Bütindünýä çagalar gününde Türkmenistanda #ÇagalarWezipeEýeleýär

20 Noýabr 2017
tuk-WCD2017
UNICEF

Bu gün, #ÇagalarWezipeEýeleýär temaly Çagalary goramagyň halkara gününde we Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýanyň kabul edilmeginiň şanly senesiniň bellenilýän gününde Türkmenistanyň ýaşlary ulularyň giňişligini eýeledi. Olar Birleşen milletler guramasynyň binasynda ýygnanyp, döwürdeş nesil üçin möhüm meselelere sesini berýän müňlerçe deň-duşlaryna goldaw bildirdiler. #ÇagalarWezipeEýeleýär toparynyň düzümindäki ýaşlar uly höwes bilen ÝUNISEF-iň wekiliniň ornuny eýelediler we DÖM-nyň çäklerinde çaganyň hukuklaryny goramak wezipesini ileri tutmak boýunça jogapkärçiligi öz üstüne nähili aljaklary baradaky meýilleri bilen gezekli-gezegine paýlaşdylar.

Gyzykly oýunlaryň üsti bilen, Ýaşlaryň özara bilim ulgamyna (Y-PEER) degişli ýaşlar BMG-nyň Ilat gaznasynyň goldaw bermeginde Birleşen milletler guramasynyň hünärmenlerine möhüm maglumatlary berdiler. BMG bolsa Türkmenistanyň Hökümetine degişli meseleler babatda kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň we döredilen ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp bilmeklerini üpjün etmegiň ýollary barada çagalara maslahatlary berdi.

“Bu gün—çagalaryň güni, çagalaryň gurnan güni. Biz, çagalar, Türkmenistanda ähli çagalaryň durmuşda ähli mümkinçiliklerden deň derejede peýdalanyp bilmegini isleýäris. Ilatymyzyň ýarysyndan gowragy çagalar we 25 ýaşdan kiçi adamlardyr. Biz saglygy goraýyş, bilim we durmuş taýdan gorag ýaly ugurlarda çagalar üçin durnukly işleriň alnyp barylmagynyň tarapdary” diýip, çagalar çärede aýtdylar.

“Bütindünýä çagalar güni mynasybetli #ÇagalarWezipeEýeleýär platformasynyň bütin dünýäde elýeterli bolmagy örän möhüm. Biz ÝUNISEF hökmünde islendik ýerde çagalaryň aladasyny edýäris, biz olaryň umytlaryna we arzuwlaryna üns berýäris hem-de olaryň hasyl bolmagyny isleýäris. Tapawutlyklara garamazdan, çagalaryň ähli çagalar bilen ýakynlaşmak ukyby bar. Bu biziň çagalaryň we ýaşlaryň aýdýanlaryny diňlemäge, olaryň arzuw edýän dünýäsi we isleýän üýtgeşmeleri bilen tanyşmaga bolan mümkinçiligimizdir” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Şahin Nilofer aýtdy.

Çagalar 2015-nji ýyldan soňky “Biziň isleýän dünýämiz” atly milli maslahata gatnaşyşlary baradaky pikirlerini aýtdylar we Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge goşjak goşantlary baradaky garaýyşlaryny beýan etdiler. Çagalar maýyplygy bolan adamlar üçin bökdençsiz giňişligi döretmek, mekdeplerde howanyň üýtgemegi boýunça başlangyçlary ýola goýmak, bilim almakda deň mümkinçilikleri döretmek, çagalara degişli maksatnamalara döwlet tarapyndan sarp edilýän maýa goýumlary artdyrmak, esasan hem ähli çagalar üçin umumy we esasy hyzmatlaryň elýeterliligini gazanmak boýunça maslahatlary berdiler.

Çagalar we ýaşlar özleriniň hukuklaryny durmuşa geçirmek üçin, BMG-nyň gulluklaryny we hünärmenlerini syýasy işgärler bilen işleşmäge çagyrdylar. Ýaşlar Bütindünýä çagalar gününe bagyşlanan aýdym-saz wideosynyň sazyna bütin dünýäniň çagalarynyň nyşany bolan ýörite hereketleri ýerine ýetirip, baýramçylygy bellediler.  

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.