ÝUNISEF we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýärler

03 Oktýabr 2022
ÝUNISEF we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýärler
ÝUNISEF Türkmenistan

2022-nji ýylyň 30-njy sentýabry: Ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti (TGÝMJ) adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ep-esli pugtalandyrjak Özara düşünişmek hakynda Ähtnama we Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk boýunça Maksatnamalaýyn Resminama gol çekdiler.

Bu iki hyzmatdaşyň wagtynda islendik bolup biljek adatdan daşary ýagdaýa taýýarlygyny üpjün edýän hyzmatdaşlygyň täze ölçegidir. Gol çeken taraplaryň ikisi hem, ÝUNISEF we TGÝMJ öz ygtyýarlyklarynyň we wezipeleriniň çäklerinde adatdan daşary ýagdaýlarda çagalaryň iň gowy bähbitlerini göz öňünde tutumak bilen, ejir çeken ilatyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin hyzmatdaşlyk ederler.

Özara düşünişmek hakynda Ähtnama adatdan daşary ýagdaýlarda ÝUNISEF we TGÝMJ tarapyndan ynsanperwer ýagdaýlarda ulanylmaly iň zerur harytlaryň ätiýaçlyk gorlaryny ýerleşdirmek we dolandyrmak üçin bilelikdäki ýeri üpjün edýär.  Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk boýunça Maksatnamalaýyn Resminama adatdan daşary ýagdaý yglan edilenden soň 24 sagadyň dowamynda işe giriziljek kyn ýagdaýlara garşy hereket etmek üçin ätiýaçlyk ynsanperwer maksatnamasy bolup hyzmat edýär we ejir çeken ilata bilelikdäki ynsanperwer kömegini bermekden ybaratdyr.

Iki resminama gol çekilmegi ýerinde ejir çeken maşgalalara we çagalara iň netijeli we amatly ýol bilen hemme wagtda olaryň esasy hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen dessin kömegi we gaýragoýulmasyz zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin adatdan daşary ýagdaýlar üçin el degrilmez azyk harytlarynyň goryny we çarçuwaly ylalaşyklary üpjün edýär.

Habarlaşmak üçin salgylar

Selbi Hanowa
Jemgyýetçilik we özüňi alyp barmagyň üýtgemegi boýunça hünärmeni
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 48-83-52/55/57/58

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.