Mekdepleriň arasyndaky “Kim meniň gahrymanym?” atly plakatlaryň çeper-döredijilik bäsleşigi

Barada

1. Bu nähili bäsleşik?

Bütindünýä saglyk gününe, şeýle hem Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda ÝUNISEF “Kim meniň gahrymanym?” atly çeper-döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Çeper-döredijilik bäsleşiginiň (mundan beýläk bäsleşik) maksady – çagalaryň gatnaşygyny we döredijilikli şöhlelendirmelerini görkezmek, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesiniň, şahsy arassaçylyk düzgünleriniň ähmiýeti we wezipesi, ýiti respirator kesellerinden goranmagyň we öňüni almagyň düzgünleriniň we maslahat berilýän çäreleriniň berjaý edilmegi baradaky maglumaty ýaýbaňlandyrmak we ýaýratmak.

Bäsleşik Aşgabat ş. we ähli welaýatlaryň orta mekdepleriniň, mekdep-internatlarynyň, şol sanda maýyplygy bolan çagalar üçin saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň arasynda yglan ediler.

2. Bäsleşige nädip gatnaşmaly?

Bäsleşige gatnaşmak üçin her mekdepden 2-4 çagadan ybarat topar aşakdaky sowallara jogap berip, baş gahrymany oýlap tapmaly we onuň suratyny çekmeli:

  • Gahrymanymyň daş keşbi nähili?
  • Näme üçin men ony hut şeýle şekillendirmeli diýen karara geldim?
  • Gahrymanym nädip sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrýar?

Ýokarda görkezilen sowallara jogap berip, öz gahrymanyňyzy oýlap tapyň we onuň suratyny çekiň, mysal üçin, şol sanda, toslanan gahrymanlar, durmuşyňyzdaky janlanan predmetler, ertekileriň gahrymanlary häzirki zaman görüşde, hyýallaryňyzdaky gahrymanlar ...

Plakat bilen bir hatarda ýokarda görkezilen sowallara jogap berip, plakatyň gysgaça beýanyny (sözbaşy) ýazmaly (takmynan 30 söz): näme üçin gahrymanyňyzy hut şeýle görýärsiňiz ýa-da göz öňüne getirýärsiňiz?, biziň ähli işiňize düşünip we bahalandyryp bilerimiz ýaly siz ony nädip şekillendirdiňiz?

Gatnaşyjylaryň anyk sany mekdep tarapyndan kesgitleniler, ýagny her toparda 2-4 gatnaşyjy bolup biler.

Her mekdep 1 plakat berip biler.

Plakatlaryň berilmegine bildirilýän talaplar we saýlamagyň ölçegleri:

  • A2 ölçegdäki plakat (plakat)
  • Plakatyň sözbaşysy, takmynan 30 söz (umumy beýan bilen)
  • Habarlaşmak üçin gatnaşyjylaryň ähli maglumatlary (ady, synpy, mekdebi, etraby/şäheri/welaýaty, telefon belgisi) plakatyň arka ýüzünde görkezilmelidir

Işlere aşakdaky aýratynlyklary boýunça bahalandyrylar:

  • Döredijilik
  • Täzeçillik
  • Ähmiýetlilik
  • Ýerine ýetiriliş

3. Bize işiňizi nädip ýollamaly?

Plakaty ÝUNISEF-iň Wekilhanasyna (Aşgabat ş. BMG-niň binasy, Arçabil köçesi 21, tel.: (993-12) 488352/55/57/58) ÝUNISEF-iň “Kim meniň gahrymanym?” bäsleşigi diýen bellik bilen Maýagözel Nedirowanyň adyna, sözbaşy we habarlaşmak üçin maglumatlar (adyňyzy, ýaşyňyzy, mekdebiňizi, ýaşaýan ýeriňizi we telefon belgiňizi görkeziň) bilen ibermelidir.

Howlugyň! Hemme işler 2022-nji ýylyň 25-nji apreline çenli iberilmelidir.

4. Nädip ýeňijiler kesgitleniler we baýraklar paýlanylar?

Siziň ähli işleriňiz alnandan soňra olar ÝUNISEF bilen Bilim ministrliginiň topary tarapyndan üns bilen öwreniler, seljeriler, bahalandyrylar we ýeňijiler ölçeglere berk eýerilip kesgitleniler.

Baş baýraklar ýeňiş gazanan toparyň okaýan mekdeplerine geljekki wagyz-nesihat işlerinde ulanmak üçin gowşurylar.

Baş baýraklaryň 7 sany toplumy bar (her welaýatdan 1 mekdep we Aşgabat ş. 2 mekdep).

7 mekdebiň her biri üçin baş baýragyň toplumyna näme girýär?

- Ykjam ses toplumy (uly çärelerde sazly ýerine ýetiriliş üçin mikrofonly dinamikalar)

- Noutbuk

5. Sylaglama dabarasy nähli geçiriler?

Gatnaşyp, ýeňiş gazanan toparlara baş baýraklar beriler, olar 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara gününde dabaraly ýagdaýda gowşurylar! Ýeňijiler kesgitleniler we ÝUNISEF-iň resmi web-saýtynda https://www.unicef.org/turkmenistan/, şeýle hem ÝUNISEF-iň sosial torlarynda yglan ediler.

Saýlanylan iň gowy işler çarçuwalara ýerleşdiriler we BMG-niň binasynda gelýänler üçin sergi gurnalar.


"Faýly indiriň" düwmesine basyp, bäsleşigiň flaýeryny ýükläp bilersiňiz.