1996-njy ýyldan bäri ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümetine uny baýlaşdyrmakda goldaw berip gelýär

17 Oktýabr 2022
1996-njy ýyldan bäri ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümetine uny baýlaşdyrmakda goldaw berip gelýär
ÝUNISEF Türkmenistan

ÝUNISEF-iň goldaw bermeginde Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistana uny baýlaşdyrmak üçin premiksiň ikinji tapgyry gelip gowuşdy. ÝUNISEF una goşulýan mikroelementlerden ybarat bolan premiksi satyn almakda hökümete 1996-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Nahar duzyny ýodlaşdyrmak we uny demir bilen baýlaşdyrmak” baradaky Karara gol çeken döwründen bäri goldaw berip gelýär. Türkmenistan sebitde ilkinji ýurtlaryň biri bolup uny baýlaşdyrmak boýunça maksatnamany durmuşa geçirip başlady we häzirki wagtda bu ugurda Merkezi Aziýada öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.

2006-njy ýylda ÝUNISEF-iň maslahatlaryna eýermek bilen, formula folik kislotasy goşuldy we ondan bäri ilaty bu zerur mikroelementler bilen iň gowy şertlerde üpjün edýän Türkmenistanda öndürilýän ähli bugdaý uny folik kislotasy we demir bilen baýlaşdyrylýar. Uny baýlaşdyrmagyň täze ülňeleriniň girizilmegi sebäpli 2006-2007-nji ýyllarda ÝUNISEF goşmaça dozalaşdyrjy enjamlary bilen üpjün etdi hem-de degirmençileriň täze ülňeler barada harbarlylygyny we bütin ýurt boýunça olaryň degirmelerde ornaşdyrylmaga taýýarlygyny üpjün etdi. Ýokary we birinji hilli bugdaý ununy öndürýän ähli degirmenler ýurtda uny baýlaşdyrýar.

2008-nji ýyldan bäri bu maksatnama doly Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär, ÝUNISEF bolsa premiksi satyn almakda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine goldaw berýär. Bu goldaw her ýyl berilýär we 2008-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda ÝUNISEF bilen Hökümetiň arasynda gol çekilen hem-de 2016-njy ýylyň 16-njy maýynda gaýtadan gol çekilen satyn almalar boýunça Özara düşünişmek Ähtnamasynyň çäklerinde dowam edýär. Bu Ähtnamanyň çäklerinde her ýyl takmynan 120 ton premiks satyn alynýar.

Bugdaý unyny witaminler we minerallar bilen baýlaşdyrmak mikroelementleriň ýetmezçiligini, mysal üçin gan azlygy we saglygyň iýmit bilen baglanyşykly görkezijilerini gowulandyrmak meselelerini çözmek üçin synagdan geçen, howpsuz we ykdysady taýdan netijeli strategiýa bolup durýar. Ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrýanlygy we öndürijiligini ýokarlandyrýanlygy sebäpli, bütin dünýäde esasy iýmit önümleriniň baýlaşdyrylmagynyň ýurduň ykdysadyýetine ep-esli täsirini ýetirýänligi subut edildi.

“Demriň we folik kislotasynyň ýetmezçiligi ýaly mikroelementleriň ýetmezçiligini çözmek ilatyň, hususan-da, aýallaryň we çagalaryň sagdynlygyny üpjün etmek we berkitmek üçin wajypdyr. Iýmitlenme maksatnamalary Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge hem ýardam berýär. Uny baýlaşdyrmagyň maksatnamasy birnäçe ýyllar bäri ýurtda ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda üstünlikli dowam edip gelýän hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr we mundan beýläk hem ÝUNISEF bu ugurda goldaw bermegini dowam etmäge taýýardyr” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea aýdýar.

Bu aralykda, 2022-nji ýyl üçin premiksiň üçünji we iň soňky tapgyry eýýäm ýola düşdi we garaşylyşy ýaly, şu ýylyň ahyryna çenli ol Türkmenistana gelip gowşar.

1996-njy ýyldan bäri ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümetine uny baýlaşdyrmakda goldaw berip gelýär
ÝUNISEF Türkmenistan
1996-njy ýyldan bäri ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümetine uny baýlaşdyrmakda goldaw berip gelýär
ÝUNISEF Türkmenistan
1996-njy ýyldan bäri ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümetine uny baýlaşdyrmakda goldaw berip gelýär
ÝUNISEF Türkmenistan
1996-njy ýyldan bäri ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümetine uny baýlaşdyrmakda goldaw berip gelýär
ÝUNISEF Türkmenistan
1996-njy ýyldan bäri ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümetine uny baýlaşdyrmakda goldaw berip gelýär
ÝUNISEF Türkmenistan

Habarlaşmak üçin salgylar

Selbi Hanowa
Jemgyýetçilik we özüňi alyp barmagyň üýtgemegi boýunça hünärmeni
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 48-83-52/55/57/58

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.