ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty Çaganyň hukuklary boýunça hereketleriň täze Milli meýilnamasyny taýýarlamakda welaýatlar bilen geňeşmeleri geçirdi

06 Dekabr 2022
UNICEF and ISLD consult the Velayats in preparation of the new National Action Plan on Child Rights
ÝUNISEF Türkmenistan

2022-nji ýylyň 6-njy dekabry: ÝUNISEF Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde ähli welaýatlarda Çaganyň hukuklary boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň täze Milli meýilnamasyny (ÇHHMM) taýýarlamak boýunça geňeşmeleriň tapgyrlaryny tamamlady. Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň Sekretariaty hökmünde öz ygtyýarlygyny göz öňünde tutup, Institut geňeşmelerde esasy orun eýeledi.

Täze ÇHHMM Çaganyň hukuklary boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin häzirki hereketleriň Milli meýilnamasynyň hemmetaraplaýyn bahalandyrmasyna we onuň durmuşa geçirilmeginiň, şol sanda gazanylan üstünlikleriň, öwrenilen sapaklaryň we ileri tutmalaryň köp sanly hyzmatdaşlar hem-de guramalar bilen geçirilen geňeşmelere esaslanýar.

UNICEF and ISLD consult the Velayats in preparation of the new National Action Plan on Child Rights
ÝUNISEF Türkmenistan

2022-nji ýylda ilkinji hereketleriň Milli meýilnamasy tamamlanandan soň, 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň ikinji Milli meýilnamasynyň işlenip düzülmegi Hökümetiň çagalaryň bähbitlerine gazanylan netijeleriň durnukly bolmagyna we mundan beýläk hem onuň giňeldilmegine ygrarlylygyny tassyklaýar. Meýilnama Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) ýetmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir, çünki çaganyň hukuklary bilen DÖM bir-biri bilen berk baglanyşyklydyr: DÖM-i üstünlikli durmuşa geçirmezden, çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek mümkin däl ýa-da tersine, çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmezden, DÖM-e ýetmek mümkin däldir.

Ilki bilen Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň agzalary täze ÇHHMM taslamasy bilen tanyşdyrlar. Soňra ähli welaýatlarda häkimleriň orunbasarlary, saglygy dikeldiş merkezleriň, çagalar öýleriniň, Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky toparlaryň we polisiýanyň wekilleri, durmuş işgärleri, Zenanlar birleşiginiň we Ýaşlar guramasynyň wekilleri bilen geňeşmeler geçirildi.

2023-nji ýylda hereketleriň Milli meýilnamasynyň hökümet tarapyndan tassyklanmagyna garaşylýar we ol Türkmenistanda ähli çagalaryň abadançylygyna gös-göni oňyn tasirini ýetirip, emele gelýän durmuş-ykdysady çygry we degişli ileri tutulýan ugurlary doly gurşap alar.

UNICEF and ISLD consult the Velayats in preparation of the new National Action Plan on Child Rights
ÝUNISEF Türkmenistan
UNICEF and ISLD consult the Velayats in preparation of the new National Action Plan on Child Rights
ÝUNISEF Türkmenistan

Habarlaşmak üçin salgylar

Selbi Hanowa
Jemgyýetçilik we özüňi alyp barmagyň üýtgemegi boýunça hünärmeni
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 48-83-52/55/57/58

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.