Çagalaryň saglygy Türkmenistanda 2021-nji ýylyň Çagalary goramagyň halkara gününiň esasy meselesine öwrüldi

Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF-iň) wekili Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine bilelikde sapar etdiler

02 Iýun 2021
Children’s Health in the focus of 2021 International Day for Child Protection in Turkmenistan
Turkmenistan

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 2-nji iýuny - Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, doktor Nurmuhammet Amannepesow we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Kristina Weýgand bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde guralan dabaraly çärä gatnaşdy. Bu deňi-taýy bolmadyk ýokary derejedäki sapar ýurduň ýolbaşçylarynyň we ÝUNISEF-iň gatnaşmagynda çagalaryň saglygynyň we abadançylygynyň döwletiň milli gün tertibinde möhümdigini bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

Türkmenistanda şu ugurdaky ilkinji bölüm bolan çagalaryň ösüşi we irki dikeldiş bölümine barlyp görülmegi çaganyň ösüşindäki näsazlyklary we maýyplygy bolan çagalara we olaryň maşgalalaryna goldaw hyzmatlary babatda gönüden-göni maglumat almaga mümkinçilik berdi. Bölümiň wezipesi çaganyň ösüşindäki näsazlyklary, mümkin boldugyça, irki döwürde ýüze çykarmakdan we bejermekden, usulyýet kömegini bermekden hem-de ösüşinde kemislik bolan maşgala goldaw bermekden, dikeldiş mahalynda çagalaryň dürli oýunlara çekilmegine gözegçiligi ýola goýmak boýunça şahsy maksatnamany işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Sapardan soň geçirilen maslahatda Prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esasy ýörelgelere ygrarlydygyny nygtady. Bu dabaraly çärä Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň işgärleri, şeýle hem ugurdaş ministrlikleriň we Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

“Saglyga bolan hukuk Çaganyň hukuklary hakynda konwensiýada göz öňünde tutulan esasy hukuklaryň biridir. Çagalaryň saglygy we abadançylygy ÝUNISEF-iň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň esasy ugry bolup durýar. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap, 1994-nji ýyldan bäri, bu möhüm ugurda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen işleşýäris we sebitde Türkmenistany ep-esli derejede tapawutlandyrýan birnäçe üstünlikleri bellemek meniň üçin örän ýakymlydyr" – diýip BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Kristina Weýgand belledi. ÝUNISEF-iň wekili immunizasiýa, ene süýdi bilen iýmitlendirmek we çaga iýmiti, çaganyň irki ösüşi we irki dikeldiş ýaly ugurlarda gazanylan üstünliklere ünsi çekmek bilen, "ÝUNISEF Türkmenistanda her bir çaganyň abadan ýaşamaga we ösmäge mümkinçiliginiň bolmagyny üpjün etmek, şeýle hem hiç bir çaganyň ünssiz galdyrylmazlygy üçin ýurduň hökümetine goldaw bermäge taýýardyr"- diýdi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, şeýle Türkmenistanyň Bilim ministri degişli pudaklara goşulyşmagyň ileri tutulýan ugurlaryny hödürlediler. Çäräni jemlemek bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çagalaryň abadançylygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe täze başlangyçlary yglan etdi. Türkmen döwletiniň Baştutany bilelikdäki tagallalary we ÝUNISEF-iň topary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy üçin, ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň arasyndaky bäş ýyllyk Ýurt hyzmatdaşlygy maksatnamasynyň çäklerinde şu ýyl milli hyzmatdaşlar bilen gol çekilen on iki sany iş meýilnamasyna salgylanmak bilen, ÝUNISEF-iň wekiline minnetdarlyk bildirdi.

Soňra ÝUNISEF-iň wekili Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Türkmenistanyň Bilim ministri we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyny göterýän täze döredilen Çagalar üçin haýyr-sahawat gaznasynyň wekili we beýleki milli hyzmatdaşlar bilen Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan çagalara sowgatlary gowşurmak dabarasyna gatnaşdy we merkezdäki çagalary baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady.

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Seýtliýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355
Tel: +993 63 932346

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.