Çaganyň hukuklary boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasyny işläp düzmek boýunça milli geňeşmelere badalga berildi

2022-nji ýylyň 11-nji oktýabry: ÝUNISEF we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilelikde Çaganyň hukuklary boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasyny (HMM) işläp düzmek boýunça üç günlük geňeşmelere badalga berdi.
22 ministrligiň we döwlet edaralarynyň wekillerinden ybarat Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň agzalary geňeşmelere gatnaşýarlar we täze meýilnamanyň gurluşyny we mazmununy ara alyp maslahatlaşýarlar. Geňeşmeleriň maksady hereketleriň täze milli meýilnamasynyň maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemekden ybaratdyr.
Täze meýilnama Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen milli ileri tutulýan ugurlaryň, şeýle-de öňki hereketleriň milli meýilnamasynyň bahalandyrmasyndan gelip çykýan esasy maslahatlaryň we gazanylan öňdebaryjy tejribäniň esasynda taýýarlanylýar.
“Bu hökümetiň çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmäge ygrarlylygynyň iň ýokary derejesini görkezýän Türkmenistanyň çaga hukuklary boýunça ikinji meýilnamasydyr we ol çagalar bilen baglanyşykly Durnukly ösüş maksatlary we “Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýadan” gelip çykýan borçnamalary boýunça pudagara we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňelder we çuňlaşdyrar” diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea aýdýar.
Soňky onýyllyklaryň dowamynda Türkmenistandaky çagalaryň abadançylygynyň üpjün edilmegini goldamak maksady bilen, ÝUNISEF hökümetiň birnäçe ministrlikleri we pudak edaralary, şeýle-de raýat jemgyýetiniň köp guramalary we jemgyýetçilik edaralary bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär, täze HMM-ny işläp düzmek we durmuşa geçirmek bolsa onuň ähli hyzmatdaşlarynyň tagallalaryny we goşantlaryny talap eder.
Habarlaşmak üçin salgylar
ÝUNISEF barada
ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.
ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.
ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.