitusiýasy — ösüşiň hukuk binýady” atly halkara ylmy-amaly maslahatynda eden çykyşynda ÝUNISEF-iň wekili Şahin Nilofer şeýle diýdi: “Çagalara Mejlise baryp milli Parlamentiň wekilleri bilen gürrüňdeş bolmaga mümkinçilik berlendigine diýseň begenýärin. Bu uly buýsanç we döwlet gurmagyň täzeçe duýgusy bilen olaryň ýaş aňynda galar. Bu çagalary diňleýän we olaryň hukuklaryny goraýan has inklýuziw parlamentler üçin ýol arçaýar”.

Ylmy-amaly maslahat çagalaryň öz garaýyşlaryny beýan etmegi we olaryň garaýyşlarynyň nazara alynmagy şeýle-de çagalara we ýaşlara, şol sanda maýyplygy bolan çagalar we ýaşlar barada Konstitusiýada göz öňünde tutulan hukuklaryň berjaý edilmegi üçin ýörite mümkinçilik boldy. Ylmy-amaly maslahatyň ýaş gatnaşyjylaryndan biri bolan Hudaýnazar Baýew: “Biz çagalar biz barada we biziň ählitaraplaýyn ösmegimiz barada döwlet derejesinde alada edilýändigine we biziň alýan bilimimiz we saglygymyzyň hilini ýokarlandyrmak, abadan ýaşaýşymyzy üpjün etmek üçin zerur şertleriň döredilmeginiň dowam edilýändigine buýsanýarys. Şeýle-de gazanylan üstünlikleriň durnukly ösüş we parahatçylygy we ösüşi üpjün etmek boýunça täze maksatlara ýetmäge ýol berjekdigine berk ynanýarys” diýdi.

ÝUNISEF Parlament bilen uzak ýyllaryň dowamynda saklanyp gelinýän hyzmatdaşlygyň çäklerinde özüne ynamly, geljege umytly, höwesjeň, öz pikirini beýan edip bilýän we çagalaryň durmuşyna oňaýly täsir edýän syýasata we işlere goşant goşjak ýaşlar bilen işlemegiň usuly hökmünde Çagalaryň parlamentini girizmegi maksat edinýär.

Habarlaşmak üçin salgylar

Gülälek Soltanowa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355
Tel: +993 65 716045

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.