Çagalaryň durnuklylygyny gazanmak üçin heläkçilikleriň howpuny azaltmak boýunça inklýuziw bilim

13 Oktýabr 2017

Şu gün, tebigy heläkçilikleriň howpuny azaltmagyň halkara gününde, Bilim ministrligi ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda heläkçilikleriň howpuny azaltmak boýunça maýyplyk meselelerini nazara alýan milli okuw materiallarynyň bukjasyny hödürledi.

Tanyşdyrylyş dabarasy Aşgabat şäherindäki Dikeldiş okuw we bilim toplumynda geçdi. Toplumda ÝUNISEF-iň goldawy bilen heläkçilikleriň howpuny azaltmak boýunça inklýuziw çäreler girizilýär. Heläkçilikleriň howpuny azaltmak boýunça strategiýalary milli derejede ornaşdyrmagy tizleşdirmegiň üstünde işleýän ähli esasy hyzmatdaşlar bolan Bilim ministrligi, Milli bilim instituty, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Goranmak ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti, maýyplyk meseleleri bilen meşgullanýan “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy, BMG-nyň Ösüş maksatnamasy we habar beriş serişdeleri heläkçilikleriň howpuny azaltmak çäresine gatnaşdylar.

Maýyplygy bolan çagalary nazara alyp, mekdep meýilnamasy üçin taýýarlanan tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça okuw materiallary Türkmenistanyň şertlerine görä uýgunlaşdyryldy. Bu ýaşaýyş ähmiýetli serişdeler mekdep ýaşyndaky çagalara, şol sanda maýyplygy bolan çagalara tebigy betbagtçylyklara taýýarlykly bolmaga we jogap bermäge ýardam berer.

Biz Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup tebigy heläkçilikleriň howpuny azaltmagyň inklýuziw usullaryny bilim ulgamyna girizip başlan ýurduň Türkmenistandygyna buýsanýarys.

Bilim ministrliginiň wekili, tebigy heläkçilikleriň howpuny azaltmak boýunça utgaşdyryjysy Tamara Hojamedowa: “Ähli çagalary mümkinçilikler we durnuklylyk bilen üpjün etmek üçin, Bilim ministrligi tebigy heläkçilikleriň howpuny azaldyş maksatnamalarynyň ýurduň ähli ýerinde ornaşdyrylmagyny we ýaýbaňlandyrmagyny dowam etmelidir. Tebigy heläkçilikleriň howpuny azaltmak boýunça okuw gollanmalary diňe mekdebe çenli bilim derejesinde däl, eýsem ýurduň ähli başlangyç bilim edaralarynda hem ornaşdyrylar. Pudagara hyzmatdaşlyk, hyzmatdaşlarymyzyň irginsiz zähmeti we ÝUNISEF-iň tehniki goldawy bolmadyk bolsa, bilim ulgamynda netijeli üstünlikleri gazanmak mümkin bolmazdy” diýdi.

Çäräniň dowamynda Goranmak ministrliginiň we Milli Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň wekilleri tebigy heläkçilikleriň howpuny azaltmakda milli ulgamyň we jemgyýetiň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça ýerine ýetiren işleriniň netijeleri bilen tanyşdyrdylar. ÝUNISEF bütin dünýäde we ýurtda çagalar üçin howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň barha artýan ähmiýetini belledi. Çärä gatnaşyjylar tebigy heläkçilikleriň howpuny milli derejede azaltmak boýunça geljekki strategiki ugurlar barada garaýyşlaryny beýan etdiler. BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň we ÝUNISEF-iň tehniki goldawy bilen işlenip taýýarlanylan Tebigy heläkçilikleriň howpuny azaltmak boýunça milli strategiýasy Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan kabul edilen Sendai çarçuwasy boýunça hereketleri we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda Gün tertibini netijeli durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikdigi bellenilip geçildi.

Bilim ulgamynyň hünärmenleri we Dikeldiş okuw we bilim toplumynyň çagalary ýangyn we ýer titreme ýagdaýlarynda maýyplygy bolan çagalaryň jogap beriş başarnyklaryny görkezýän öýküniji türgenleşmäni geçdiler, bilim işgärleri bolsa çagalar üçin düşnükli we maýyplygyň inklýuziw usullary bilen çagalar bilen işlediler. ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Siraj Mahmudlu: “Biz adatça ÝUNISEF-iň we degişli taraplaryň öňünde maksatnamalaýyn goşulyşmalaryň çagalara, esasan hem ejiz çagalara oňaýly täsir ediş derejesi barada soragy goýýarys. Tebigy heläkçilikleriň howpuny azaltmak boýunça pudagara tagallalar we bilim ulgamynda alnyp barylýan dowamly işler arkaly ýurduň ähli çagalary, şol sanda maýyplygy bolan çagalar hem howpsuz ýaşaýyşda ýaşap, has durnukly mekdeplerde bilim alar” diýdi.  

Bu gün ÝUNISEF we hyzmatdaşlary, şol sanda maýyplygy bolan çagalar tebigy heläkçilikleriň howpuny azaltmak boýunça bütindünýä başlangyjyna goşuldylar we has inklýuziw we heläkçiliklere durnukly jemgyýetleri we ýurdy emele getirmäge bolan bilelikdäki hyjuwlaryny bir ýere jemlediler. Bu ýerde Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde adatdan daşary ýagdaýlaryň dowamynda we ondan soň gyzlaryň durnuklylygy barada görkezilen wideo ähli hyzmatdaşlarda täsir galdyrdy. Gatnaşyjylaryň aýtmagyna görä, tebigy heläkçilikleriň howpuny azaltmagyň halkara gününiň bellenilmegi, ähli gyzyklanýan taraplara, şol sanda jemgyýetçilik guramalaryna, BMG-nyň edaralaryna we habar beriş serişdelerine ähli pudaklarda tebigy heläkçilikleriň howpuny azaltmak boýunça öňdebaryjy tejribäni ýaýratmaga mümkinçilik berdi.

ÝUNISEF 2012-nji ýyldan bäri Ýewropanyň ynsanperwerlik kömegi we raýat goragy boýunça Baş müdirliginiň maliýe hemaýaty bilen tebigy heläkçilikleriň howpuny azaltmak maksatnamalaryna degişli meselelerde Türkmenistanyň Hökümetine goldaw berýär.

Habarlaşmak üçin salgylar

Mähriban Mullabaýewa
Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça hünärmen
ÝUNISEF Türkmenistan
Tel: +993 12 488355

ÝUNISEF barada

ÝUNISEF her bir işinde her bir çaganyň hukuklaryny we abadan ýaşaýşyny öňe sürýär. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde dünýäniň 190 ýurdunda we territoriýasynda borçlarymyzy durmuşa geçirmek ugrunda işleýäris. Munuň bilen baglylykda, biz has ejiz we ünsden düşürilen ilat toparlaryny nazara alyp, ähli ýerde çagalaryň bähbitlerini goraýarys.

ÝUNISEF we onuň işjeňligi barada has giňişleýin maglumat almak üçin www.unicef.org sahypasyna giriň.

ÝUNISEF-iň Twitter we Facebook hasabyna agza boluň.