ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliýeti ähli çagalary Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlaýar

01 Iýun 2020
Child Protection Day_UNICEF
UNICEF/Pudlowski

Türkmenistanda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand «Watan» habarlar gepleşiginde ýaýlyma berlen, şeýle hem çap edilen we onlaýn metbugatda ýerleşdirilen gutlagy bilen ýurduň ähli çagalaryna ýüzlendi.

“1-nji iýun dünýäniň köp ýurtlarynda çagalaryň hormatyna baýram edilip bellenilýär. Bu gün diňe bir tomsuň ilkinji güni we uzak mekdep dynç alyş möwsüminiň ilkinji güni bolman, eýsem çagalaryň geljegi üçin has möhüm ähmiýete eýe” – diýip, Kristin Weýgand nygtady.

Bu aýratyn günde ÝUNISEF milli telewideniýe bilen bilelikde ÝUNISEF-iň gatnaşmagynda iki sany telegepleşigi taýýarlady. Olaryň biri ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň çagalaryň hukuklary ugrundaky hyzmatdaşlygy barada, beýlekisi çaganyň irki ösüşi barada. Sebäbi iýun aýynda bütin dünýäde ene-atalar aýy hem-de “Çaga ömrüniň ilkinji 1000 güni – onuň bagtly geljeginiň gözbaşydyr” atly kampaniýanyň dördünji ýyly bellenilýär.

Mundan başga-da, şu gün ÝUNISEF we Bilim ministrligi ýurtdaky ähli 1075 sany mekdebe çenli çagalar edaralarynyň çagalarynyň arasynda “Meniň bagtly maşgalam” atly mowzugynda surat çekmek boýunça çäresini yglan etdiler. Şu aýyň ahyrynda bolsa ÝUNISEF tanymal türkmen aýdymçylarynyň gatnaşmagynda çaganyň irki ösüşi barada gepleşigi taýýarlamak üçin “Türkmen Owazy” teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlyk eder.

Çagalar üçin telegepleşiginde, şeýle hem ÝUNISEF-iň sosial torlarynda meşhur alyp baryjy Aşyr Däde bu aýratyn gün bilen çagalary gutlar. ÝUNISEF we Adalatçynyň diwany şu hepde milli metbugat üçin bilelikdäki makalany çap eder. 

“Çagalar – biziň geljegimiz. Geliň, ähli çagalaryň öz hukuklaryndan peýdalanyp, sagdyn bolup, döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, her gün täze bir zat öwrenip, dostlary we maşgalalary bilen ýakyn gatnaşykda bolar ýaly, bilelikde işleşeliň! Olaryň çagalyk ýyllaryndan lezzet almagy üçin birleşeliň” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand nygtady.

Habarlaşmak üçin salgylar

Gülälek Soltanowa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355
Tel: +993 65 716045

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.