BMG-niň Aşgabatdaky öýünde ÝUNISEF, hyzmatdaşlar we çagalar Çagalary goramagyň halkara gününi belläp geçdiler

01 Iýun 2022
UNICEF
UNICEF Turkmenistan

2022-nji ýylyň 1-nji iýuny, Aşgabat. – Şu gün, 1-nji iýunda BMG-niň Aşgabatdaky öýi Çagalary goramagyň halkara gününi bellemek üçin özüniň gapylaryny giňden açdy. Sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde ÝUNISEF bilen Bilim we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň hyzmatdaşlygynda geçirilen “Kim meniň gahrymanym?” atly plakatlaryň çeper-döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri bolan 7 mekdebi gutlamak we sylaglamak üçin çäre geçirildi. Baýramçylyk çäresine 100 golaý myhman, şol sanda, çagalar, Hökümetiň wekilleri, diplomatik jemgyýetçilik, BMG-niň işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çärä Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň mekdepleriniň wekilleriniň özleri gatnaşdylar, beýleki welaýatlardan bolan ýeňijiler bolsa, bu çärä  on-laýyn usulynda goşuldylar we olaryň hemmesi ýadygärlik sowgatlary, şol sanda, noutbuklary we ses toplumlaryny aldylar.

UNICEF
UNICEF Turkmenistan

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar wideorolige tomaşa etdiler we onuň dowamynda ÝUNISEF-ň Türkmenistandaky topary ähli ýaş toparlaryna degişli çagalardan olaryň iň mukaddes arzuwlary barada interwýu aldylar. Şa gyzynyň köýnegi, lukman bolmak, hemme çagalaryň sagdyn we bagtly bomagy hakyndaky arzuwlar –arzuw etmäge gezek gelende, mümkinçilikler juda çäksiz!

UNICEF Turkmenistan

Bu aýratyn waka çagalaryň «Aşgabat» atly aýdymy bilelikde ýerine ýetirmegi bilen dowam etdi we onuň yzysüre Türkmen döwlet konserwatoriýasynyň talyby we DÖM-niň ýaş ilçisi Döwran Şammyýewiň ýerine ýetirmeginde “Imagine”atly aýdym ýaňlandy. Gepiň gerdişine görä, tutuş zal bu çykyşa goşuldy we bu aýdymy oňa goşulyp ýerine ýetirdi.

UNICEF Turkmenistan
UNICEF Turkmenistan

300 işden ybarat zehinli we dörejilikli çagalaryň guran sergisine aýlanyp görmek çäreleriň esasy boldy.

UNICEF
UNICEF Turkmenistan

«Çagalarda iň ýokary döredijilik ruhy möwç urýar we olaryň oýlanmalarynyň çägi ýok. Bu bäsleşik çagalara öz zehinlerini görkezmäge we ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge goşant goşmaga mümkinçilik döretdi. ÝUNISEF ähli gatnaşyjylara we hyzmatdaşlaryna çäräni geçirmäge beren goldawy üçin minnetdarlygyny bildirýär. Bu gün 1-nji iýunlygy üçin, bu çärä has-da aýratyn görünýär, çünki bu gün biz Çagalary goramagyň halkara gününi belleýäris” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea aýtdy.

UNICEF
UNICEF Turkmenistan

Plakatlaryň sergisi hakynda has giňişleýin maglumat almak üçin, web sahypamyza girip görmegiňizi haýyş edýäris: https://www.unicef.org/turkmenistan/stories/gallery

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.