Çagalary goramagyň halkara gününde Türkmenistanyň talyplary çaganyň irki ösüşiniň zerurlygyny ara alyp maslahatlaşdylar

01 Iýun 2018
tuk-1-June-2018-event
UNICEF Turkmenistan 2018

ÝUNISEF, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Bilim ministrligi tarapyndan Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli guralan çärede Türkmenistanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çaganyň irki ösüşiniň zerurlygy barada maslahat geçirdiler. Çekeleşikli maslahatyň dowamynda ýaşlar Türkmenistanyň Hökümetine, ene-atalaryna we jemgyýete çagalaryň sagdyn ösmegini, ýokary hilli bilim almagy, söýgi we alada bilen gurşalyp alynmagy üçin oňaýly şertleri döretmek arkaly olaryň irki ösüşini üpjün etmäge çagyryş bilen ýüzlendiler.

Çaganyň irki ösüşi boýunça köp ugurlardan deliller getirildi. Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplarynyň çykyşlary çaganyň kadaly ösmeginde saglyk ylgamynyň esasy orny eýeleýändigine esaslandy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary çaganyň irki ösüşi üçin irki bilimiň ähmiýeti barada gürrüň etdiler. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary durmuş taýdan gorag, kanuny we syýasy gurşawyň üpjün edilmegi we kiçi ýaşly çagalaryň ösüşini maliýeleşdirmek ýaly pudagara ulgamlaryň zerurlygyny nygtadylar. Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty innowasiýalaryň, habar beriş serişdeleriniň, aragatnaşygyň we tehnologiýanyň çaganyň irki ösüşini üpjün etmekdäki ähmiýetini delillendiriji maglumatlar bilen pikirlerini beýan etdiler. Çekeleşikli gürrüňdeşlik bir netije bilen jemlendi – ähli pudaklar çaganyň irki ösüşi üçin deň derejede wajyp. ÇIÖ üçin pudagara çemeleşme gerek, ÇIÖ maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ähli pudaklaryň bilelikde işlemegine bagly.      

ÝUNISEF-iň wekili Şahin Nilofer öz çykyşynda çagalary we degişli taraplary Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady, çagalary goramak işinde dürli edaralaryň ýakyndan hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi. Bu hyzmatdaşlygyň çagalar üçin durnukly ösüş gurşawynda gazanylýan üstünliklere gözegçilik etmäge we baha bermäge mümkinçilik berýändigini belledi.

Şahin Nilofer: “Biz bilelikde Türkmenistanyň çagalarynyň sagdyn bolmagyny, kadaly iýmitlenmegini we ösmegini, goralmagyny, şeýle-de mekdepde we durmuşda gowy ýetişigini üpjün etmekde täze üstünlikleri gazanyp bileris” diýdi.

Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan çärä gatnaşanlar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň we ÝUNISEF-iň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň çäklerinde geçen ýyl badalga berlen “Çaga ömrüniň ilkinji 1000 güni – onuň bagtly geljeginiň gözbaşydyr” atly ählumumy aragatnaşyk kampaniýasynyň birinji ýylynda gazanylan netijeleriň jemini jemlediler. Saglyk maglumatlar merkeziniň ýolbaşçysy kampaniýanyň ikinji ýylynyň esasy tapgyrlary bilen tanyşdyrdy.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Bilim ministrliginiň wekilleri öz çykyşlarynda çaganyň irki ösüşi boýunça gazanan üstünlikleri we geljekde mundan öňe gitmegiň ýollary barada bellediler. Ady agzalan ministrlikleriň orunbasarlary ýurtda ÇIÖ-niň mundan beýläk hem berkidilmegi ugrunda işleriň alnyp baryljakdygyny tassykladylar. Bu çärä Parlamentiň wekilleriniň orunbasarlary, ministrleriň orunbasarlary, daşary ýurt ilçileri, diplomatik korpusyň agzalary, ýokary okuw jaýlarynyň rektorlary, talyplar, habar beriş serişdeleri we ýerli hyzmatdaş edaralaryň hünärmenleri gatnaşdy.

Çäre çaganyň irki ösüşi barada çap edilen makala ýa-da ýaýlyma berlen tele-radiogepleşikler boýunça yglan edilen bäsleşige gatnaşan ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň arasynda ýeňijileri yglan etmek we sowgatlary gowşurmak bilen tamamlandy.

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.