Bütindünýä çagalar gününde ÝUNISEF Türkmenistandaky hyzmatdaşlar bilen bilelikde her bir çaga üçin has gowy geljegi täzeden gözden geçirmäge çagyrýar.

20 Noýabr 2020
WCD
UNICEF Turkmenistan

Aşgabat, 2020-nji ýylyň 20-nji noýabry - Şu gün, Bütindünýä çagalar güninde we Çaganyň hukuklary baradaky konwensiýanyň kabul edilmeginiň gününde, Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistandaky ýaş Ilçisi, Nartäç Garaýewa we ÝUNISEF-iň wekili Kristin Weýgand hemmeleri pandemiýadan soňky dünýäni her bir çaganyň ýagty geljegi üçin täzeden gözden geçirmäge çagyrdylar.

Şu günki interaktiw sanly maslahatyň ýaş alyp baryjysy Nartäç, öz gezeginde gatnaşyjylara - hökümet hyzmatdaşlaryna, BMG-niň düzümleýin edaralaryna, diplomatik düzümine, we halkara guramalaryna, jemgyýetçilik guramalaryna, bilim ulgamynyň wekillerine, metbugat işgärlerine we ýaşlara ýüzlendi. “Çagalar we ýaşlar oňyn özgerişlere ýardam berýän güýç bolup bilerler. Biz öz durmuşymyza täsir edýän ähli işlere gatnaşmak isleýäris"- diýip, Nartäç ÝUNISEF-iň wekili bilen bilelikde çäräni ussatlyk bilen alyp bardy.

Kristin Weýgand: "2020-nji ýyldaky Bütindünýä Çagalar güni düýbünden üýtgeşik dünýäde bellenilýär. Sebäbi bu ýul, biz bütindünýä krizisi, ýagny koronawirusyň pandemiýasy bilen ýüzbe-ýüz bolduk.” – diýdi. "Egerde, gyssagly çäre görülmese, bu saglyk krizisi çaga hukuklarynyň krizisine öwrülip biler" - diýip Kristin Weýgand belläp geçdi.

ÝUNISEF-iň wekili ähli gyzyklanýan taraplary aşakdaky ugurlara üns çekmäge çagyrdy:

  • Sanly ulgamda deňsizligi azaltmak arkaly ähli çagalaryň bilim almagyny üpjün etmek;
  • Iýmit we saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligi kepillendirmek we sanjymlary her bir çaga üçin elýeterli etmek;
  • Çagalaryň we ýaşlaryň psihiki saglygyny goramak, zorlugyň, jyns esasynda zorlugyň we çaganyň äsgermezliginiň öňüni almak;
  • Arassa agyz suwuna we arassaçylyk şertlerine elýeterliligi giňeltmek we daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek;
  • Ejiz maşgalalar we çagalar üçin durmuş taýdan goragy we hemmeler üçin ähliumumy dikeldiş işini üpjün etmek;
  • Bosgun çagalaryň we olaryň maşgalalarynyň goragyny üpjün etmek üçin tagallalary berkitmek.

Bütindünýä çagalar güni mynasybetli geçirilen bu çäre, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde gurnaldy. Bu sanly duşuşyk, ÝUNISEF-iň ähli hyzmatdaşlaryna, 2020-nji ýylda Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikler bilen has giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik berdi. Institut çaga hukuklary boýunça komitetine hödürlenen milli hasabat barada aýdyp geçdi. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bolsa, saglygy goraýyş, bilim, durmuş taýdan gorag we metbugat we aragatnaşyk ulgamlarynda bilelikdäki gazanylan üstünlikler barada belläp geçdiler. ÝUNISEF-iň indiki ýylda täze hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň başlanmagy bilen, Kristin Weýgand geljeki bäş ýyl üçin ileri tutulýan ugurlaryň we meýilnamalaşdyrylan strategiýalaryň üstünde durup geçdi.

Bu aýratyn günde, Türkmenistanyň çagalary "Siziň üçin, körpeler!" atly gepleşigiň ýörite sanyny görüp bilerler. Gepleşik şu gün agşam Ýaşlyk teleýaýlymynda görkeziler.

Habarlaşmak üçin salgylar

Gülälek Soltanowa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355
Tel: +993 65 716045

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.